|

Nälerkerde / ajy hekaýat

Nälerkerde / ajy hekaýat NÄLETKERDE

Nälerkerde / ajy hekaýat

— Salawmäleýkim, Dursun eje, hal-ýagdaýyň oňatmy? Sümegiñi süýräp ýörmüň?
— Hudaya şükür, ganymatdyryn.
— Kakabaýam gurgunmy? Ol-a indi zybyk jahyldyr. Senem ekläp, saklap, maňlaýyňdan direýändir?
— Kakabaýam zybyk jahylmy ýa-da biderek çybykmy, bilýän däldirin. Ýeke dikrarym diýip guwanardym. Emma ähli guwanjym puç boldy. Maňlaýymdan direme nirede, zat nirede. Ol hiç yerde işlemän, «Ýatana berseň maña ber» diýip, söteň-söteň syryp ýör. Onuň üstesine-de agzy ýaman otda. Girre diýýämi, kürre diýýämi, bir bela-ha uçrapdyr. Işi-pişesi göreni çürkäp, ogurlyk edip ýörmek.
— Maşgalasy barmy?
— Wah, bar-la. Geçen ýyl üzümiň suwy ýaly gyza öylendirdim. Gelin hözirini görüp, agtyklaryma guwanjakdym. Arman, ähli arzuwlarym puja çykyp, gury hyýal boldy. Ol gelin hem bu ýagdaýa çydaman, goş-golamyny göterip gitdi.
— Şeý diýsene, ol-a bolmandyr. Men-ä Kakabaý seniñ maňlaýyňdan diräp, arkaña ýel çaldyrandyr öýdüp begenip ýördüm.
— Aý, begenere zat ýokdur, Sähet jan. Ol käwagt öýe gelse-de, azar baryny berýär. Gözi pensiýa pulumda. «Mamaş, dawaý gaşansana» diýip, agzyny köpürjikledip, pyçagy böwrüme direýär-de: «Pahmellik pul tap. Ýogsa-da işiñ pyrryk» diýýär. Menem: «Руçagyňy aýyr, il görse näme diýer» diýsem: «Gepiňi köpeltme-de, maña bir çüýşe arak bilen bir gap çilimiň puluny tapyp ber. Ýogsa-da gitdiň» diýip, köçede masgara bolup, haýbat atyp durka, bir dayaw yigit Kakabaýyň goluna bat bilen kakdy welin, onuň elindäki pyçak gapdala zyňlyp gitdi.
Dursun eje bu bolşa gynanjagyny-da, begenjegini-de bilmän, doňup galdy. Polisiýa işgäri gaharlanyp:
— Haý, haramzada, garry eneňe pyçak çenemäge utanaňokmy? Ol seniň käbäň ahyry. Beýdip ýaşanyňdan-a öleniňem gowudyr. Senem il ýaly zähmet çekip, halal gazanç edip eklen. Hany, öňüme düş. Garry ene, sen rahatlan, hemmesi düzeler — diýip, ol Kakabaýy öňüne salyp alyp gitdi.
Dursun eje gyňajynyň ujuna gözüni süpürip: «Jähenneme git, näletkerde. Seni beren ak süýdüm tutsun…» diýesi geldi, emma öz bagryndan önene beýle gargyş edip bilmän, gözüni ýaşlady. Ene-dä, nätsin…

Meretdurdy TEMMIMOW. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle