Mynajat
Mynajat

Sen maña kuwwat ber, merdem bolmaga,
Ýüregimi ezýetlere taýynla.
Aýralyk tyg bolup dilse-de kalby,
Ol rahat urup dursun jaýynda.
Kalbyma umyt sal, lowlasyn dursun,
Şaman ody ýaly öçmän yşygy.
Tukat ýeller öwsüp, sowulanda güýz,
Şonuñ bilen geçirerli gyşymy.
Pula satylmaýan iman ber maña,
Men imansyzlardan edýärin heder.
Günümi aýlaryn aýlyk bilenem,
Şonda-da halal nan miýesser eder.
Salyhatly oýlanaýyn gepläýin,
Goýma meni zynakärleñ oýnuna.
Aýpalta meñzeş Aý gülýaka bolup,
Dakylmasyn bir jelebiñ boýnuna.
Çary ÝEGENMYRADOW. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.