| |

Mynajat / goşgular

Mynajat / goşgular ■ WATAN SÖÝGÜSI

Her gün täze Gün dogduryp,
Çeşme-çaýlary çogduryp,
Gursaga ylham dolduryp,
Guşlaň ganatynda getirip ýazy,
Gül bilen basyryp erik-almany,
Suw bilen mes edip ýaby-salmany,
Topragyň üstünden göterip duman,
Daýhanlara ýere tohum taşladyp,
Dynç alan pelleri işe başladyp,
Göýä bir ýakymly, eziz el bilen —
Ýüzümizi sypap mahmal ýel bilen,
Gül-gunçadan bezäp dag bilen düzi,
Şeýdip söýýär Watan bizi.

Gün-günden artdyryp Günüň howruny,
Ir ýetişýän erikleri bişirip,
Ýetişdirip bugdaý bilen arpany,
Oraga çagyryp ähli daýhany,
Bugdaýdan dolduryp ammarlarmyzy,
Giňeldip gysylan damarlarmyzy,
Çogly Güne arkamyzy derledip,
Eltip sergin suwly derýalarmyza,
Çagalary güzerlerde düşürip,
Gojalary goýry kölgä süýşürip
Hem gök çaýyň lezzetinden gandyryp,
Obany, şäheri yzda galdyryp,
bize bolsa «Geliň — diýip — Awaza»,
äkidýär tiz şol arzyly kenara.
Heý, söýmez ýalymy yssyň derdinden
gorap duran mawy — halasgär deňzi?!
Şeýdip söýýär Watan bizi.

Arş deňinden sergin howa düşürip,
Giç ýetişýän miweleri bişirip,
Hasyldan dolduryp bazarlarmyzy,
Ýuwup-tämizledip gelin-gyzlara
Mürepbe gaýnadýan gazanlaryny,
«Gülaby», «Garrygyz» gawunlarmyzy
Hem içi köz ýaly ala garpyzy
Ýetişdirip, toýun tutup olaryň
Sazanda çekdirip dutaryň taryn,
Waspyny ýetirdip Sumbar narynyň,
Ak mekdebe eltip çagalarmyzy,
Alty ýaşlylara berip «Harplygy»,
Daýhanlary ak pellere çykaryp,
olara pagtadan harman ýasadyp,
hasylyn ýygnadyp, «jüýje sanadyp»,
şahyrlaryň ylhamyny joşduryp,
şahyr dällere-de goşgy goşduryp,
Dillerine berip kelamy-sözi,
Şeýdip söýýär Watan bizi.

Al-asmanyñ ň bulutlary goýazy,
getirdi ýel öňne salyp aýazy.
Baglaryň şahasy baglady burjy,
Gyzardy ýaşajyk çagalaň burny.
«Sährada arkaýyn baksyn» diýp malyn,
Sorap çopan-çoluklaryň ahwalyn,
obadan olara daşalýar bede.
Argamak bedewler häzir teblede,
meger, olar aýlaw görýär düýşünde.
Gök maýsalar ýatyr ak gar örtünip.
Hasyl beren ýere: «Dynjyň al» diýip,
daýhan öýde görýär gazyň hözirin.
Nowjuwan ýigitler öz söýen hüýrün ýatyp,
düýşde görýär uzak gijeler, meger,
indi basym toý günem geler.
Daglar ak bulutdan oranyp selle,
çagyrýar: «Gel» — diýip — daglara seýle.
Zerur wagty bu tebigat dünýäni
örtse begres ýaly akja gar bilen,
üpjün edip «mawy ýangyç» — gaz bilen
obalarmyzy hem şäherlermizi,
Şeýdip söýýär Watan bizi.

Dört ajap pasyldan bir ýyly ýasap,
goşup ony biziň ömürlermize,
Ýüreklere şatlyk paýlap bihasap,
Hem teselli berip göwünlermize,
Deň tutup ýaş-garry raýatlaň baryn,
Aýry tutman ýurtda milletleň baryn,
Saýry saýman biziň hiç birimizi,
Şeýdip söýýär Watan bizi.

ŞANYŇA AÝDYM DÖRETDIM

Men seniň şanyňa aýdym döretdim,
Men saňa şygyrdan bagladym çemen.
Ýetmiş gyşdan, ýetmiş ýazymdan ötdüm,
şindi-şindem seni söýüp ýörün men.

Bu ýazlar owadan, gyşlar owadan,
Heý, olar, heý, olar söýmez ýalymy?!
Asmanymda gaýýan guşlar owadan,
Gyşyň gyşlap, ýazlap ýörse ýazyň.

Diňe bir baglar däl, beýik daglaram
Saňa kök urupdyr, örki sendedir.
Göwün küýsän wagty Erem baglaryn,
Sende bardyr bir künjegi jennetiň.

Tomsuň jöwzasynda çykyp çöllere,
Ak çägäňe dabanymy dagladym.
Bakyp Badhyzdaky elwan güllere,
didaryňdan doýmadym men,
ganmadym.

Mawy gijeleňde sergin şemala
Serimi sämedip, döşümi tutdum.
Men seniň goýnuňda gelip kemala,
ýetmiş gyşdan, ýetmiş ýazymdan ötdüm.

Üsti ir-iýmişli, asty altynly,
bereketden doly desterhanym sen.
Ak bugdaýňa bakyp, ýüzüm ýagtyldy,
Içsem — içimligim,
Iýsem — nanym sen.

Suwa düşüp derýalarňa, köllerňe,
boldum seniň suwlaryňda balygyň.
Aşyk bolup alys-ýakyn ýollarňa,
aýlandym men bar ýerine barlygyň.

Ak ýyldyzly asmanyňa seredip,
Göwne ganat berip, göge çykdym men.
Men seniň şanyňa aýdym döredip,
Iň ýagşy sözlerden keşde çekdim men.

Galan ömrüm berip sözlere sünnä,
Saňa bagyşlaryn paýhasym-aňym.
Seniň adyň bilen çykdym men dünýä,
Eý, dogduk Diýarym — Türkmenistanym!

GYŞ GÜNÜNDE

Gar ýagdy, ýene suw doňdy,
Kiçi çille, soň gara gyş.
Al asmana bulut doldy,
Kä gar ýagýar,
Käte ýagyş.

Burjy baglan bag şahasy
Lowurdap dur çüýşe ýaly.
Ýerde ýatan sary ýaprak
Doňup galan jüýje ýaly.

Sary sähra çuw-ak boldy
depesine düşen gardan.
Diňe bir salgym görünýär
Ak gaýaly gara dagdan.

Guşlar uçdy ýyly ýurda,
Gyşa taşlap höwürtgesin.
Topraga zerur döwürde
Goý, howa az-kem üýtgesin.

Ýene ýaşyl ýazym geler,
Meýdan bürener güllere.
Ýene-de şatlyk çaýylar
kalplara hem göwünlere.

ÝYLYŇ DÖRT PASLY

Elwan güller bezäp baýyrlaň gerşin,
Giň sährada otlar-çöpler gülledi.
şonda meni sorasalar, diýersiň:
«Öýden çykyp gitdi, soňam gelmedi».

Yssy-jöwza ýakdy gülleriň hersin,
Gün howruna tap getirip bilmedi.
şonda meni sorasalar, diýersiň:
«Öýden çykyp gitdi, soňam gelmedi».

Serginlik soldurdy ýapraklaň persin,
Hasyl sowlup, baglaň ýüki ýeňledi.
şonda meni sorasalar, diýersiň:
«Öýden çykyp gitdi, soňam gelmedi».

Ak aýaz agartdy dünýäniň meňzin,
Gar ýagyp, Zeminiň üstün deňledi.
şonda meni sorasalar, diýersiň:
«Öýden çykyp gitdi, soňam gelmedi».

MYNAJAT

Men haýsy makamda, haýsy öwrümde,
Men nähili ýaşadym bu dünýäni?
Arzym bardyr, Taňrym, seniň öňüňde,
Gora, halas eýle, geçir günämi!

Aglany diňdirdim berip şatlygmy,
şatlygna şärik men görsem gülýäni.
Meger, undan bolsam kän ýalňyşlygmy,
Gora, halas eýle, geçir günämi!

Söýgä uçrap, yşkyň ýoluny geçdim.
şonda kalbym alawlandy Gün ýaly.
Yşkym şygra salyp, az-kem köşeşdim,
Gora, halas eýle, geçir günämi!

Dünýäň ýakan şemi kem-kemden eräp,
Mälim onuň ýuwaş-ýuwaş sönýäni.
Ynsabym, sogabym elekde eläp,
Gora, halas eýle, geçir günämi!

Yhlas goýup, söýüp bilsedi bendäň,
Seniň söýüp bilşiň ýaly bendäňi.
Ömre ömür goşup, keremiň kemmän,
Gora, halas eýle, geçir günämi!

* * *

Aý tutulsa, Aý dek ýüzüň
ýagtyldar tüm dünýäni.
Gün tutulsa, ýaňaklaryň
şöhle saçar Gün ýaly.

Bägül solsa, hesret çekmen,
Elwan lebleriň barka.
Ýyldyz süýnse, gorkamok men
Seniň gözleriň barka.

ÝAKYNLYK

Garradykça, şahyr Hudaýa ýakyn,
dünýä ony kem-kem ýekirenden soň.
Atasyn, enesin, ýakyn dostlaryn,
Ýaşlygyn, söýgüsin ýitirenden soň.

Şahyr garradykça, Hudaý hem oňa
kem-kem ýakynlaşýar, golaý bolýar ol.
şahyryň ýitiren zatlarna derek
eçilýär bermedik zatlaryn ozal.

Ýere ýakyn gelýär asmanyň ruhy,
Ýeriň ruhy gidýär asmana sary.
Şahyryň kalbyna girýär bu
Älem tutuşlygna Adam atadan bäri.

Şondan soň Gomerden Pyraga çenli
Öwrülýär şahyryň çyn hemrasyna.
Indi ýitýär aradaky alyslyk,
şu hal mahsus şahyrlaryň barsyna.

Bu ýagdaýa akyl ýetirenden soň
duýýar ol kalbyna girenin ýagtyň.
Dünýewi işlerni bitirenden soň,
Garradykça, şahyr Hudaýa ýakyn.

* * *

Hemme zat garraýar
hem tapdan düşýär.
Diňe şahyr garramaýar
Hiç haçan,
uzak ýaşadykça
Ol kämilleşýär.

* * *

Dil berlipdir saňa, adam,
Söz sözlemek üçin,
geplemek üçin,
Sözleri sözlere seplemek üçin.

Dil berlipdir saňa, adam,
käte ony ýesir ýaly,
dişiňden aňyrda saklamak üçin.

* * *

Maňa çenli zatlaň bary meniňki,
Ýöne gürrüň oňat zatlar barada.
Maňa çenli atlaň bary meniňki,
Ýöne söhbet oňat atlar barada.

Haýyr bilen şeriň aralygyndan
Çekäge-de galyň paýhas diwaryn,
Asyrda at goýan beýik Pyragy
Galdyrypdyr maňa şygyr diwanyn.

Beýik zatlar belentligiň nusgasy,
Çyn bürgütler görer onuň depesin.
Meniňdir dessany şahyr Nepesiň,
Söýgüsi mirasdyr aşyk Nepesiň.

Meniňdir Puşkiniň näzik lirasy,
Lermontowyň gussa çümen eseri.
Ýeseniniň kalba ýakyn gussasy
Hem olaryň ýüreklerniň heseri.

Talantyň agramyn ölçemek kyndyr,
Ony saňa haýsy gural çekip biýr?!
Talanty, talantly eseri bilen
Tutuşlygna meniňkidir Şekspir.

Çyn ussatlaň ezber elinden çykan
päkize gyz ýaly täsin Täçmahal
meniň bilen nikalydyr, baglydyr,
onuň gözelligi öçmez hiç mahal.

Beýik zatlaň baryn sanap çykma kyn,
şygrym üçin besdir ýada düşeni.
Çyn sungatyň bary ýüregme ýakyn,
şoň üçin men olaň mirasdüşeri.

Söýgüsini gözläp ýörün ilimiň,
Öz ýüregim bolsa söýgüden gyrma.
Menem umyt edýän kimdir biriniň
Menden soňra maňa eýe çykarna.

JEBEL

Dumany gitmeýän Ýyldyz dagynda
gabat geldiň, ala gözli boz jeren.
Şol gözleriň garasynda-agynda
ýaşamaga, ölmäge-de taýyn men.

Bu duzly Jebelde duşsaňam bize,
diliň dagy şirin öz adyňdanam.
Gara göz ýaraşýar Aýdan ak ýüze,
nur dökülýär agyndanam.

Çalaja çytylan güýzüň howasy,
sen ýylgyrdyň welin, açyldy Jeren.
Ýaňlananda gara gazmaň owazy,
durşuna aýdyma gaplandy Jebel.

Menem seni synlap, sämetdim seri,
Ol indi dumanly Ýyldyz dagyndan.
Eý, peri, men saňa nämetdim, ýeri,
garasy azaldy gözüň agyndan.

Alarlyp seretme, gyýa bakma sen,
Ýa süýji sözlerňe gatma şerebe.
Dünýäň ähli ýollarynda azaşman,
Ýol ýitirdim geläge-de Jebele.

Otyrys biz Ýyldyz dagyň ýanynda,
owurtlaýan sowap giden çaýym men.
Ala gözleň garasynda, agynda
ömrüm boýy ýaşamaga taýyn men.

DARAGT EKMEGIŇ SOGABY

Kakamyň ýap boýna eken zereňi
Kakam ýogalansoň, guraýdy birden.
Ýogsam onuň şahalary ýaýbaňdy,
Kölgesi goýudy, ýapragy gürdem.

Öňräk oba bardym, inilem maňa
buşladylar örän täsin halaty.
Üç ýyldan soň şol zereňiň kökünden
çeträn eken ýene zereň daragty.

Göýä kakam gelen ýaly bakydan,
Begenip, synladyk Allaň keremin.
Şonda göz ýetirdim ölmeýänine
Öz ömründen özgä ömür bereniň.

Daragt ekip,
ýurdy behişde öwren
Dünýäden gaýtsa-da, ýok oňa ölmek,
Bu gün guran agajyňa giren jan,
Meger, seň janyňdyr, Atabaý Welbek!

ÖMÜR

Maňlaýyňa ýygyrt düşüp,
Ýene bir öwrüm geçmänkä
Sözüň aýt, miwäň ýetişip,
aýtmaly döwrüň geçmänkä.

Pelek jana hyrydardyr,
Adamyň az ömri bardyr.
Her kimiň öz höwri bardyr,
Höwrüň tap höwrüň geçmänkä.

Gyra goý-da düýşleriňi,
Berjaý et öz işleriňi.
Dünýä döküp dişleriňi,
Deňinden ömrüň geçmänkä.

Gökden çawup gelýän güllä
nyşanasyň etseň günä.
Howruň ber bu sowuk dünýä
Teniňden howruň geçmänkä.

Ömür karz, biýrsiň karzyňy,
Açyp ýörme-de agzyňy,
şol gözele aýt arzyňy,
Özüňden göwnüň geçmänkä.

* * *

Oba göçüpdir, ezizim,
Almalaň güllän döwründen.
Galypdyr uçgun henizem
gözleriň gülýän döwründen.

Geýeňde gyzyl-ýaşylyň,
Ýatlama boldy ýaşlygyň.
Ugruňda garyp aşygyň
örtenip, ölýän döwründen.

Birek-biregi idegde
kän gülledi alma, igde.
Dert galypdyr aşyk ýigde
saralyp-solýan döwründen.

Gül ýitdi, tikeni galdy,
Gün batdy, ýakany galdy.
Göz gitdi, bakany galdy
Ýaňaklaň ýanýan döwründen.

Gör, kaýda yşky galypdyr,
Söýen kän, başky galypdyr.
Ýangynly goşgy galypdyr
şahyryň söýýän döwründen.

* * *

Gara daglaň gaýasynda
peleňleriň yzy galar.
Ýaşyl baglaň saýasynda
ak gülleriň ysy galar.

Hasyl sowlar, çöpi galar,
Agaç gurar, köki galar.
Gep edenleň gepi galar,
Iş edenleň işi galar?!

Buglarna dünýä ýuwunan
goýry dumanlar sowular.
Neçüýn ir gidip gowular,
dünýä, saňa pisi galar.

Ýazyň geçer, gyşyň öter,
Ak köpelip, garaň öçer.
Ýyldyrym deý yşkyň geçer,
Saňa diňe düýşi galar.

Ak ykbaly gargan çagy,
köpelip gözlerniň agy,
Erbet adam garran çagy,
Terzi bozlup, tüýsi galar.

Şahyr, gezgin eleslemän,
şan-şöhrat hem pul islemän,
Altynyň galar poslaman, gör,
kimleriň misi galar.

Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.

# garagum_2019 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle