Näbelli
Näbelli
(Rostow oblastynyñ Lenin hutorynda bolan waka)
Öñe gitdi «ura-ura!» sesleri,
Yzda goýup ýaralanan esgeri.
Esgeriñ obasy şu golaýdady,
Golaýlady oba ýaraly esger.
Ýöredikçe güýç-mejaly tükenip,
Esger ahyr taşlady öz tüpeñin.
Ýeri, indi nätsin ýaragy esger?!
Ak garyñ içinden göründi mesgen,
Tozdurlan obaña ýör indi, esger!
Oba sähel ýol galanda,
süýrenip
barýan ýigit uzyn süýnüp jan berdi.
Oñ hutora bakyp gurban bolanyn
Ak duman,
ak meýdan,
ak asman gördi…
Kyrk ýyl soñ hutoryñ ýakyn ýanyndan
Gar astyndan şol esgeriñ jesedin
Gördi göle çopan,
tanamady ol,
Gelip-gelip bolýan işe esediñ!
Tanamady öz balasyn obasy,
Meger, indi tanar ýaly hem däldi.
Adyn okardan kyn dokumentinden,
Öçen surat esgi ýaly sal-saldy.
Bu hutoryñ belli ýigdin «Näbelli
esger» diýip jaýladylar şan bilen.
Ýatyr esger ýigit öz obasynda,
Ak duman,
ak meýdan,
ak asman bilen..
Atamyrat ATABAÝEW. Goşgular