|

Namysjaň adam / hekaýa

Namysjaň adam / hekaýa NAMYSJAŇ ADAM

Namysjaň adam / hekaýa

Bu­ wa­ka­ tä­jir­ Si­ne­ry­lowyň­ to­ýun­da­ bol­dy.­
Öý­len­ýän­ ýi­gi­diň­ sa­hy­by —­ mö­le­ göz­li,­ sa­çy­ sy­ry­lan, gasyn­la­ry­ sal­la­ny­şyp­ du­ran frak­ly,­ şil­liň­ Ne­do­re­zow zenan­la­ryň­ ara­syn­da­ du­rup akyl satýardy:
—­ Ze­nan­la­ryň­ ýa­ra­şy­gy gö­zel­lik­dir,­ er­kek­ ki­şi­den eşek ürk­me­se­ bo­lar.­ Er­kegi­ be­ze­ýän­ akyl,­ bi­lim­dir,­ onuň­ üçin gö­zel­lik­ beý­huda­ zat.­ Sen­ on­ es­se­ owa­dan,­ gör­me­geý­ bolaý,­ eger­ bi­limiň, ­aky­lyň­ bol­ma­sa,­ ba­haň ga­ra­ şa­ýy­ça bolmaz.­ Ha­wa…­ gör­me­geý­ er­kek­le­ri­ ha­lama­ýa­ryn.­ Aý, owar­ram­ bolsun­lar­-la!
—­ Siz­ mu­ny­ özü­ňiz­ görme­geý­ bol­ma­ňyz­soň­ aýdaý­ýa­ňyz.­ Ol­ ýe­re­ se­re­diň!­ Bir­ er­kek­ ki­şi­ otyr we­lin,­ gör­me­geý­ di­ýip­ şo­ňa­ aý­daý­saň!­ Göz­leri­niň­ özi­ nä­mä­ deg­me­ýär.­ Aja­ýyp!­ Kim­kä­ ol?
Ne­do­re­zow­ goň­şy­ ota­ga­ se­re­dip,­ ýig­renç bi­len­ seň­ri­gi­ni­ ýy­gyr­dy.­ Ol­ ýer­de­ ga­ra­ göz­li,­ ga­ra­ saç­ly,­ gör­me­geý­ ýi­git­ kür­sü­de­ gaý­şa­rylyp­ otyr­dy.­Ol­ aýa­gy­ny­ aýa­gy­nyň­ üs­tü­ne­ atyp,­ bar­ma­gyn­da­ zyn­jyr­jyk­ pyr­lap,­ hon­dan­bär­silik­ bi­len­ myh­man­la­ry­ syn­lap­ otu­ry­şy­na,­ dodak­la­ryn­da­ ýaň­sy­ly­ ýyl­gy­ryş­ oý­nak­la­ýar­dy.
—­ Üýt­ge­şik­ za­dy­ ýok­la!­ —­ di­ýip,­ sa­hyp aýt­dy.­—­Aý,­ ýö­ne­ bol­ýa­da…­ hat­da­ oňa­ bedroý­ diý­se­ňem­ bol­jak.­ Ýü­zem­ bir­hi­li­ sam­syklaç…­ Boý­nun­da­ky­ ke­kir­dek­ ýum­ru­sy­ bol­sa,­ iki ar­çyn­dan­ az­ däl.
—­ Nä­me­ diý­se­ňem­ ýa­kym­ly­ja­-la!
—­ Si­ziň­ üçin­ owa­dan­ bol­sa­-da,­me­niň­ üçin-ä­ beý­le­ däl.­ Eger­ owa­dan­ bo­la­ýan­da­-da,­ samsyk­dyr,­ kör­so­wat­dyr.­ Ýog­sa­da,­ ol­ kim­kä?
—­ Bil­me­dik…­ Ýö­ne­ tä­jir­ler­den­-ä­ däl­ bol­sa ge­rek…
—­Hüm­m…­ Je­del­ et­mä­ge­-de­ ta­ýyn,­ ol­ haky­ky­ sam­syk­ bol­ma­ly…­ Aýak­la­ry­ny­ yra­laý­şy­ny­ gör­ýä­ňiz­mi…­ gör­seň­ myr­ry­hyň­ tut­ýar!­ Hä­zir­ onuň­ haý­sy­ ba­gyň­ guş­ja­ga­zy­dy­gy­ny­ bile­ris,­ aky­ly­nam­ sy­nap­ gö­re­ris.­ Hä­zir…
­Ne­do­re­zow­ üs­gü­rin­ji­re­di­de,­ beý­le­ki­ otaga­ ba­tyr­gaý­ ga­dam­ur­dy.­ Ol­ ga­ra­ saç­ly­ ýi­gi­diň öňü­ne­ ge­çip,­ ýe­ne­ bir­ ýo­la­ üs­gü­rin­di­-de,­ sö­ze baş­la­dy:
—­ Ýag­daý­la­ry­ňyz­ go­wu­my?
Ga­ra­ saç­ly­ ýi­git­ oňa­ se­ret­di­-de,­ ulum­sy­lyk
bi­len­ gü­lüm­si­räp:
—­ Ýu­waş­-ýu­waş,­ bol­jak­ —­ di­ýip,­ gö­wün­siz jo­gap­ ber­di.
—­Nä­müçin­ ýu­waş­-ýu­waş?­ Si­ze­ öňe­ gitmek­ ge­rek.
—­Nä­mü­çin­ öňe­ git­me­li?­
—­ Şeý­le­-dä.­ Hem­me­ zat­ öňe­ gid­ýär.­ Ine,­ alyp­ gör­sek­ elekt­rik­ler,­ te­leg­raf­lar,­ te­le­fon­lar,­ ga­ra­saý,­ äh­li­ zat­ öňe­ bar­ýar. Ha­wa!­ «Prog­res»­ diý­le­ni­ alyp­ gör­sek…­ bu­ söz­ nä­mä­ni­ aň­lad­ýar?­
Ol­ hem­me­za­dyň­ öňe­ git­me­li­di­gi­ni­ aň­lad­ýar.­ Şo­nuň­ üçi­nem­ si­zem­ öňe­ git­me­li…
—­ On­soň­ men­ ni­rä­ git­me­li?­ —­ di­ýip,­ ga­ragö­ze­lek­ ýi­git­ ýaň­sy­ly­ gü­lüm­si­re­di.
—­ Gi­de­re­ ýer­ gyt­my­ nä­me?­ Is­le­giň­ bol­sa,­ýer­ kän.­ Ine,­ iň­ bol­man­da,­ gar­ba­nyş­ha­na­ gidä­ýe­liň.­ Il­kin­ji­ ta­nyş­ly­gy­my­zyň­ ha­ty­ra­sy­na şer­bet­jik­ jyň­kyt­sak,­ nä­hi­li­ gör­ýä­ňiz,­ hä?­
—­ Baş­ üs­tü­ne —­ Ga­ra­ göz­li­ ýi­gi t­yla­laş­dy…
Olar­ gar­ba­nyş­ha­na­ ýö­nel­di­ler.­ Sa­çy­ sy­rylan,­ frak­ly,­ kir­li­ bo­ýun­bag­ly­ ofi­siant­ iki­ sa­ny bul­gu­ra­ şer­bet­ guý­dy.­ Sa­hyp­ bi­len­ nä­ta­nyş­ ýigit­ iç­di.
—­Oňat­ şer­bet­ —­ di­ýip,­sa­hyp­ aýt­dy­ — ýöne­ teý­li­je­ zat­la­ram­ ýok­ däl…­Ge­liň,­ il­kin­ji­ tanyş­ly­gy­my­zyň­ ha­ty­ra­sy­na­ bir­ bul­gur­ gy­zy­lyny­da­ içe­liň.
Gy­zyl­ şer­bet­de­nem­ her­si­ bir­bul­gur­ jyň­kytdy.
—­ Şin­di­ iki­mi­ziň­ ta­nyş­ly­gy­myz­ üçin­ iç­dik diý­se­gem­ bol­jak­ —­ di­ýip,­ sa­hyp­ do­dak­la­ry­ny sü­pü­riş­di­rip­ dil­len­di…­
—­ «Şin­di»­ däl,­ «in­di…­—­ Ga­ra­ saç­ly­ ýi­git dü­ze­diş­ber­di.­ —­Idi­li­ gep­lä­bem­ bi­leň­zok­ welin,­ te­le­fon­ ba­ra­da­ akyl­ sa­tan­ bol­ýa­ňyz.­ Men si­ziň­ ýa­ly­ kör­so­wat­ adam­ bol­sam,­ por­sap otur­maz­dym­da,­ dy­mar­dym…­Şin­di…­şin­di…­ Ha­ha­ha!
