| |

Myrat Orazmuhammedowyñ degişmelerinden

Myrat Orazmuhammedowyñ degişmelerinden MYRAT ORAZMUHAMMEDOWYŇ DEGIŞMELERINDEN

■ Dellekhanada

Bir gün Myrat dellekhana baryp, dellege degişme bilen ýüzlenip:
— Inim, meniň saçymy deň iki bölüp, keýwany tanamaz derejede bejer!— diýipdir.
Dellekçi ýigit hem degişgen ekeni, ol biraz salym Myradyň saçyna dümtünen bolup:
—Agam, meni bagyşlaň, men saçyňyzy bejerip biljek däl! Sebäbi sa-çyňyzyň tarlarynyň sany jübüt däl ekeni — diýipdir.

■ «Aýna bilen gürleşdim»

Bir gün aýaly Myrada garap:
— Waý, Myrat, esli wagtdan bäri maňa tiňkäňi dikip dursuň welin, bir zat diýjek bolýaňmy? — diýipdir.
Onda Myrat:
— Keýwany, men ýap-ýaňy saňa diýmeli sözlerimi gürläp-gürläp, içimi boşatdym.
Aýaly:
— Nirede? — diýip soranda, Myrat gülüp:
— Içki jaýdaky aýnanyň öňünde — diýip jogap beren.

■ Açylan syr

Bir gün Myrat gahary gelip, ýanynda oturan dostuny günäkärleýär:
— Menem gel-gel, saňa dagy syrymy ynanypdyryn diýsene. Şu wagta çenli dost bolup gezsek-de, seniň beýle ýagdaýyň bardygyny bilmändirin. Asyl sen syr saklap bil- meýän ekeniň-ä.
Onda dosty:
— Wah, men syrsaklap bilýän-le. Ýöne menden eşidenler syr saklap bilenok-da — diýip jogap beripdir.

■ Çykalga

Bir gün teatrda sahna gidip durka Myradyň ýasama murtunyň bir tarapy gopaýýar. Ol diňşirgenen bolup, «Meni biri çagyrýar öýdýän diýip perdäniň aňyrsyna geçýär. Emma grimçini tapmaýar-da, murtunyň beýleki çetini hem aýryp, yzyna dolanýar. Sahnada aýalynyň keşbini döredip duran kärdeşi bu ýagdaýy bildirmejek bolup:
— Kim çagyrýar eken — diýip, oňa ýüzlenýär. Myrat:
— Hiç-le, sertaraş gelipdir — diýip, bu ýagdaýdan aňsatlyk bilen çykalga tapýar.

Taýýarlan Şamyrat MUHAMMETGURBANOW Degişmeler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle