Myhman bulut / erteki
Myhman bulut / erteki
Kerim oguljygymyň hem-de çagalyk ýaşyna ýetmedik ähli perişdejikleriň ruhuna bagyş etdim.
Awtor.
Ahyrsoňy bize-de bir ýagşy jaý ýetdi, Arşu-Kürsüň bäri ýanyndan ― on bäşinji gatdan.
Bir gün çagalar ylgaşyp geldi:
― Kaka, eýwanymyza bir bulut gonupdyr.
― Degmäň, ürküzmäň! Ýadandyr, dynjyny alsyn! ― diýdim.
― Wah, eýwanymyz-a öl-myžžyk eder ― diýip, ejeleri jübrindi. ― Aşakylar näme diýer onsoň?
― Aý, irden yzyny bir letde-setde bilen süpürip alaýarsyňyz-da!
Özüm-ä barsam, gorkarmy-ürkermi, utanarmy-nädermi diýip, eýwana çykmadym.
Hem her ýylda bir göç edip, kireýine ýaşan günlerimiz ýadyma düşdi.
Ertesi irden ýene ylgaşlap geldiler:
― Kaka, buludymyz-a gidipdir.
Çykyp görsek, ýeke damja nemem galmandyr. Gaýtam, «Adamçylykdyr, birden geregi çykaýmasyn» diýip, dolduryp goýanja suw gabymyzam taňkyradyp gidipdir.
― Aý, oňa-da ýol azygy gerekdir-ä! ― diýip goýduk.
Bir görsem, uluja oglum gyýlyp, çytylyp otyr. «Hä?» diýsem:
― Häý, kaka, bir gaçgak buludy myhman alypsyň diiýp, saňa käýemeseler ýagşydyr! ― diýýär.
― Aý, biz nä, oň başbildini soramalymyşmy? ― diýdim. ― Gaçgak bolsa, hanha, asman, gözläbersinler.
…Anha, ýene-de akja bulutlar kerwen gurap, hersem Zemindäki görýän zatlarynyň birine: kimsi düýä, kimsi goça, kimsi gara öýe, kimsi, hamana, emedekläp ýören üm bilmez çaga öýkünen bolup barýarlar.
Menem eýwana çykyp, şo-ol seredip durun. «Bularyň haýsysy biziňkikä?» diýýän. Ýa bir alys ülkede azaşyp galaýdymyka? Ýa bir degimsiziň demine düşüp, güpbasdy ediläýdimikä? Ýa-da… ýa-da… ýa-da…
Nirede, nirelerde sen, akja buludym?! Sergezdan buludym, myhman buludym, janserek buludym, arman buludym…
Kömek KULYÝEW. Ertekiler