—­ Nä­mä­ gül­ýä­ňiz?­ —­ Sa­hyp­ öý­ke­le­di.­ —­ Men­ «şin­di»­ di­ýip,­ gül­mek üçin­ aýt­dym­a,­ degiş­me­ bi…­ di­şi­ňi­ syr­tart­mak­ nä­mä­ ge­rek!­ Bu gyz­la­ra­ hoş­ ýak­ýa­nam­ bol­sa,­ma­ňa­ ýa­ra­nok…­
Siz­ kim­ bo­lar­sy­ňyz?­ Kä­ri­ňiz­ nä­me?
—­ Si­ziň­ işi­ňiz­ däl…­
—­ De­re­jä­ňiz?­ Ady­ňyz­ nä­me?
—­ Si­ziň­ işi­ňiz­ däl…­ Men­ her­ bir­ öňüm­den çy­ka­na­ öz­ de­re­jä­mi­ dü­şün­di­rip­ otu­rar­ ýa­ly ten­tek­ däl…­ Men­ ga­ty­ na­mys­jaň­ adam,­ çenden­ çyk­sa­ňyz,­ge­çi­rim­lik­ edip­ dur­man…
—­ Gör,­ siz­ nä­hi­li­ adam­ eke­ni­ňiz…­ Hüm­m…­ Diý­mek,­ ady­ňy­zy­ aýt­mak­çy­ däl­dä?
—­ Aýt­jak­ däl…­men­ her­ öň­ýe­ten­ ma­ha­wa ady­my­ aý­dyp,­ özümi­ ta­nat­jak­ bol­sam,­ baş­ga işem­ ge­rek­ däl.­ Men­ şeý­le­ bir­ na­mys­jaň­ adam we­lin,­si­zi­ hol­ hyz­mat­kär­ bi­len­ des­deň­ görýän…­ Haý,­na­dan­lar!
—­ Gör,­ siz­ nä­hi­li­ adam­ eke­ni­ňiz…­ Hä­zir­ siziň­ haý­sy­ ba­gyň­ gu­şu­dy­gy­ňy­zy­ bi­le­ris.
­Sa­hyp­ tum­şu­gy­ny­ ýo­ka­ry­ tu­tup,­ge­lin­li­giniň­ ýa­nyn­da­ gy­zyl­ leň­ňe­jiň­ki­ ýa­ly­ göz­le­ri­ni gyr­pyl­da­dyp­ otu­ran­ öý­len­ýän­ ýi­gi­diň­ ýa­ny­na ýö­nel­di.
—­ Ni­ki­şa!­—­Sa­hyp­ ga­ra­ göz­li­ ýi­gi­de­ üm­läp,­ öý­len­ýän­ ýi­git­den­ so­ra­dy.­—­ Hol­ ýi­gi­diň­ ady nä­me?­
Öý­len­ýän­ ýi­git­ ba­şy­ny­ ýaý­kap:
—­ Bi­le­mok­ —­ di­ýip­ jo­gap­ ber­di.­—­ Ol­ meniň­ tan­şym­ däl.­ Ka­kam­ ça­gy­ran­ bo­laý­ma­sa.­ Ony­ ka­kam­dan­ so­ra.
—­Wah,­ ka­kaň­ lül­gam­mar­ bo­lup,­ öz­ otagyn­da­ edil­ wag­şy­ haý­wan­ ýa­ly­ hor­ çe­kip­ ýatyr.­ Si­zem­ ony­ ta­naň­zok­my?­ —­ di­ýip,­ sa­hyp ge­lin­den­ so­ra­dy.
Ge­lin­ ga­ra­ saç­ly­ ýi­gi­di­ ta­na­ma­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.­ Sa­hyp­ egin­le­ri­ni­ gy­syp,­ myh­man­lar­dan so­raş­dy­ryp­ baş­la­dy.­ Myh­man­lar­ ol­ ýi­gi­di­ birin­ji­ ge­zek­ gör­ýän­dik­le­ri­ni­ aýt­dy­lar.
—­ Diý­mek, jüw­lük bol­ma­ly.­ —­ Sa­hyp şeý­le ne­ti­jä gel­di.­ —­ Ça­ky­lyk­syz bä­rik gi­rip­dir­de, edil ta­nyş­la­ry­nyň­ky­da­ ýa­ly gaý­şa­ryp otyr.­Ýe­ri, bol­ýa! Biz onuň gö­zü­ne gör­ke­ze­ris «şin­di­ni!»
Sa­hyp­ga­ra­saç­ly­ ýi­gi­diň­ ýa­ny­na­bar­dy­da,­
eli­ni­ by­ky­ny­na­ urup —­ Si­ziň­ ça­ky­ly­gy­ňyz­ bar­my?­ Ony­ gör­mä­ge rug­sat­ ediň­ —­ di­ýip­ so­ra­dy.
—­ Men­ ga­ty­ na­mys­jaň­ adam,­ şoň­ üçi­nem her­ öň­ýe­te­ne­ öz­ ça­ky­ly­gy­my­ gör­kez­men.­ Üs­tüme­ aba­nyp­ dur­maň­da,­ ug­raň­ şu­ ýer­den…
—­ Diý­mek,­ ça­ky­ly­gy­ňyz­ ýok­da?­ Diý­mek,­ siz­ kez­zap­ bol­ma­ly.­ In­di­ bi­ze­ si­ziň­ kä­ri­ňiz­ bel­li bol­dy.­ In­di­ si­ziň­ kim­di­gi­ňi­zi­ oňat­ bil­ýäs,­ siz­ baryp­ ýa­tan­ ýa­lan­çy.
—­ Eger bu­ söz­le­ri­ ma­ňa­ akyl­ly­-baş­ly­ adam aý­dan­ bol­sa,­ onuň­ tum­şu­gy­ny­ ow­ra­dar­dym,­ ýö­ne­ si­ziň­ ýa­ly­ ak­mak­dan­ ga­ty­ gö­rüp­ otu­ra­sy iş­ ýok.
Sa­hyp­ beý­le­ki­ otag­la­ra­ aý­lan­dy­-da,­ ül­pet­leri­niň­ bäş­-al­ty­ sa­ny­sy­ny­ ýa­ny­na­ alyp,­ ga­ra­ saç­ly ýi­gi­diň­ ýa­ny­na­ bar­dy.
—­ Mer­he­met­li­ hö­küm­dar,­ si­ziň­ ça­ky­ly­gy­ňyzy­ gör­mä­ge­ rug­sat­ ediň!
—­ Gör­kez­jek­ däl.­Ga­ha­rym­ gel­män­kä­ me­ni gü­nü­me­ go­ýuň…
—­ Diý­mek, ça­ky­ly­gy­ňy­zy gör­kez­mek isle­me­ýän bol­sa­ňyz, siz ça­ky­lyk­syz gi­ren bolma­ly. Siz ba­ryp­ ýa­tan­ kez­zap.­Hä­zi­riň özün­de bär­den­ ga­ra­ňy­zy saý­laň!­ Ýog­sa si­zi bas­gançak­dan…
­Sa­hyp­ we­ onuň­ dost­la­ry­ ga­ra­ saç­ly­ ýi­gi­diň elin­den­ tu­tup,­ gi­rel­gä­ ta­rap­ süý­räp­ ug­ra­dy­lar.­
Myh­man­lar­ goh­laş­ýar­dy.­ Ga­ra­ saç­ly­ ýi­git­ bolsa­ özü­niň­ hor­mat­ly­ adam­dy­gyny,­ ola­ryň­ bol­sa na­dan­dy­gy­ny­ aý­dyp­ gy­gyr­ýar­dy.
—­ Mer­he­met­ ediň,­gör­me­geý­ ýi­git!­ —­ di­ýip,­ sa­hyp­ ony­ ga­pa­ ide­nek­le­dip­ bar­şy­na­ buý­sançly­ sam­ra­ýar­dy.­ —­ Biz­ siz­ ýa­ly­ gör­me­geý­je­ ýigit­le­ri­ oňat­ ta­na­ýa­rys!
­ Ýi­gi­di­ ga­pyň­ ag­zy­na­ el­tip,­ pal­to­sy­ny­ geýdi­rip,­kel­le­si­ne­ tel­pe­gi­ni­ çüm­rüp,­ar­ka­syn­dan itek­läp­ goý­ber­di­ler.­ Sa­hyp­ ki­kir­-ki­kir­ edip,­ýüzük­li­ ýum­ru­gy­ bi­len­ onuň­ ýeň­se­si­ne­ ka­kyp goý­ber­di­de:
—­Hoş­ ga­lyň!­ Soň­ baş­ eger­si­ňiz!­ —­ di­ýip,­şady­ýan­ gy­gyr­dy.
Ga­ra­ saç­ly­ ýi­git­ ýe­rin­den­ ga­lyp,­ pal­to­sy­ny ka­kyş­dyr­dy­-da,­ ba­şy­ny­ dik­ tu­tup,­ şeý­le­ diý­di:
—­ Ak­mak­lar­ ak­mak­ adam­lar­ýa­lam­ he­re­ket ed­ýär.­ Men­ na­mys­jaň­ adam,­ şonuň­ üçi­nem­ siziň­ öňü­ňiz­de­ ki­çe­lip­ dur­man.­ Goý,­ me­niň­ kimdi­gi­mi­ paý­tun­çym­ aýt­syn.­Ha­ny,­ bä­rik­gel,­ Grigo­riý!­ —­ di­ýip,­ol­ kö­çä­ ba­kan­ gy­gyr­dy.
Myh­man­lar­ aşak­ düş­dü­ler.­ Bir­ mi­nut­dan how­la­ paý­tun­çy­ gir­di.
—­ Gri­go­riý!­ —­ di­ýip,­myh­man­ oňa­ ýüz­len­di.­ —­Men­ kim?
—­Ho­ja­ýyn,­ siz­ Se­men­ Pan­te­leýiç…
—­Me­niň­ de­re­jäm­ he­mem­ iş­le­ýän­ ýe­rim?
—­Siz­ öz­ de­re­jä­ňi­ze­ yl­my­ňyz­ bi­li­mi­ňiz­ bi­len ýet­di­ňiz…
—­ Men­ ni­re­de­ iş­le­ýän­ he­mem­ gul­luk­ borjum­ nä­me?
—­ Siz­ tä­jir­ Pod­şe­ki­niň­ fab­ri­gin­de­ me­ha­nik bo­lup­ iş­le­ýär­si­ňiz,­ aý­ly­gy­ňy­zam­ üç­ müň…
—­ In­di­ bil­di­ňiz­mi?­ Ine­de,­ me­niň­ ça­ky­lygym!­ Me­ni­ bä­rik­ öý­len­ýän­ ýi­gi­diň­ ka­ka­sy,­ serhoş­ bo­lup­ ýa­tan­ tä­jir­ Si­ne­ry­low­ ça­gyr­dy…
—­ Aý,­ ga­dyr­da­nym,­ mäh­ri­ba­nym!­ —­ Sa­hyp gy­gyr­dy.­ —­ Nä­me­ üçin­ mu­ny­ öň­ aýt­ma­dy­ňyz?
—­ Men­ na­mys­jaň­ adam…­ Özü­me­ göw­nüm ýet­ýär…­ Hoş­ga­lyň!­ —­ di­ýip,­ ga­ra­gö­ze­lek­ ýi­git ga­pa­ ta­rap­ ýö­nel­di.
—­ Ýok,­ mu­ny­ňyz­ bol­maz,­ aýak­çe­kiň…­ Ga­hary­ňyz­ gel­me­sin,­ Se­men­ Pan­te­leiç,­ bu­ gü­nä­ bolar.­ In­di­ si­ziň­ nä­hi­li­ adam­dy­gy­ňy­zy­ bil­dik…­ Ýörüň,­ si­ziň­ so­wa­dy­ňyz,­ pi­kir­le­ri­ňiz­ üçin­ içe­liň…­
­ Na­mys­jaň­ adam­ ga­şy­ny­ çy­typ,­ bas­gan­çakdan­ ýo­ka­ryk­ ga­lyp­ ug­ra­dy.­ Iki­ mi­nut­dan­ ol­ eýýäm­ bu­fet­de­ du­rup,­ şer­bet­ süz­ýär­di.
—­ Na­my­syň­ bol­ma­sa,­ bu­ ýag­ty­ ýa­lan­çy­da ýa­şap­ bol­maz­ —­ di­ýip,­ ol­ akyl­ sat­ýar­dy.­ —­ Hiç ha­çan­ hiç­ ki­me­ eg­li­şik­ et­me­rin!­ Men­ öz­ ba­hamy­ bil­ýän­di­rin.­ Aý,­ siz­ —­ na­dan­lar,­ mu­ňa­ düşü­nip­ du­ra­sy­ňyz­ ýok­-la!

Anton ÇEHOW.

Terjime eden Hemra HUDAÝGULY. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle