Nak­gaş (He­ka­ýa)

Nak­gaş (He­ka­ýa)

Rabindranat Tagor,
hindi ýazyjysy

Maýmansing mekdebini tamamlandygy baradaky diplomy eline alansoň, Gowind Kalkutta işe gaýtdy. Onuň dul galan ejesi ýol üçin aňry-bäri salyşdyrypdy, ýöne onuň esasy baýlygy tutanýerli häsiýetidi. Ol: «Her zat etmeli welin, baýamaly» diýen netijä gelip, munuň üçin tutuş ömrüni bermäge taýyndy. Ol şöhrat barada oýlananokdy, durmuşda ýeke-täk arzuwy — her bazar elden-ele geçip, günsaýy ýalpyldaýan, Kuberanyň ( Kubera — hindi mifologiýasynda hazyna goragçysy, baýlygyň hudaýy hasaplanýar.) nusgasy hasaplanýan hem-de adamlary rahatlykdan aýryp, kümşe, altyna, soňra bolsa gymmat bahaly kagyzlara öwrülýän garalyp giden hapa şaýylardy.

Gowind pul akymynyň kenaryna baryp ýetýänçä gaty kän aýlawly, çarkandakly ýollary aşdy. Ol şeýle ýeri Makdugaldaky (bärdäkiler ony Makdulal diýip atlandyrýar) jut kärhanasyndan tapdy.

Gowindiň doganoglany aklawçy Mukundo amanadyny tabşyranda, onuň yzynda aýaly, dört ýaşly ogly, Kalkuttadaky öýi hemem biraz puly galypdy. Bu zatlardan başga ol bergisinem goýupdy, sebäbi maşgala zordan güzeranyny aýlaýardy. Şeýle-de bolsa, goňşularynyň gözüne Mukundonyň ogly Çunilal elpe-şelpelikden boýun gaçyranokdy.

Mukundonyň wesýetnamasyna görä, bu maşgalanyň bar agramy Gowindiň gerdenine düşdi. Şonuň üçinem ilkinji günden başlap, ol inisiniň aňyna durmuşda iň esasy zadyň puldugyny guýup ugrady.

Bu meselede Gowindiň esasy garşydaşy oglanjygyň dul galan ejesi Şottobotidi. Ol mese-mälim garşylyg-a görkezenokdy, ýöne özüni alyp barşynda muňa düýpgöter närazylyk bardy. Ol kiçiliginden nakgaşlyk bilen meşgullanardy. Eline näme düşse, tapawudy ýok — gül ýa miwe bolsun, mata bölegi ýa kagyz bolsun, toýun ýa hamyr bolsun, gülýapragy ýa-da ýöne ýaprak bolsun — olardan haýran galmaly bir zatlar ýasardy. Ol bu iş sebäpli gaty kän kösendi, sebäbi bular ýaly zatlary adamlaryň aglabasy — güýz aýynyň artykmaç sil suwy dek — gerekmejek güýmenje hasaplardy. Şonuň üçinem Şottoboti otagyny içinden gurardy-da, gowy görýän işine gümra bolup, hatda garyndaşlarynyň çakylygynam unudardy. Şo sebäpli olar ondan öýkeläp, ony ulumsy hasaplardylar.

Mukundo bular ýaly zatlaryň hakyky sungat eseri bilen bir hatarda durýandygyny eşidip, bu zatlara uly hormat bilen garardy. Aýalynyň ullakan bir zatlar döredip biljeginiň pikirini etmese-de, özüni onuň ýanynda gaty sypaýy alyp barardy. Onuň bu işe gaty kän wagt sarp edýänini görýänem bolsa, bu zatlara gahar etmezdi, diňe ýylgyryp oňaýýardy hemem aýalynyň işi barada kimdir biri bolgusyz bir zatlar aýtjak bolaýsa, gaýduwsyzlyk bilen jylawyndan çekerdi.

Mukundonyň özboluşly geň häsiýeti bardy, ol gowy aklawçy bolsa-da, örän ýaramaz hojalykçydy. Öýe ep-esli girdeji girýänem bolsa, gelşi ýaly çykyp giderdi. Bu ýagdaý Mukundony o diýen gaýga batyrmazdy, gaýta pulundan halas bolup, birnäçe aladadan dynardy. Ol sabyr-kanagatly adamdy, hiç wagt özüne aýratyn üns bermezdi hemem öz pikirini kimdir birine ynandyrjak bolup durmazdy. Ýöne gep Şottoboti barada barýan bolsa, ol diňe bir öýdäkileriň etmekçi bolýan gybatynyň öňüni alman, eýsem, işden soň reňk, her dürli ýüpek mata ýa-da dürli galam satyn almak üçin bazara az sowulmandy. Öýüne gelenden soň, ol satyn alan zatlaryny aýalyndan gizlinlikde ýatyş otagyndaky sandygynda ýygnardy. Köplenç, Şottobotiniň haýsydyr bir işini eline alyp, göwnüni götermek maksady bilen: «Bu haýran galmaly zat ahyryn!» diýip, ony magtardy. Bir gezek bolsa haýsydyr bir adamyň suratyny başaşaklygyna saklap, onuň aýaklaryna guşuň kellesidir öýdüp, şeýle diýdi: «Şoti, muny hökman aýap sakla, bu guş örän gowy çekilipdir!».

Şottoboti adamsynyň sadalyk bilen berýän bahalaryny onuň özi ýaly sadalyk bilen kabul ederdi. Ol hiç bir bengal maşgalasynda şunuň ýaly özüne düşünýän adama duşmajagyny gaty gowy bilýärdi. Şonuň üçinem, haçan-da, adamsy eden işini jan edip öwen çagy, ol tolgunmakdan ýaňa gözýaşlaryny zordan saklardy.

Ýöne günleriň birinde Şottoboti bagtyndan jyda düşmeli boldy. Amanadyny tabşyrmazdan ozal adamsy oňa bergisiniň kändigini, şonuň üçinem hojalygy diňe deşilen gämini derýadan geçirip biljek işeňňir adama ynanyp boljakdygyny aýtdy. Ine, şeýdibem Şottoboti öz ogly bilen Gowindiň, ýagny durmuşda iň esasy zadyň puldugyna ynanýan adamyň golastynda galmaly boldy. Ol bolsa haýasyzlyk bilen şeýlebir öwüt-ündewler ederdi welin, Şottobotiniň utanjyndan ýaňa ýüzi gyzaryp giderdi.

Açgözlük ruhy maşgala durmuşynyň gerdenine gün-günden ornaşýardy. Aýratyn gynandyrýan zat bolsa — bu barada juda açyk gürrüň edilerdi. Ýöne bu zatlar Gowindiň piňine-de däldi. Bu ýagdaýyň çagany sandan çykarjakdygyna düşünýänem bolsa, Şottobota çydamakdan başga alaç ýokdy. Durmuşda mertebesini bilýän akýürekli adamlar, köplenç, gorawsyz ýagdaýa düşüp, olaryň göwni zoňtar adamlar tarapyndan döwülýärdi.

Bir zatlar döretmek üçin çig malyň gerekdigi, elbetde, düşnükli zat. Öňler soramazdan öýde ähli zat taýyndy, şonuň üçinem Şottoboti gerek zatlary barada oýlanmazdy. Indi bu netijesiz pişe öýüň beýleki agzalaryna gerek bolmanlygy üçin ähli zat pugta gözastyna alnypdy, şo sebäpli gerek zatlaryny satyn almak üçin ol iýmitinden tygşytlap ugrady, edýän işini hiç kime bildirmejek bolup, otagyny içinden gulplady. Ol aç-açan işlände-de hiç kimiň zat diýmejegini bilýärdi, ýöne hiç zada düşünmeýän adamlaryň ýaňsylaýjy ýylgyryşyny göresi gelenokdy. Indi onuň işiniň ýeke-täk şaýady hemem baha berijisi Çunilaldy.

Ýuwaş-ýuwaşdan Çunilalyň özem surat çekmäge ymtylyp, bahym onda hakyky ylhamyň barlygy duýuldy. Muny gizläp saklamak mümkin däldi, sebäbi ýaşajyk nakgaşyň täze güýmenjesi diňe bir depderleriň sahypalaryny bezemän, eýsem, öýüň diwarlaryny, eşiklerini, ellerini, hatda ýüz-gözünem dürli reňke boýapdy. Şeýle-de bolsa, özüniň hemem ejesiniň kalbyna Indra hudaýynyň pula bolan söýgini guýmanlygy üçin, ol agasyndan gaty kän zatlary eşitmeli boldy.

Ýöne agasy näçe jan etdigiçe, eneli ogluň bu işe bolan höwesi şonça-da artýardy. Kärhananyň hojaýyny Gowindi özi bilen şähere alyp gidende, olar edil çaga ýaly şatlanardylar. Onsoň Şottoboti özüniň täsin oýnawaçlaryny ýasap ugrardy, onuň ýasan pişigi ite meňzeýän bolsa, balygyny guşdan tapawutlandyrmak gaty kyndy. Bu oýnawaçlary öýde saklamak howpludy, şonuň üçinem jenap iş dolandyryjy gelmänkä bary ýok edilerdi. Bu iki nakgaşyň döredijiligine dörediji hudaý Brahma bilen weýran ediji hudaý Rudra agalyk edip, goraýjy hudaý Wişnu entek görnenokdy.

Nakgaşlyk bilen gyzyklanmak Şottobotiniň maşgalasynda öňden bardy. Muňa mysal edip, onuň özünden uly ýegeni Rongolalyň adyny agzamak bolar. Rongolal bu hormat-sylaga gaty öň ýetipdi: degişgen adamlar onuň suratlarynyň üýtgeşikdigini görüp, üstünden gülüp ugradylar hem-de, haçan-da, onuň dünýägaraýşynyň özleriniňkiden üýtgeşikdigine göz ýetirenlerinde, onuň hiç zadyň alnyndan däldigini, nakgaşlyk sungatyndan hiç hili baş çykarmaýandygyny aýdyp, hasam şowhun turuzdylar. Nähili geňem bolsa, bu kinaýaly ýaňsylardyr teýeneli gyjalatlar onuň adygyp gitmegine ýardam beripdi.

Ine, günlerde bir gün ýaňky tankyt edilen nakgaş Gowindiň öýde ýok wagty daýzasynyňka myhmançylyga geldi. Rongolal gapyny gaty kän kakdy, haçan-da, ony öýe goýberenlerinde, ol poluň ähli ýerine surat çekilendigini, hatda aýak basmaga-da ýeriň ýokdugyny gördi. Rongolal nämäň-nämedigine göz ýetireninden soň, oglanjyga şeýle diýdi:

— Men täze bir zehiniň ýüze çykandygyny görýän, sebäbi bu zatlarda hiç hili meňzetme ýok. Bular edil tebigatyň ajaýyplygy ýaly täze hemem tämiz. Haýyş edýän, maňa çeken suratlaň ählisini görkez!

Ýöne olary nädip görkezjek? Säheriň öň ýanyndaky alagaraňkylykdyr dumanyň ýitirim bolşy ýaly, olar ýitirim bolupdy. Gitmeziniň öň ýany Rongolal daýzasyna ýüzlenip şeýle diýdi:

— Ýalbarýan, mundan beýläk ähli işiňizi aýap saklaň. Men aram-aram gelip, suratlardyr oýunjaklary alyp giderin.

Awgust aýydy, ir ertirden asmanyň ýüzüni bulut örtüp, ýagyş ýagýardy. Eneli ogul wagt barada unudypdy, olaryň hiç biri sagadyň diline göz aýlamandy. Bu gün Çunilal bir gaýygyň suratyny çekdi: göwnüňe bolmasa, joşup akýan derýadyr bir süri krokodil kiçijik gaýygy ýuwudaýjak ýaly, onuň üstüne abanyp duran bulutlar bolsa olara kömek edýän ýalydy. Dogrusy, suratdaky krokodiller adaty krokodillere meňzänokdy, bulutlaryňam surat bilen utgaşýan ýeri ýokdy, gämi barada aýdylanda bolsa, eger ol dogrudanam hakyky gämi bolan bolsa, onda hiç bir ätiýaçlyk kärhanasy onuň gark bolmajagyna kepil geçip bilmezdi. Ýöne sungat — sungat bolýar. Eger Hak tagala onuň üçin şatlyk getirjek zatlary döredýän bolsa, näme üçin oglanjyk arzuw-hyýallaryny daşyna çykaryp, begenmeli däl?

Bu gün jenap iş dolandyryjy eglenipdi. Birsalymdan nädip gapynyň açylandygyny, nädip onuň öýe girendigini duýman galdylar.

Oglanjygyň ýüzi duw-ak bolup, gorkudan ýaňa sandyraýardy. Ýogsa näme, Çunilalyň taryh sapagyndan tabşyrjak synaglarynyň wagtyny nädip bulaşdyranlygy indi belli bolupdy. Ol biderek ýere suraty penjeginde gizlejek bolýardy, diňe özüni paş edeni galdy. Haçan-da, suraty alyp, o ýerde nämäniň çekilendigini görende, Gowindiň gahary ýetjek derejesine ýetdi.

— Indi sapaklaryňa näme üçin ýetişmeýändigiňi bilýän! — diýip, ol gygyrdy-da, suraty ýyrtym-ýyrtym etdi.

Çunilal aglamaga durdy.

Oglunyň aglaýandygyny eşidip, Şottoboti ybadat edýän otagyndan atylyp çykdy (Ol her aýyň on birine şol ýerde doga okardy). Onuň göz öňünde şunuň ýaly surat janlandy: Çunilal ýerde aglap otyr, surat bölek-bölek edilipdir, Gowind bolsa eden ýaramazlygyndan nam-nyşan goýmajak bolup, kagyz böleklerini çöpleýär.

Şottoboti şu mahala çenli adamsynyň hatyrasy üçin Gowinde hiç zat diýmändi, ýöne häzir gahar-gazabyny saklap bilmän gygyrdy:

— Näme üçin Çunilalyň suratyny ýyrtdyň?

— O näme, okuwyny taşlamak isleýärmi? Men bu zatlaryň soňunyň näme bilen gutarjagyny bilýän.

— Goý, ol garyp ýaşasyn — diýip, Şottoboti sözüni dowam etdi — ýöne hiç haçan saňa meňzemesin. Men ene hemem ogluma diňe bir zady isleýän. Goý, oňa Taňrynyň bagyş eden baýlygy seniň ýygnaýan gara şaýyňdan has köp bagt getirsin.

— Öz borjumdan arkaýynlyk bilen el çeker öýtmäň — diýip, Gowind onuň sözüni böldi. — Oglanjygy bolsa ertiriň özünde ýatyş mekdebine geçirjek, ýogsa ol bärde halys akylyndan azaşjak.

Gowind irden turup edarasyna gitdi. Ýagyş bedreden dökülýän ýaly guýýardy, köçeler suwdan ýaňa görnenokdy.

— Ýör, oglum! — diýdi-de, Şottoboti onuň elinden tutdy.

— Nirä, eje?

— Biz bärsini hemişelik terk edýäs.

Olar Rongolalyň öýüne ýetip, gapyny kakanlarynda, suw eýýäm dyzdandy.

— Men oglumy saňa tabşyrýan — diýip, Şottoboti aýtdy. — Ony pula sežde etmekden halas et!

1929

Rusçadan terjime eden R. GURBANNEPESOW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle