| |

Nädip Nobel baýragyna mynasyp bolmaly? / ýumoreska

Nädip Nobel baýragyna mynasyp bolmaly? / ýumoreska NÄDIP NOBEL BAÝRAGYNA MYNASYP BOLMALY?

Esasy şerti az uklamaly.
Ömrüň üçden bir böleginiň ukuda geçýändigini ýatlalyň.
Iki oýnam, ýagny sekiz sagat uky-da, lezzetlidir öz-ä!
Ýöne Nobel baýragam kemje-kerdem däl bolsa gerek!
Ukymy ýa baýrak, birini saýla!
Napoleon Bonopart ukuçyl adam däl eken.
Ol bu babatda tüýs Nobel baýragyna mynasyp serkerde bolupdyr. Ýöne ikisiniň döwri gabat gelenok-da. Napoleon 1769-1821-nji ýyllarda ýaşan serkerde. Nobel baýragy bolsa 1901-nji ýylda döredildi.
«Erkek kişä dört, zenan adama bäş, tentege alty sagat uky gerek» diýip, Napoleon Bonopart ýeser aýdypdyr.
Ýöne Ýer togalagynyň iň uly baýragyna mynasyp bolmak üçin bu-da ýeterlik däl oguşýa.
Ukusyna juda saklygy boýunça amerikalylaryň göz monjugy hasap edilýän Tomas Alwa Edison (1847-1931) gije-gündiziň dowamynda bary-ýogy ikije sagat uklapdyr. Gülkiň tutýandyr. Sebäbi biziň ojagaz uka uky diýmäge-de dilimiz barmaz. Irkilmek, ymyzganmak, gözüň awusyny almak diýsek has dogry bolardy. Emma Edison görgülem Nobel baýragyna mynasyp boljak bolup, baý, jan edipdir-ä.
Edison şeýle bir söz aýdypdyr:
«Diňe üstünlige garaşýarka-da dek oturmaýan adam ýeňşe ýetip biler».
Mamla gep, dogry gürrüň.
Biri Allatagaladan «Žiguli» diläpdir: «Eý Alla jan, men pyýada, «Žiguli» ber-dä!».
«Bolýar, bendäm, beräýerin».
Esli wagt geçýär welin, berilýän maşyn ýok. Teplowoz uzyn-uzyn sostawlary çekip barýar. Üstünde-de gat-gat «Žiguli»…
«Eý Alla, maşyn bereňok-la?».
«Bendäm, hereket et ahbeti, maňa-da bir delil gereg-ä. Iň bolmanda ýekeje lotereý biledini bir al ahyry».
Umuman, Nobel baýragyny almak üçin ilki sallançakdakaň, soň gorşoklykaň oýnagyň kitap bolmaly-da. Şony ýyrt weli, gazet-žurnallardan daşda bolma-da, garaz. Orta mekdepdekäň seni okadýan mugallymlardan göwnüň suw içmedimi, goňşy obanyň mekdebine gatna. Eneňe-ataňa diý: goý, okuwdan soň seniň üçin ýörite bir mugallymy kesanasyna tutsyn. Puluňyz ýetmese gapysynda talaban duraý.
Goşun gullugynda bolaňda salam hatyny özüň ýaz.
Ýokary okuw jaýyna girjek bolanyňda, ene-ataňa azar berme. Olar seniň haýsy okuwa girýänligiňem bilmesinler. Emip oturan sygrynam satdyrma. ÝOJ-yň mugalymlaryny eklemek talybyň maňlaýyna ýazylmandyr.
Haýsy ÝOJ-yň mugallymlary adyl we sowatly bolsa şony seçip al.
Aglaba talyp umumy ýaşaýyş jaýynda däl-de, umumy wagonda ýatyp öýüne zygyr-zygyr gatnaýar. Beýtseň hiçem baýrak almarsyň. Bu gün ýa ertir Nobel baýragyna mynasyp boljaklara uý, şolary özüňe halypa tutun. Nobeliň gitjek ýeri ýok.

Gurbangylyç HYDYROW.

«Talyp durmuşy» gazeti, 03.04.1992 ý. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle