|

Nädip gozgadyň

Nädip gozgadyň NÄDIP GOZGADYÑ

Nädip gozgadyň

Ynha, iki müçe bedende sarsman,
Duran ýüregimi nädip gozgadyň?
Ynamsyz dünýäme ynam döredip,
Kalbyma ýagypdyr umyt tozgasy.

Has täsin, gyzykly indi bu dünýä,
Başgaça bu gün günleň aýdymy.
Sen kim özi, bagt paýlaýan perişde
ýa çyragmyň tüm ykbala aýt hany?

Ümsüm dideleňde özümi tapdym,
Özlügim ýitirdim gözleňde ýarym.
Öýkenim giňedi, giňedi barlyk,
Öňler ýaşanyma ynanmaýaryn.

Didelermiz kaklyşanda tutaşyp,
Ýürege ot beren bu gözler hakyt.
Kalbyň aramy ýok, neçün?
Ýitdimi
ýa geldi ykbala bir zad-a ýakyn.

Çaň basan kalbymyň heniz-henizler,
Suwsuz zatsyz açylmajak gozasyn.
Joşdurypsyň.
Bu yşkmyka ezizim?
Bolmasa ýüregi nädip gozgasyn?

Ahmet ARAZOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle