|

Musulmança düýş ýorgutlary (1-nji bolum)

Musulmança düýş ýorgutlary (1-nji bolum)

Mustafa
Nejati Bursaly,
türk ýazyjysy

Düýş ha­kyn­da ha­dys­lar:

Abu Hüreýreniň rowaýat etmegine görä, bir gezek Resulallah şeýle diýdi:

— Mundan soňra pygamberlik bolmaz. Siz diňe pygamberligiň bir ülşi bolan «mübeşşiratlary» görersiňiz.

Sahabalar: «Mübeşşirat näme, eý, Allanyň Resuly?» diýip soradylar.

Şonda Pygamberimiz: «Oraşan düýşdür» diýip jogap berdi.

***

Abu Seýit al-Hudri şeýle gürrüň berýär:

Şany belent Pygamber ependimiz:

— Eger haýsydyr biriňiz göwnüňizi göteren düýş görseňiz, bu Allanyň peşgeşidir. Şonuň üçin bu düýşi gören adam ilki Allatagalany ýatlap, şükür etsin, soňra düýşüni aýtsyn.

***

Älemiň Nury we Taňrynyň söýgüli pygamberi ýene-de şeýle diýipdir:

— Meni düýşünde gören adam huşunda-da gören ýalydyr. Çünki şeýtan meniň keşbime girip bilmez.

***

Başga bir musulmanyň gürrüň beren rowaýatynda Resul alaýhyssalamyň şeýle diýendigi aýdylýar:

— Siziň haýsy biriňiz has dogruçyl bolsaňyz, onuň görýän düýşleri hem iň dogry düýşlerdir.

Şonuň üçin düýşlerimiziň hakykata öwrülmegini isleýän bolsak, özümiz hem dogruçyl bolmalydyrys. Günäden, haramdan, ýalandan we gybatdan, iň esasy — beýik dinimiziň gadagan eden zatlaryndan uzak durmalydyrys. Salyh ynsanyň düýşem salyh bolýandyr. Ynsan Perwerdigäriniň keremine bil baglap, wepaly hyzmat etse, Ony söýse, Allatagala oňa serpaýlary, hoş habarlary eşitmegi we ýaýmagy miýesser eder.

GIRIŞ

Şübhesiz, sözleriň iň gözeli, haýyrlysy we dogrusy Allatagalanyň kelamydyr. Älem ýüzünde şu çaka çenli ýaradylanlaryň sanyça oňa alkyş aýdýaryn, çünki Ol bizi ýoklukdan barlyk älemine getirdi. Bize göz, göwün, akyl we içki aň, düşünje-dünýämizi eçildi. Meňzeşi, şärigi we deňi-taýy bolmadyk Allatagala tükeniksiz şükürler bolsun!

Onuň ýardamy bolmasa, el näme ederdi, galam näme ýazardy? Eger meniň zehin bossanyma onuň keremi akmadyk bolsa, men bir söz hem ýazyp bilmezdim. Oňa gaýtalap-gaýtalap öwgüler aýdýaryn.

Salawat we salamlar, söýgi we sylag nebileriň Soltany, älemleriň Rahmeti, kyýamat mejlisiniň Seýidi, arap-ajamyň buýsanjy Gudraty güýçli Taňrynyň Resulyna bolsun. Onuň geljekdigi düýşlerde öňünden buşlandy. Ol şeýlebir Beýiklik welin, tutuş älem Onuň abraýynyň hormatyna ýaradyldy. Ol Perwerdigärinden alan ylhamy bilen bize bilmedigimizi öwretdi. Onuň güneşine perwana bolan şahsyýetler, rehmet nyşanyna öwrülip, bir-birden äleme indiler.

Ine, şol beýikler, weliler, göwnaçyk, ýüzi nurlular durmuşymyzy bezeýişleri ýaly, düýşlerimizi hem hakyky manysy bilen bize beýan etdiler.

Görýän düýşlerimiz dürli-dürlüdir, hil-hildir. Käbir düýşler gorkunç bolýar, ýöne olaryň astynda ýatan many gowulyklary buşlaýar. Käbir ýakymly düýşleriň ýakymsyz ýorgutlary hem bolup bilýär. Bularyň baryna düşünmek öňdengörüjilik, ylym-paýhas we aň işidir.

Durmuşda düýş görmegem, görmezligem hiç kimiň öz elinde däldir. Dünýäde düýş diýilýän barlyk bilen nätanyş adam ýokdur, çünki hemmeler düýş görýär. Ýöne adam öz islän düýşüni görüp bilenok: Kimdir Biri muny taýýarlaýar we görkezýär.

Näme bolsa-da durmuşymyzy döreden we taýýarlaýan bardyr! Durmuşda-da ynsan islän her bir zadyna ýetip bilenok ahyry! Köplenç ýagdaýda-da, garaşmadyk çarkandaklarymyza uçraýarys. Eger her kim islän zadyny edip bilýän bolsa, zalymlar tagtyndan düşüp, gara topraga girermidiler? Şeýle-de gözelligiň täji Ýusup pygamber hem gul edilip satylmazdy, zyndana düşmezdi. Bularyň baryny bilmek we düşünmek gerek.

Hawa, hemmeler düýş görýär, ýöne her kimiň görýän düýşi hakykata öwrülenok. Ýogsam näme, düýşleriň bary hasyl bolsady, älem başga bir älem bolardy ahyry!

Hakyky we hemişelik düýşler pygamberlere mahsus bolan düýşlerdir. Olaryň düýş äleminde görýänleri Gün ýaly aýdyň bolar we hakyky durmuşda-da edil bolşy ýaly gaýtalanarlar.

Şeýle hem welileriň, salyh adamlaryň görýän düýşleri hem hakykatdan juda bir uzagam däldir. Emma düýşleri ýorup bilýän kişiler hem başarnykly bolmalydyr.

Bir gün bir adam Ibn Sirin hezretleriniň huzuryna gelip:

— Men düýşümde bir guşuň metjitden bir owadan daşy alyp gidendigini gördüm — diýdi.

Ibn Sirin oňa şeýle diýdi:

— Beýle bolsa, Hasan Basry hezretleri aradan çykandyr.

Görlüp oturylsa, şol gün, hakykatdan hem, Hasan Basry hezretleri aradan çykan eken.

Düýşi gören adam bilen birlikde ony ýoran adam hem köp zady çözýär. Görlen her bir düýş hakykata öwrülmeli diýen zat ýok. Düýşüň hakykaty görkezip bilmegi gören adamyň imanyna, amalyna, dogruçyllygyna we sydky-yhlasyna hem baglydyr.

Düýş ýorulýarka, ony gören adamy we görlen wagtyny hem göz öňünde tutulmalydyr. Çünki olara seretmän ýorsaň, düýş ýalňyş bolup biler.

Ynsandaky günäler we kemçilikler beýik maksatlara ýetmäge böwet bolşy ýaly, düýşlere-de öz täsirini ýetirýär. Egninde agyr günä göterýän adamyň düýşüniň dogry çykmagyna garaşmaň.

Uzakly gün müň dürli wakalara meşgul bolan adamyň gijesine tämiz düýşleri görmegi mümkin däldir. Çünki gündiz başyna dert açan aladalary onuň düýşüne hem täsirini ýetirer.

Durmuşymyz we düýşlerimiz üçin haram işlerden uzak durmak, dowamly ybadat etmek hem-de Gurhan yklymynda ýaşamak möhümdir.

Jan bilbiliniň batgalykda saýramaýşy ýaly, günäleriň tümlügine boglan ýüreklerden hem hikmete garaşmaň. Nadanyň jany ylahy lezzetden we şatlykdan paý alyp bilmez.

Esasanam, düýşdäki yşyklar onuň dünýäsinde janlanmaýar. Munuň tersine, salyh musulmanlara, päk we dury ýürek eýelerine, hakykat halkyna we welilere düýş bilen göz öňüne getirip bolmajak işler aýdylýar. Aslynda, olaryň düýşi «düýş» bolmakdan çykyp, hakykata tarap gapy açýar. Taryhda munuň ýüzlerçe mysaly bar.

Adamlar, köplenç, düýşleriň daşky görnüşine seredip höküm çykarýarlar. Ýöne ol düýşüň içinde nähili hikmetleriň, syrlaryň bardygyny göz öňüne hem getirmeýärler.

Mysal üçin, şu düýşüň daşky görnüşi tüýleriňi syh-syh edip biljek derejede gorkunç, ýöne manysy gowy. Ýöne beýle düýşi görmek hem, oňa düşünmek hemme kişä nesip etmeýär.

Ymam Nablusy şeýle diýipdir:

— Kimdir biriniň düýşünde Gurhana buşugylmagy, Gurhany ýat tutjak çaganyň dünýä inmegini buşlaýar.

Ýene-de düýşde metjidiň mährabyna buşukmak, ony gören adamyň ogullarynyň imanly, ymam bolmagyna delalat eder.

Görşüňiz ýaly, düýşleriň ikisi hem iniňi tikenekledýär, ýöne aňladýan manysy juda ajap.

Düýşler nähili görlen hem bolsa, ony ýamana ýormaly däl. Çünki, köplenç, düýşüň ykbaly ýorumyna görä bolýar. Iň esasysy gören düýşüňi her kime gürrüň berip ýörmeli däl. Diňe başarnykly birine duş geleniňde aýtsaň gowy bolýar.

***

Ynanmarsyň ölüp, soň direlýänleň işine,
Ýöne näme diýersiň sen meniň gören düýşüme?

Düýşlerem ruhumyzyň barlygyna delildir. Olar gaýry bir älem üçin bir subutnamadyr. Barlygyň Nury we Allanyň mertebeli Resuly: «Gowy düýşler hem musulman guluň buşlugydyr» diýipdir.

Soňsuz gudrat eýesi we Din gününiň Mäligi bolan Allatagala söýgüli guluny oraşan düýş bilen serpaýlaýar. Düýş, aslynda, hyýal dünýäsiniň önümi däl-de, uky äleminde ruha ýoldaş bolýan haýyrly hadysanyň başlangyjy bolan, geljege aýna bolýan ahwaldyr.

«Düýşdür-dä!» diýip geçýäris. Bu şeýle, ýöne düýşleriň toplumyny Dolandyrýan bar. Ol islän adamsyna islän düýşüni eçilip bilýär.

Resuly Ekremiň: «Ukuda görlen düýşleriň hakykata iň ýakyny säher çagynda görlen düýşdür» diýen sözi hem bar.

Merhum ussadymyz Ömer Nasuhi Bilmen bu hadysy şeýle düşündiripdir:

— Mälim bolşy ýaly, biz ukuda görýän zatlarymyza «düýş» diýýäris. Ýöne düýş biz ukudakak oýanýan ruhumyzyň bize gaýyp älemden käbir hakykatlary salgy bermegidir.

Şeýle hem düýşler iki topara bölünýär. Olaryň biri çyn düýşlerdir. Olar ruhumyzyň bize ýetirmek isleýän käbir hakykatlarydyr.

Düýşleriň ikinji bir topary ýalandyr. Olar oýakaň ruhuňa siňen bulaşyklyklardan, garma-gürmeliklerden we şeýtany hyýallardan hasyl bolýar. Şonuň üçin hem beýle düýşler asylsyzdyr. Şunuň ýaly bimany, çem gelen we her gören düýşüňi ýorjak bolup oturmaly däldir.

Düýşleriň iň dogrusyny säher çagynda görýäris. Çünki säher günüň iň nurly, iň sahawatly çagydyr. Säherde perişdeleriň bir bölegi ertir namazy üçin ýer ýüzüne inýärler. Ine, şol pursatda gijäniň garaňkylygy ýitip, gündiziň ýagtylygy ýüzüni görkezmäge başlaýar. Hut şonuň üçin hem säher görlen düýşler gije ýa-da günüň başga bir wagtyndaka garanyňda hasam hakykata ýakyn we güýçlüdir.

Irdenki görlen düýşleriň käbiri şeýlebir oraşandyr welin, olary ýormagyň geregi hem ýok. Elbetde, olaryň käbirini ýormaly bolýar. Ýadyňyzdamy, dünýä gözeli hezreti Ýusup on bir ýyldyz bilen Gündür Aýyň özüne sežde edýändigini düýşünde görüpdi.

Käbir düýşleriň soňra huşda hem gaýtalanmagy ruhuň we başga bir älemiň barlygynyň delilidir.

Ha, ynan, ha, ynanma, düýşde gördüm aslynda,
Tylladan köşk gurýaryn bulutlaryň üstünde.

***

Gurhanda bize hezreti Ýusup alaýhyssalamyň düýşi hakda habar berilýär. Ýagny:

Bir gezek Ýusup pygamber kakasyna: «Kaka, men düýşümde on bir ýyldyz bilen Güneşdir Aýy gördüm. Olar maňa sežde edýärler» diýdi.

Biz käte özümiz, käte-de başgalar hakynda düýş görüp bilýäris. Ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, iň oraşan düýşler pygamberlere degişlidir. Welilerdir dogruçyl ynsanlaryň düýşi hem wagty gelende, hakykata yşyk çaýyp bilýär.

Bu ýerde muňa degişli bir mysal getireliň: hijriniň 158-nji ýylynda halyflyga geçen Al-Mehdi geçmişde edilen zalymlygyň we adalatsyzlygyň öňüni almak isleýär we elinden gelen gujur-gaýratyny gaýgyrmaýar. Şeýdip hem ol adalat ýoly bilen diňe halk köpçüliginiň däl, nähak ýere zyndana düşenleriň hem umyt yşygyna öwrülýär.

Şeýle bolsa-da, ýene zyndanlarda ejir çekýänler we bigünä ynsanlar bardy. Elbetde, halyfyň olaryň hersi barada aýry-aýry maglumaty ýokdy. Haýsy tussagyň nähili ezýet çekýäninden hem habarsyzdy. Ine, şol tussaglaryň biri nebiler nebisiniň (Pygamber) neslindendi, ýagny ol seýitlerdendi.

Ol garaňky we çygly zyndanda köňlüni Taňrynyň dergähine açyp, Oňa nalyş edipdi. Çünki Şondan başga oňa kömek etjek hiç kimse ýokdy.

Bir gije ýumşak ýorgan-düşege çümüp ýatan halyf hopugyp oýanýar. Çünki ol gorkunç düýş görüpdi. Düýşünde biri ony heläklemäge çalyşýardy. Gözüni açyp-açman gapyçyny çagyrdy-da, oňa buýruk berdi:

— Derhal zyndana git-de, onuň gündogar tarapyndaky hüjrede ýatan ýaş ýigidi tapyp, meniň ýanyma getir. Eger gelmek islemese-de göwnüne degme, goý, islänini etsin. Ýöne tussaglykdan boşadyň.

Halyfyň adamy buýruk berlen dessine zyndana ylgaýar we emri ýerine ýetirýär. Diýilýän ýigidi zyndandan çykardylar. Ol bolsa azatlyga çykyp, munuň üçin Allatagala şükür etdi. Halyfyň adamlary muňa ýüzlenip:

— Eý, ýigit, seni halyfyň azat edendigini bilýänsiň-le. Isleseň, seni halyfyň huzuryna elteli! — diýdiler.

Dodaklaryny ýaý ýaly geren ýigit olara şeýle jogap berdi:

— Men halyfyň huzuryna barmakçy däl. Oňa minnetdarlyk hem bildirjek däl. Eger bar iş halyfa galsa, men heniz hem zyndanda ejir çekerdim. Mundan beýlägem ömürboýy men öz garry babama — ýaşulyma alkyş-salawat aýdyp gezerin. Çünki maňa dogry ýoly görkezen we bu ýerde okalmaly dogany öwreden Oldur.

Halyfyň adamlary haýran galdy:

— O nähili, seni halyf çykarmadymy? Muny halyf bize emir etdi ahyryn!

Ýigit mylaýym ýylgyrdy-da:

— Ýok, halyf buýruk bermedi, oňa buýruk berdirdiler — diýdi.

— O näme diýmek?

— Meni zyndanda günäsiz ýere sakladylar. Her gije gözýaş bilen Allanyň Resulyna ýalbardym, salawat okadym, bu ýerden çykmagym üçin şepagat etmegini diledim. Nebileriň soltany bir gije düýşüme girdi-de: «Gamgyn bolma, şu dogany oka-da, halas bol!» diýdi. Şondan soň men başymy her gezek ýassyga goýamda şol dogany okaýardym. Ine, şol doganyň bereketi bilen halyf meni azat etdi.

— Ähli güýç-kuwwat bir Allahyň elindedir. Ýeri, ol nähili dogady?

— Doga şeýledi: «Eý, ähli gizlin haýyşlary duýýan, gudratly, ölüleri direldýän, dirileri öldürýän, jansyz süňklere et geýdirip, olara ýaşaýyş berýän, Taňrym! Allanyň Resuly hezreti Muhammet alaýhyssalama çäksiz salawat we salam bolsun! Onuň hormaty üçin maňa bir çykyş ýoluny salgy ber, bir çäre döret. Sebäbi Sen her dürli çykalgany bilýänsiň, Sensiz elimden hiç zat gelmez».

Kalbyma dolan ses näme diýdi, bilýäňizmi: «Eý, ýigit, dogaň-da, özüň-de mübäreksiň. Saňa buşlugymyz bolsun!».

Ine, şol dogadan soň gelip meni zyndandan çykardyňyz. Hany, indi aýdyň, meni halyf halas etdimi ýa-da Ýaradan?

Bu jogaby eşiden halyfyň adamy köşge gaýdyp baryp, oňa şeýle diýdi:

— Eý, möminleriň emiri, ol-a: «Meni halyf boşatmady, boşatdyrdylar» diýip, huzuryňyza gelmekden ýüz öwürýär.

Halyf Mehdi gözlerini ýokary dikip hüňürdedi:

— Ol ýigit dogry aýdýar. Düýşümde eli äpet gürzüli ýigidiň kelläme haýbatly seredýänini gördüm. Ol gürzüsini ýokarda galgadyp: «Eý, Mehdi, özüň saýla! Ýa zyndanda ýatan ol bigünä ýigidi azat edersiň, ýa depäňden indirýän» diýip gygyrýardy. Eger azajyk gijä galan bolsam, beýnim kül-uşak bolardy.

***

Görşüňiz ýaly, bu duýduryjy we halas bolmaga eltiji düýşdür. Merhum Akif şeýle diýýär:

«Bu älem bir düýşmüşin, bir pasyl gelen-geçen,

Bakyda göz ýetirersiň, ne ajap hakykat eken».

Edil düýşde ynsana azap we buşluk berlişi ýaly, ahyretde hem buşluk we azap bardyr. Bu sözlerden soňam men görmedik dünýäme ynanamok diýmek manysyzdyr. Sebäbi ýumşak düşegiňde düýşler dünýäsine çümeniňde kä azap, kä hoş habar, kä begenç, kä gaýgy bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Diýmek, ölümem seni tapar we Allatagalanyň huzuryna hasap üçin çagyrylarsyň.

Adam diňe özi üçin däl, başgalar üçin hem düýş görüp bilýär. Düýşde adam öz çagalaryny, ata-enesini, doganlaryny, dostlaryny, kärdeşlerini, aýalyny we ildeşlerini hem görüp bilýär.

Munuň bir mysalyny gürrüň bereýin:

Küfrüň başy Abu Jehil bir gije düýşünde yslam dinine girip, Allanyň Resulyna baş egşini gördi. Bu düýşüň ýorgudy onuň özi däl-de, ogly hakdady: Hezreti Ykrime Yslamyň tuglarynyň birine öwrülip, şehit bolup dünýäsini täzeledi.

Hezreti Ybraýym alaýhyssalam hem düýşünde gözüniň nury ýaly ogluny gurban edendigini gördi. Ol ýagdaýy ogluna gürrüň berip:

— Oglum, ýagdaýlar-a şeýle, ýöne sen näme diýýärsiň — diýdi.

Allatagala tarapyndan ýüzüne-de, kalbyna-da kerem bagyşlanan şol oglanjyk kakasynyň emriniň öňünde baş egip, tutuş adamzat üçin görelde boldy.

Käte düýşümize köşgi-eýwanda ýaşap ýörşümiz girýär. Kä patyşa bolýarys, käte-de gara topragyň astyna girýäris. Bize näzli dilberiň elinden bada göterdýän düýşler hem bar. Gökde bulutlara çykyp, ýa ýeriň düýbüne girişimize näme diýjek? Özem şularyň ählisi bir salymlyk uka sygýar. Aýdyşlaryna görä, iň uzyn düýşler hem üç-dört minutdan geçenokmyşyn. Ýöne şol gysga wagt aralygynyň ynsana gaýypdan berýän habarlary hyýallara sygar ýaly däl.

Hiç kim: «Men islän wagtym düýş görýän» diýip bilmez. Çünki düýşleriň syry heniz açylmady, ruhlar äleminiň bu syrly barlygy Allatagalanyň emrindedir.

Düýşler we adamlar barada aýdylan zatlar juda kän. Ýöne düýşleriň hakykata öwrülip bilýänleri hem, hyýallygyna galýanlary hem bar. Köplenç bolsa, görýän düýşlerimizi unudyp goýberýäris. Ozal hem nygtaýşymyz ýaly, diňe pygamberleriň, welileriň, salyh kişileriň gören düýşleri hakykatyň aýnasy bolup bilýär.

Keremi çäksiz Rebbimiz söýgüli gullaryna düýşünde käbir syrlary we gaýyplary habar berýär. Şol gaýybyň açary Onuň gudratly elindedir. Ol bildirmese, hiç kim gaýypdan habarly bolup bilmez.

Taryhda hakykata öwrülen düýşler örän kän, ýöne ýoluňy düýşe görä dowam etmeli diýen zat hem ýok.

Bir mysal bereli:

Sahabalardan Abdylla ibn Abbas bir gün ukudan ýüzi sap-sary bolup oýandy-da:

— Innä lillähi we innä ileýh ra:jiu:n (Biz Allanyň guly we Oňa gaýdyp bararys) — diýdi.

Ýanyndaky dostlary muňa haýran galyp, ondan:

— Eý, Abdylla, näme boldy? Ýüzüň boz-ýaz, juda tukat. Näme üçin beýle gaýga batdyň? — diýip soradylar.

— Walla, şu gün hezreti Hüseýin we ýakynlaryndan ýakymsyz habar eşitsek gerek…

— Eý, toba! Bu nireden çykdy? Ol sözüni dowam etdi:

— Düýşümde Resul alaýhyssalamy gördüm. Ol gaty perişandy. Ellerinde-de içi gyrmyzydan (gandan) doly bir çüýşe bardy. Üstesine-de, ýerden gan toplaýardy. Ol maňa: «Eý, Abdylla, ymmatymyň menden soňra nämeler edendiginden habaryň barmy?» diýip ýüzlendi. Menem: «Ýok, habarym ýok, Allanyň Resuly» diýip jogap berdim. Ol bolsa: «Bu gün agtygym Hüseýini we onuň ýoldaşlaryny heläk etdiler. Bu toplaýanym şonuň ganydyr. Men muny beýik Rebbime alyp barýaryn» diýdi.

Abdylla düýşüni gürrüň berýärkä, gözýaş siline gark bolýardy:

— Walla, bu düýşüme görä, ol şu gün şehit bolar.

Ynanyň, töwerekdäkileriň hemmesi bolup biljek wagşylyga haýran galmakdan ýaňa gorkynyň çeňňeginde titreýärdiler. Şol halda-da:

— Ýok, bu bary-ýogy bir düýş. Ony dogry ýormak gerek. Beýik Allanyň özi haýyrlysyny etsin — diýip umytdadylar.

Hezreti Abdylla ibn Abbas ýaşdan dolan gözlerini hemdemlerine dikip şeýle diýdi:

— Eý, gowy ynsanlar! Allanyň Resulynyň giren düýşüniň ýorguda mätäçligi ýokdur. Beýle düýş Gün kimin äleme äşgärdir. Nämedir bu başymyza gelenler!

Sahabanyň ýakynlary şol güni hiç haçan ýadyndan çykarmadylar. Şol gün hijriniň 62-nji, Muharram aýynyň 10-y, hepdäniň hem anna günüdi.

Ajy habar olaryň bolýan ýerine 25 günden soň geldi. Hezreti Abdyllanyň düýş gören gününde, hakykatdan hem, hezreti Hüseýin we onuň ýoldaşlarynyň 72-si bir damja suwa teşne bolup, Kerbela çölünde şehit edilen ekeni…

Şeýlelikde, köňli Hakyň kerem Güneşi bilen öwşün atýan sahabanyň düýşi hakykat boldy. Çünki ol düýşünde nebileriň soltanyny görüpdi. Allatagalanyň söýgüli Pygamberi şeýle diýipdi:

— Kimde-kim düýşünde meni görse, ol menden başga adam däldir. Çünki şeýtan maňa meňzäp bilmez (meniň keşbime girip bilmez).

Elbetde, Allanyň Resulyny düýşünde gören adamyň onuň mübärek jemalyny tanamagy hem zerur. Allanyň eziz we mertebeli Resuly ähli adamzat üçin ýolgörkezijidir. Onuň mukaddes bedeni ylahydan gelýän nur bilen parlaýar. Ol nuruň ýakymyna janymyz perwana. Onuň parlak keşbi — Güneşleriň Güneşi. Tutuş älem şonuň ruhy üçin ýaradyldy. Şeýtan bolsa ebedi näletlenendir we ol bir ýoldan azdyryjy, pitne çeşmesidir. Ine, şeýle bolansoň, ol Resul alaýhyssalamyň näzik we nurana barlygyna nädip bürenip bilsin? Size Osman Gazynyň düýşüni gürrüň bereýin:

Birwagtlar Osmanly imperiýasyny esaslandyran Osman Gazy täsin bir düýş gördi. Elbetde, adam öz islegine görä düýş görmeýär, düýş oňa görkezilýär. Osman Gazy-da düýşünde hakykatyň gapysyny ideýär, oňa hoş habarlar we sagadatlar berilýärmiş.

Ine, birden hem onuň göbeginden suw pürkülip başlaýarmyş. Suw barha köpelip-köpelip, başbermez derýa öwrülýär. Az salymdan hem şol derýanyň kenarynda äpet çynar agajy peýda bolmazmy?!

Çynar, emma nähili çynar! Ol şeýlebir ulumyş welin, şahalary, baldaklary dünýäni tutup dur diýýär. Başy bolsa gözýetmez beýikdemiş. Çynaryň kölegesinde bolsa iki ýana adamlaryň uçuşyp ýörenini görüpdir. Agajyň kölegesi mysaly adam deňzi….

Osman Gazy düýşünde bu ajaýyp görnüşden sermest bolup ýörkä, birden garşysyndan şyh Edebaly hezretleriniň gelýändigini görýär. Şol mahal şyhyň gursagyndan gözüňi gamaşdyrýan parlaklykda bir Aý bölünip aýrylýar-da, Osman Gazynyň gursagyna girip gidýär.

Bilýäňizmi, beýik ynsanlaryň düýşem özleri ýaly beýik bolýar. Osman Gazy ýatan ýerinden böküp turupdyr-da:

— Taňrymyň merhemetine şükürler bolsun! Örän ajap bir düýş gördüm! Hernä, soňy hem haýyrly bolsun! — diýdi.

Ol dessine şyh hezretleriniň ýanyna baryp, düýşünde görenlerini jikme-jik beýan etdi. Soňra-da:

— Eý, nurana ýüzli pirim, emriňiz nedir? — diýip ýüzlendi.

Hezreti şyh bir pursat oýa batdy. Soňra-da gözlerine heniz görülmedik ýalkym dolup jogap berdi:

— Sen örän gowy düýş görüpsiň, begzadam — diýdi. Muny eşiden Osman Gazy begenjinden iki bolup bilmedi:

— Elhamdulillah!

Edebaly şyh onuň gören düýşüni şeýle ýordy:

— Begzadam, göbegiňden çykan suw seniň nesliňdir. Bu ýagdaý nesliň köpeljekdigini, dünýäni tutup, asyrlaryň dowamynda şan-şöhratly ýaşajakdygyny buşlaýar. Derýanyň kenaryndaky äpet çynar bolsa seniň gurjak döwletiňdir. Ol şeýlebir berk döwlet bolar welin, kyýamatyň alamatlary äşgär bolup başlaýança synmaz. Şol döwletde milletleriň birentegi bagtyýar ýaşar.

Onsoňam, begzadam, bu düýşde saňa bir däl, iki sylag berilýär.

Osman Gazy soňky jümlä hasam haýran galdy:

— Ikinji habar nämedir, pirim?

— Hawa, birinjisi-hä, seniň gurjak döwletiň, ikinjisem, meniň gyzymdyr.

Şyhyň soňky sözleri Osmanyň ýüregine alaw salmazmy?! Ol şyhdan utanjyndan ýaňa näme diýjeginem bilmedi. Şol mahal ýer ýarylsa, Osman pikirlenmän girjekdi.

Gaşynda başyny egip, aljyrap duran Osmana garap, şyh ýene şeýle diýdi:

— Hawa, saňa berlen iki habaryň biri — gyzym Mal hatyndyr. Allatagala ony-da saňa tabşyrmagy emir edipdir. Meniň gursagymdan çykyp, seniň goýnuňa giren Aýyň ýorgudy şoldur, begim! Allatagala haýyrly etsin!

Wagt geçdi, Osman Gazynyň gören düýşi hakykat bolup parlady: onuň guran döwleti bir gyly kyrka bölüp biljek derejede adalatly we äleme dolan şan-şöhratly boldy. Elbetde, bu döwlet telim asyrlap Yslamyň baýdak göterijisine öwrüldi.

Ine, bu-da düýş, ýöne hakykatyň hut özüni beýan eden düýş.

Düýşi görýän adam bilen ony ýorýan hem deň derejede orun tutýar. Çünki taryh, köplenç, düýşleriň görlüşi ýaly däl-de, ýorulyşy ýaly ýoly yzarlaýandygyny görkezdi. Şonuň üçin hem düýşleri, mümkin boldugyndan ýagşa ýormak gerek.

Düýşi ýorýan adam ony görene şeýle diýse has gowy:

— Gören zatlaryň haýyrly bolsun! Onuň haýra sebäp bolmagyny we saňa şatlyk getirmegini arzuw edýäris. Çünki haýyr biziňki, ýamanlygam duşmanlarymyzyňkydyr. Asyl hakykat bolsa ähli älemleriň mäligi Rebbime degişlidir. Ähli emirleri Ol berýär, biz bolsa dileg edýäris. Hany, düýşüňi aýdyp ber…

Ýene bir bellemeli zadymyz, Gün dogup we ýaşyp barýan wagty düýş ýormaly däldir.

Eger düýş eýesi düýşüň ýorgudy bilen şeýle bir gyzyklanýan bolsa, bir alyma ýa-da pähimdara ýordursa gowy. Jahyl-nadan we niýeti gara ýordurylan düýşden diňe umytsyzlyk döräp biler. Çalasowat biri düýşdäki gowulygy erbetlik, erbetligem gowulyk hökmünde görüp biler.

Şeýle bir söz bar: «Düýş — uçup barýan guşuň aýagynyň üstünde. Ýorulmasa, onuň hiç bir zada täsiri ýok. Ýoruldymy, düýş ýerini tapar».

Her gören düýşüňi ýordurjak bolup ýörmeli hem däl. Ýatda galyjy düýşler hemişe görlüp hem durmaýar, käte bolsa olaryň daşky görnüşi gorkunç, ýöne içi gözeldir. Göräýmäge gözel ýaly, ýöne manysynda gözellik garyndysy bolmadyk düýşler hem bar.

Adam bularyň ählisine ylym we parasat bilen akyl ýetirip biler. Ýene bir gezek gaýtalaýaryn: gören düýşüniň haýra sazlaşmagyny isleýän adamyň özi-de, sözi-de dogry bolmalydyr. Ol kalbyny ýalandan, gybatdan arassalamaly, ýüregi garaldýan günälerden uzak durmaly. Çünki günä tümlügi gaplan köňle hikmet nury inmez. Şeýle kalpda hakykat hem miwe berip bilmez. Munuň üçin şol adamyň günälerine toba edip, tämizlenmegine garaşmaly bolar.

Ýalançynyň düýşünden hakykata garaşmaň. Hawa, olaryňam düýş görmäge haky bar, ýöne şol düýş ähli aýdyňlygy bilen ýadyna düşäýmez. Pygamberimiz bu barada şeýle diýdi:

— Düýşüni ýalan beýan eden, görmedik zadyny gördüm diýen adamdan kyýamat gününde arpa dänesiniň bir ujuny beýleki ujy bilen düwmek talap ediler. Gözi bilen bagly ýalan sözlän ( Ýagny görmedik zadyny gördüm diýen adam.) adam jennetiň ysyny almaz. Iň uly töhmet adamyň öz gözlerine atan töhmetidir. Käbir adamlar: «Men gördüm» diýýändir, ýöne gören zady ýokdur.

Hawa, görmedik zadyňy «Gördüm» diýmek, öz gözüňe töhmet atmakdan başga zat däl. Onsoň hem görmek ýa görmezlik adamyň öz elinde däl. Adama käbir zatlar görkezilýär. Olaryň arasynda käte buşluk, kä gorky, kä şatlyk, käte-de gaýgy bar. Ýöne salyh düýşler mömin guluň buşlugydyr. Özi salyh bolan adamyň düýşi hem salyhdyr.

Ymam Nablusy şeýle diýipdir:

— Käte ýorgut görlen düýşüň tersine bolup hem bilýär. Käbir ýorgutçylar aglamagy begenmek, gülmegi gaýgylanmak, sili duşman, duşmany sil, injir iýmegi ökünmek, ökünmekligi injir iýmek, çekirtgäni esger, esgeri-de çekirtge diýip düşündirýärler.

Şeýle bolsa düýş ýormak babatynda çynlakaý çemeleşmeli. Ony düýş ýormagy başarýan adamlara ýordurmaly. Çünki ökdeden ökde bardyr.

Bir gün bir adam Ibn Sirin hezretleriniň ýanyna gelip:

— Eý, ussadym, düýşümde doňuzlaryň boýnuna merjenleri dakýarmyşym. Bu nämäniň alamatyka? — diýip sorady.

Ibn Sirin oňa şeýle jogap berdi:

— Eý, dogan, sen öwrenmek islemeýän adamlara sapak berýärsiň. Bu şonuň alamatydyr.

Bu jogaby eşiden adam dessine talyplaryny synagdan geçirdi, hakykatdan hem, olaryň käbirinde asla öwrenmek islegi ýokmuşyn. Şondan soň ol olara sapak geçmegi goýbolsun etdi.

Düýş ýorgutlary şerigatyň bir ylmydyr. Beýik kitabymyz Gurhanda munuň delilleri, Allanyň Resulynyň hadyslarynda bolsa alamatlary bardyr.

Düýşi oňa akylly-başly düşünip biljeklere gürrüň bermeli. Hiç kime gürrüň bermeseň hem haýra ýorup, üstünde kän bir heçjikläp durmaly däl. Çünki gudrata garaşýan adam Rebbine ynamly we wepaly bolmalydyr.

Ruh — Allanyň emrindedir. Biribar islänine ýol görkezýär, islänine hikmet eçilýär. Ol ýeke-täk Ýaradyjydyr. Bir özi höküm eder, meňzeşi we ýoldaşy ýokdur.

Oňa ýaradanlarynyň sany ýaly şükürler bolsun. Ine, maňa galam tutmagy emir etdi we bu eserleri tamamlap bilmek mümkinçiligini berdi.

Bu eserde Jafar Sadyk, Ibn Sirin, Ymam Nablusy ýaly başga-da köp sanly yslam beýikleriniň düýş ýorgutlaryny tapyp bilersiňiz.

Ýa Reb, eçil keremiň, hem eçil sapa bize,

Nesip et gözel ahlak, yşgy-Mustafa bize.

Mustafa Nejati Bursaly.
06.07.1993. Ýeniköý / Stambul.

***

Düýşüň hili we görnüşleri
Ömer Nasuhi Bilmen
(Ozalky din işleri boýunça ýolbaşçy)

Düýş «Ukudaky görüş ýa-da görlen zat» diýmekdir. Düýş nähili döreýär, näçe görnüşe bölünýär, ol hakykata daýanýarmy ýa hyýaldan ybaratmy, bularyň ählisi barada hadyslarda, söz ylmynda we psihologiýada birnäçe jogaplar berlipdir. Olaryň esasylary şulardyr:

Ibn Majeniň Awf ibn Mälikden gürrüň berýän rowaýatynda düýşüň üç görnüşiniň bardygy aýdylýar:

1. Adamlary ýolundan azaşdyrmak ýa-da gorkuzmak üçin şeýtan tarapyndan görkezilen hyýaly we gorkunç düýşler. Olara düýşdäki beýiklikden bökmek, itiň dişlemegi, ýylanyň hüjüm etmegi ýaly ýagdaýlar girýär. Bularyň aglabasy asylsyz zatlardyr. Beýle düýşleri gören adam dessine Haka sygnyp, ony gürrüň bermekden saklanmaly.

2. Adamyň huşundaky ýagdaýlar bilen bagly düýşler. Bular hem seriňi gaplap alan gerekli we gereksiz pikirlerden dörändigi sebäpli esassyzdyr.

3. Çyn düýşler pygamberligiň 46-dan bir bölegidir. Ylahydan berlen bu düýşleriň gowulyk bilen hasyl bolmak ähtimallygy has ýokarydyr. Perişdeler lowhul-mahfuzdan — Ýazgyt kitabyndan alan maglumatlaryny uklaýanlaryň ruhuna ylham arkaly aýan edýärler. Şeýle düýşler perişdeleriň ýetirýän düýşleridir.

Aýdyşlaryna görä, bu düýşleriň görnüşleriň birinjisi we ikinjisi batyl düýşlerdir. Olara diniň dilinde «hulm» diýilýär. Beýle düýşleriň garyşyklygy sebäpli olara «Adgasi ahlam» — garabasmaly, bulam-bujar, düşnüksiz düýşler hem diýilýär. Aslynda, Adgas — «terleri guranyna garyşan ot» diýmekdir.

Ýöne üçünji görnüşdäki düýşler, tüýs sadyk düýşlerdir. Beýle düýşler dogry sözli, tämiz we päk ýürekli, ynam-ygtykatly adamlara miýesser edýär. Olara «Salyh düýşleriň eýeleri» hem diýilýär.

Resul alaýhyssalama 23 ýyllap ylahydan owaz gelipdir. Ine, şunça wagtyň ilkinji alty aýynda ol kalbyna dolan owazy düýşünde kabul edipdir.

Düýşler kanunlaryna görä, iki topara bölünýär:

1. Hiç bir zada haýry degmeýän, hiç bir zady aňlatmaýan, ýorulmaýan, diňe hyýaldan ybarat, esassyz düýşler. Olar ýa-ha düýşüň eýesiniň huşundaky hal-ýagdaýyndan, ýa-da onuň içki dünýäsindäki garyşyk pikir-oýlardan ybaratdyr. Mysal üçin, göresimiz gelen ýakynymyzy düýşümizde görüp bileris. Ýa-da bir ýata hassa özüni düýşünde çeşmäniň, derýanyň kenarynda gezelenç edip ýörkä görüp biler. Ýöne beýle düýşler diňe hyýaldan ybaratdyr. Hyýalyň önümidir.

2. Hakykata daýanýan düýşler. Öň bolup geçen ýa-da geljekde boljak zatlary görkezýän düýşler. Eýsem, adam heniz özüne näbelli hadysadan düýş arkaly nädip habar alyp bilýär?

Bu mesele ynsan hakykaty bilen baglydyr. Adamyň duýgusy diňe bäş duýgudan ybarat däl. Belki, ynsan gizlin, duýulmaýan ruhy dünýäden ybarat barlykdyr. Şol ruh hem ony pany dünýäden asyl bolmaly, hakyky dünýäsine alyp barýandyr. Belki, ol beden ukudaka adama täsirini ýetirip bilýändir.

Düýşleriň ikinji bir görnüşi salyh düýşlerdir. Bular hakykatyň hut özüdir. Şonuň üçin olaryň mertebesi hem ýokary. Olary inkär etmek bolsa hakykatdan gaçmakdyr.

Üç mysal:

1. Allanyň Resuly düýşünde ýakynlary bilen bilelikde Haram metjidine girişini gördi. Soňra bu düýş hakyky durmuşda hem bolşy ýaly gaýtalandy.

2. Hezreti Ýusup on bir ýyldyzyň, Gündür Aý bilen bilelikde özüne tagzym edýändigini düýşünde gördi. Bu-da geljekden habarnamady. Ýöne hakyky bolmaly wakanyň hut özi däl-de, ondan bir nyşandy. Soň wagt geçip, on bir dogany bilen birlikde atasydyr enesi oňa pygamber hökmünde baş egdi.

3. Pygamberimiz bir gün öz penasyndaky huza’a taýpasy bilen bagly düýş gördi. Ir bilen hezreti Äşe enemiz huza’anyň bir howpa uçrandygyny habar berdi. Az salymdan soň huza’anyň wekilleri gelip, özlerine Beni Bekir taýpasynyň çozandyklaryny aýtdylar. Ine, Pygamberimiziň düýşleriniň ählisi şeýle salyh düýşlerdi. Galyberse-de, olar pygamberimize Gökden inderilen owazdyr.

Hadyslaryň birinde: «Pygamberlik tamam boldy, indi diňe hoş habarlary buşlaýan ýagşy düýşler galdy».

Başga bir hadysda bolsa: «Mundan soňra durmuş hakykatlary düýşlerde aýan ediler. Adam ýa-ha özi, ýa-da başgalar barada düýş görer» diýilýär.

Düýş gören adamyň özi hem ony ýorup biler, ýok, eger başga birine ýordurjak bolsa, düýşi ýorjak adamy ünsli saýlamalydyr. Çünki düýş ýalňyş ýorulan hem bolsa, soňra şol ýorulyşy ýaly hasyl bolup biler. Şonuň üçin bu ýagdaýa ünsli çemeleşmek gerek. Hadyslaryň birinde düýş ýorulmasa, onuň uçup barýan guşdan parhynyň ýokdugy aýdylýar. Ol diňe ýorulansoň hakykata öwrülýär.

Şeýle bolansoň, düýş barada her kime gürrüň berip ýörmek gerek däl. Ony ýa dostuňa, ýa-da dogry ýorup biljek adama gürrüň bermeli.

Ömer Nasuhi Bilmen

***

Ymam Nablusynyň düýş baradaky pikirleri

Ymam Nablusy «Tatirul-Enam fi Tabiril-Menam» atly eseriniň girişinde Allanyň Resulyna berýän salamyndan soň şeýle ýazýar:

— Beýik Allatagala kerim kitabynda: «Olara bu dünýäde-de, ahyretde-de hoş habarlar, buşluklar bardyr» ( Ýunus süresiniň 64-nji aýaty.) diýýär.

Bu mübärek aýaty käbir adamlar şeýle ýorýar: «Dünýä ýaşaýşymyzdaky hoş habarlar öz gören ýa-da başgalaryň biz barada gören düýşlerinde habar berilýär. Ahyretdäki hoşluk bolsa Allatagalanyň jemalyny görmekdir».

Barlygyň soltany: «Salyh düýşe ynanmaýan adam Alla we ahyret gününe-de iman eden däldir» diýipdir.

Indi bolsa möminleriň tämiz we päk enesi hezreti Äşäniň aýdanlaryna gulak asyň: «Allanyň Resulyna gelen owazlaryň başy onuň salyh düýşleridi. Ol nähili düýş görse, edil säher aýdyňlygy ýaly, şol durşuna huşunda hem gaýtalanardy».

Rowaýat etmeklerine görä, bir gün Allanyň Resuly hezreti Abu Bekre şeýle diýipdir: «Eý, Abu Bekr, şeýle bir düýş görüpdirin: ikimiz bir merduwan bilen ýokary çykýarmyşyk, ýöne men senden iki basgançak ýokardamyşym».

Bu sözleri eşiden Abu Bekr gözlerini Allanyň Resulynyň mübärek jemalyna dikip, düýşi şeýle ýordy: «Eý, Allanyň Resuly, Ýaradan siziň ruhuňyzy alyp, rahmetine gowşuranyndan soň hem men birki ýyl ýaşasam gerek».

(Hezreti Abu Bekriň bu ýorgudynyň ýerine düşendigine taryh şaýat).

Başga bir gün bolsa Allanyň Resuly hezreti Syddyk Ekbere: «Eý, Abu Bekr, düýşümde gara goýnuň meni, başga bir ak goýnuň bolsa gara goýny kowalaýanyny gördüm» diýip, gören düýşüni gürrüň beripdir.

Abu Bekr nebiler nebisiniň bu düýşüni bolsa şeýle ýorýar: «Eý, Allanyň Resuly, ilki size araplar, soňra bolsa arap däller hem uýar».

(Wagt bu ýorgudy hem hakykata gowuşdyrdy).

Beýik Ýaradan hezreti Ýusuba düýşler äleminiň açaryny berdi. Bu barada Gurhanda şeýle ýazylýar:

«Rebbiň seni saýlap, saňa düýş ýormagy öwreder».

Düýş ylmy, aslynda, Ýer ýüzünde adamzat döräli bäri ýaşap gelýär. Pygamberlerdir nebiler hem bu ylymdan kämil baş çykarypdyrlar. Pygamberleriň gören düýşlerini birentegi olara Rebbi tarapyndan gelen owazdyr.

Düýşler üç görnüşe bölünýär:

1. Allatagala tarapyndan buşluk habarlary berlen düýşler. Olar pygamberimiziň hadyslarynda ady geçýän salyh düýşlerdir.

2. Şeýtan tarapyndan gorkuzmak üçin görkezilýän hyýaly düýşler.

3. Adamyň öz pikir-hyýallaryndan dörän düýşler.

(Şeýtan Adam atanyň perzentleriniň gutulgysyz duşmany. Duşmandan gözbaş alýan düýşler hem, elbetde, batyl düýşlerdir). Beýle düýşleriň batyldygy üçin hem olara pitiwa berilmeýär. Her niçik hem bolsa, salyh hadyslar bizi beýle hadysadan halas edýär. Bir gün Allanyň Resulynyň ýanyna bir adam gelip:

— Düýşümde kelläm alnypdyr, ýöne men kellesiz hem gezip ýörmüşim — diýip, gören düýşüni gürrüň beripdir.

Muny eşiden pygamberimiz:

— Ukudakaň şeýtanyň seniň bilen oýnaýanyny hiç kime gürrüň berme — diýipdir.

***

Käbir düýşleriň nebisden döräp bilýändiginden habaryňyz barmydy? Mysal üçin, bu şeýle bolup geçýär: biz düýşümizde özümizi juda söýýän adamymyzyň ýanynda görýäris. Ýa gorkan zadymyzyň, ahwalymyzyň düýşe girýän pursatlary hem bar. Kimsämiz bolsa her dürli nygmatlardan aşa iýip, ony hem içimize sygdyryp bilmän gaýtarýarys. Aslynda, bu düýşleriň ählisi nebsiň arzuwydyr. Elbetde, olar salyh düýş däldir.

Aslynda, batyl düýşler ýedi görnüşli bolýar:

1. Gaýgy bilen arzuwyň garyşmagyndan emele gelen düýşler.

2. Adamyň düýşünde öz maksatlaryna garşy çykmagy. Beýle düýşlerem ýorulmaýar. Olaryň ýorgudy ýokdur.

3. Şeýtan tarapyndan gorkuzmak üçin görkezilýän düýşler. Olaryň ony gören adama hiç bir zyýany degmez.

4. Jynlaryň görkezýän düýşi. Elbetde, düýş gören adam bu ýagdaýda-da ezýet çeker.

5. Iblisiň görkezýän binýady batyl düýşler. Olary düýş hasaplamak hem dogry däl.

6. Beýnimiziň gaýga we psihologiki duýgulara gaplanan çagynda görýän düýşlerimiz. Geliň, olary hem düýş hasaplamalyň.

7. Ezýet berýän düýşler. Bu ýagdaýda mundan birnäçe ýyl ozal bolup geçen agyr ýagdaýlar gaýtalanyp düýşümize girip biler.

Düýşleriň iň haýyrlysy hoş habarlara beslenenidir.

Haýyrly düýşleriň hem bäş görnüşi bar:

1. Sadyklygy aýdyň düýş. Bu pygamberligiň bir ülşüdir. Göni Allatagalanyň emri bilen şol durşuna düýşde görlüşi ýaly aýdyň hasyl bolýan düýşler. Allatagalanyň Resuly şeýle diýýär:

«Allatagala öz Resulyna görkezen şol hak düýşüni hasyl etdi(dogrulady). Saç-sakgalyňyz timarlanan görnüşinde, hiç zatdan gorkusyz, howp-hatarsyz Mesjidil-Harama girersiňiz».( Feth süresiniň 27-nji aýaty.)

Bu düýş Allanyň Resulyna Hudeýbiýe saparynyň dowamynda görkezildi. Şondan soň Pygamberimiziň ýanyndaky sahabalar emir edilişi ýaly, saç-sakgallaryny timarlap, Mekke şäherinde mukaddes Käbä girdiler.

Hatda Allatagala iň soňky pygamberi iberjekdigini hem düýşlerde habar berdi. Hezreti Ybraýyma ogly hezreti Ysmaýyly gurban bermegi baradaky emir hem köküni düýşden alyp gaýdýar. Aslynda, beýle düýşleri başgaça ýorjak bolmagyň zerurlygy hem ýok.

Düýş ýormak ylmyndan aňryçäk baş çykarýanlaryň biri şeýle diýipdir:

«Aýdyň düýş görmek iň beýik sagadatlaryň biridir. Ýöne aýdyň düýşi diňe Allatagala görkezýär. «Muny perişdeler görkezýär diýmeli» däldir. Perişdeler diňe Allatagalanyň emri bilen görkezilmeli zady düýşüňize — ruhuňyza girizer».

2. Salyh düýş hem Allatagala tarapyndan görkezilýär. Ýaradan şeýle düýş bilen öz guluna eden we indi etjek işleri barada hoş habarlary buşlaýar.

3. Düýşler üçin berkidilen perişdä «Syddykun» diýilýär. Bu perişde beýik Allatagalanyň kitaplaryň seresinden özüne öwredilenlerini gönümel ýa-da göçme manylar bilen düýşümize girizýär. Her bir zadyň hyýal (mysal) dünýäsinde-de bir meňzeşi bardyr.

4. Myrat we maksat aýdyňlaşmadyk, gizlin yşaratlary berýän düýşler. Beýle düýşler özleriniň görlen ýeriniň kömegine baglydyr. Beýle ýagdaýlarda haýry şer, şeri bolsa haýyr diýlip ýorulsa, ýerine düşer. Mysal üçin, düýşünde metjitde deprek çalýandygyny gören adam dessine toba etmelidir. Çünki bu ýagdaý dinimize ters gelýär.

Çagalaryň görýän düýşlerinden, köplenç, guwandyryjy ýorgutlar emele geler. Gözelligi dünýä meşhur hezreti Ýusup häzirki wagtda rowaýata öwrülen düýşüni görende ýedi ýaşyndady. Gurhanda beýan edilişi ýaly, ukudan oýanan Ýusup atasyna: «Men düýşümde on bir ýyldyz, Gün bilen Aýy gördüm. Olar maňa sežde edýärler» diýipdi.

Bu düýşüň ýorgudy juda oraşan çykdy: hezreti Ýusup Allatagalanyň emri bilen ençeme nygmatyň eýesi boldy.

Düýş barada Ymam Nablusynyň ýokarda getirilenlere meňzeş ýene-de ençeme sözi bar. Biz olary gysgaça aldyk. Indi bolsa giriş sözlerini jemläp, kitabyň esasy süňňüne geçýäris. Her işiň haýryny beren hem, bilen hem Alladyr!

A

Allatagala. Allatagala ahyretiň päk suwy bilen günälerimizi tämizlesin. Ol islemese, hiç bir iş amala aşmaz. Göwün aýnamyza onuň keremli Güneşi düşmese, döwletimiz artmaz. Ol şeýle bir beýik gudrata eýe welin, onuň gudratynyň öňünde akyllar haýran galmakdan ýaňa ýere ýazylar.

Ol birdir we ýeke-täkdir. Onuň taýy bolmak ähtimallygy düýbünden ýokdur. Hut şu ynanç hem Allanyň bendelerine haýyr getirer. Kimde-kim düýşünde Allatagalanyň jemalyny görse, akyla sygmajak gowulyklar bilen serpaýlanar. Ol adamyň ahyreti hem sag-salamat bolar.

Mezhep ymamlarymyzdan Ahmed ibn Hanbel Rebbini düýşünde görüp, Oňa şeýle sowal berenmiş:

— Eý, Rebbim, gullaryňy saňa ýakyn kylýan işleriň iň haýyrlysy haýsydyr?

Bu sowala jogap hökmünde oňa Rebbinden şeýle owaz gelýär:

— Meniň sözümi sözlemekleridir.

— Düşünipmi ýa düşünmän okasalar hem haýyrlymydyr?

— Düşünseler hem, düşünmeseler hem.

Bu hadysa ägirtleriň we welileriň Rebbini düýşünde biziň pikirimize hem sygmajak derejede görüp bilýändiklerini görkezýär. Onsoň hem düýşler adamyň öz erki bilen görülmeýär, düýş oňa görkezilýär.

Rowaýat edişlerine görä, Allanyň resuly sahabalaryna şeýle diýipdir:

«Düýşleriň iň ýagşysy düýşüňde Allatagalany, pygamberini we musulman ata-enesini görmegidir».

Muny eşiden sahabalar Allanyň resulyndan:

«Eý, Resulallah, bir ynsan düýşünde Allatagalany görüp bilermi? Bu boljak zatmy?» diýip ýüzlendiler.

Pygamberimiz şeýle diýdi:

«Öz ýurdunyň soltanyny görer. Düýşüňde ýurduň adyl soltanyny görmek, Allatagalany görmeklige ýorulýar».

(Düýşüňde Soltany görmek, Allatagalany görmekdir).

***

Kimde-kim düýşünde Allatagalanyň özüni ýalkaýşyny we jennete girişini görse, ol huşunda hem Rebbinden ýalkanar.

Allatagala bilen araňda perde bardygyny görmek uly günäden habar berýär. Düýşde Allanyň arşyna çykmak uly haýra garaşybermekdir. Allatagala bilen gürleşmek, Gurhan okamaga çagyryş hökmünde ýorulýar. Çünki Gurhan Allatagalanyň kelamydyr.

Alla ýolunda gulluk. Düýşde Ýaradana gulluk edýändigiňi görmek ybadata dowam etmäge, Allanyň emirlerini ýerine ýetirmäge, pygamberimiziň sünnetine uýmaga we Hakdan gorkmaga delalat eder.

Bu mukaddes gulluk üçin nobata durandygyňy görmek haýyrly işleriň buşlukçysydyr.

Düýşüňde Allatagaladan gorkmak ýoksullykdan halas bolup, döwletli boljakdygyňy, rysgyň artjakdygyny buşlaýar.

Düýşde Allatagaladan gorkulmagy günäden alamatdyr. Şeýle düýşi gören adam dessine özüne gelip, toba etmeli.

Aby-haýýat. Düýşüňde dirilik suwuny içýändigiňi görmek, hassa bolsaň sagaljakdygyňdan, sagat bolsaň hem, bütin ömrüňe derde uçramajakdygyňdan habardyr.

Agentlik. Düýşüňde bir howa agentliginden petek alýandygyňy görmek, hormat goýýan adamyňy gynandyrjakdygyňdyr. Ýa bir dostuňy ýitirip bilersiň.

Ajykmak. Düýşünde açdygyny gören adamlar günälidir. Olar derhal özüne gelip, günälerine toba etmeli.

Eger alym düýşünde ajygyşyny görse, bu onuň şowsuz işi alyp barýandygyndan habar berýär.

Jafar Sadyk hezretleri şeýle diýipdir:

— Açlyk bilen bagly düýşler dört görnüşde ýorulýar:

1) Haýyr;

2) Yhlas;

3) Günä;

4) Tama.

düýşümizde aç bolup, iýmäge-de zat tapmasak, yhlasymyzyň ýerine düşmejekligidir. Ylymly adamlaryň ajykmagy bolsa ylmy derejesiniň düşjekdigini habar berýär.

Açlygyň agyz beklemek bilen bagly ýorulýan gezekleri hem bar. Magruby: «Düýşünde garnyny doýran adam günälerine toba eder. Düýşdäki açlyk uzak wagtlap dowam edýän bolsa, ony gören adamyň ýoksullykdan aýňalyp, döwlete gowuşjakdygyny görkezýär. Käte bolsa açlyk gytçylygy, garyplygy aňladýar» diýipdir.

Ajwe (Medinede ýetişýän hurma): Düýşüňde hurma görmek tämiz, päk we halal döwletden nyşandyr. Düýşünde gury hurma gören hassa tiz günlerde saglygyna gowşar.

Ajy tagamlar. Düýşüňde ajy tagamlary iýýändigiňi görmek, gaýgy-gussa ýorulýar. Gara ýa gyzyl burç iýýän bolsaň, onda ýakymsyz habaryň geljekligidir.

Aç adam: Düýşüňde aç adam görüp, oňa-da ýardam bermedik bolsaň, onuň güni huşuňda öz başyňa gelip biler.

Açgöz. Düýşdäki açgöz adam ýeňil kesele uçrajakdygyňdan habar berýär.

Açylyş. Haýsydyr bir binanyň açylyş dabarasynyň düýşe girmegi rahat we gowy günleriň buşlukçysydyr.

Açmak. Düýşünde haýsydyr bir gulpy ýa-da gurulgy gapyny açan adam huşunda rysgyny ýeňil gazanar.

A:t. Eger düýşüňde adyňy üýtgetseň, bu haýyrdan alamatdyr. Özüňe has derejeli bir at bilen ýüzlenilmegi abraý-mertebäň artjakdygyndan nyşan bolup biler. Edil şonuň ýaly, saňa kemsidiji sözler bilen ýüzlenseler, bu huşuňda hem abraýyň düşmeginden nyşandyr.

Ada. Düýşüňde ada görmek ýakyn günde eliňe lomaý puluň düşjekdigini, ada çykmak ýa-da ondan bir zat almak uly mirasa eýe boljakdygyňy görkezýär. Adadan gaýtmak bolsa maddy zyýan çekjekdigiňden alamatdyr.

Ada sogany. Düýşüňde ada soganyny görmek, günälerden we erbetliklerden saplanjakdygyňdan alamatdyr. Ýöne şol sogan eliňde bolsa, bu erbetlige baş goşmak ähtimallygyňy görkezýär.

Ada towşany. Ada towşany — bagtyň açykdygynyň alamaty. Eger towşan ak bolsa ýakynda durmuş gurjakdygyňy aňladýar.

Adam. Düýşüňde haýsydyr bir adamy görmek täze dost tapynjakdygyňy aňladýar.

Adam ata. Ýer ýüzündäki ilkinji ynsan we pygamber bolan Adam atanyň düýşüňe girmegi ylym eýesi boljakdygyňy buşlaýar.

Onuň bilen dost bolmak — belent derejelere göterilmek.

Eger alym Adam atany düýşünde görse, bütin adamzat onuň ylmy taglymatlaryna eýerer.

Adam atany görmek haja gitmekden, dostlaryň we ýakynlaryň bilen duşuşmakdan, nesliň küren-küren ýaýramagyndan hem alamatdyr.

Eger düýşüňde Adam atanyň ýüzi solgun bolsa, bu bir ýerden başga ýere göçjekdigiňden alamatdyr.

Adam atany görmek düýş ýorgutçysy bolup biljekdigiňi hem aňladýar.

Ony görmek aglajakdygyňdan, uzak syýahata gitjekdigiňden hem habar berýär. Çünki hezreti Adamyň özi hem jennetden kowlup aglapdy.

Eger düýşde hezreti Adamyň keýpiniň çagdygyny görseňiz, bu haýyrdan we bol nygmatdan alamatdyr.

Adam atany düýşde görmek günä edip, soň toba gelmekden hem nyşan bolup bilýär. Çünki ilkinji günä eden ynsan we toba gelen ynsan Adam atady.

Adyň öçürilmegi. Düýşüňde haýsydyr bir ýerden adyň öçürilmegini görseň, kimdir birinden güýçli garşylyga garaşybermeli. Käte bolsa bu ýagdaý rysgyň kesilmegini we ajaly aňladýar.

Apat. Düýşüňde tebigy apata uçrasaň, huşuňda günä işe uçrajakdygyňdan nyşandyr. Beýle düýş eýesini habardar edýär. Şonuň üçin basjak ädimiňi bilip ätmeli.

Arçyn. Sahy we akylly oba arçynynyň düýşüňe girmegi uly gowulykdan nyşan.

Agyl. Düýşünde goýun agylyny gören hünärmen ýokary wezipä çekiler. Eger ony maşgalaly zenan görse, adamsy bilen arasy has ýakynlaşar. Goýun agylyny gören ulugyz ýakyn günlerde sawçylara garaşybersin.

Agaç. Edil adamlar ýaly agaçlar hem dürli-dürlüdir. Olaryň birinde gül, birinde tiken bitýär. Agaçlaryň miwelerem parhly. Şonuň üçin agaç bilen bagly düýşler agajyň görnüşine görä üýtgeýär.

Miwesiz, ýöne ýakymly ysy bolan agajy düýşüňde görmek, ýagşy iş edýänlere, amal edilmeýän ylma, şeýle-de kän bir bitiren işi bolmasa-da, özüni aklamak üçin köp gürlemeklige ýorulýar.

Pyrtykal, limon ýaly hem miwesi iýilýän, hem hoşboý ysy bolan agaçlary görmek, kämil derejede ylym bilen meşgullanjakdygyň buşlukçysydyr.

Agaçlar zenanlara ýa-da ahlagy üýtgän erkeklere hem ýorlup biler.

Eger düýşüňde adyny bilmeýän agajyňy görseň, bir zatdan heder etmäge, kynçylyga we gygyrmaga garaşybermeli.

Miweli agaç ýa-da agajyň ýere gaçan ýapraklaryny toplamak, baýlyk toplamaklyga ýorulýar.

Oturan ýeriňden hiç emgenmän bagdan miwe ýa-da ýaprak ýygýandygyňy görmek — bol we bereketli rysgala ýorulýar.

Düýşüňde uzyn we owadan agajyň üstüne çyksaň, at-abraýly bir meşhur adama ýorulýar. Şonuň ylym-bilim nurundan döwlet tapyp, işleriň has öňe ilerlejekdigidir. Eger şeýle düýşi boý ýigit görse, ol ýakyn wagtda öýlener, gyz görse durmuşa çykar.

Ibn Sirin hezretleri: «Agajyň şahalary doganlaryňy, çagalaryňy we garyndaşlaryňy aňladýar. Eger şahalarynda ýapraklary artyp barýan agajy görseň, bu dostuň we garyndaşyň köpeljekdiginden nyşandyr» diýipdir.

Düýşüňde agaç dikmek — belent mertebä göteriljekdigiňden we uly adamlar bilen dostluk gatnaşygyny ýola goýjakdygyňdan alamat.

Ýapraklaryň öz-özünden ösüp barýanyny görmek — uzyn we bereketli ömre, dowamly rysgala, baýlyga we din ýolunda mäkäm durmaga ýorulýar. Eger düýşüňde agaç ýapraklaryny dökýän bolsa, bu ýazylanlaryň tersine garaşyber.

Düýşüňde agajyň üstünde ýatandygyňy görmegiň, perzendiň köp boljakdygyna ýorulýar. Agajyň üstünde duran bolsaň, kän wagt bäri ýüregiňe agram salyp duran dertden, gorkudan ýa-da aladadan halas boljakdygyňy buşlaýar.

Eger düýşde agaçlaryň sanyny anyk sanap bilýän bolsaň, bu halal zähmet çekmeklige, rysgaly halal gazanmaklyga ýorulýar.

Eger agajyň astynda oturan bolsaň, bu edýän işleriňden Allatagalanyň razylygyndan alamatdyr. Eger şeýle düýşi kapyr görse-de, toba gelip, yslam ýoluna uýar.

Hakyň keremi düşen adamlar bilen agajyň aşagynda oturan bolsaň, bu ýagdaý kyýamat gününde şol şahsyýetleriň seni öz penasyna aljakdygyny görkezýär.

Eger düýşüňde dagda, gaýalykda, derýa kenarynda ösüp oturan agaçlary görseň, ýagşy işlerden we garaşylmadyk ýerden geljek ryskdan alamatdyr.

Agaç görmegiň dört täzelik bilen baglydygyny hem aýdýarlar:

a) Dükan eýesi bolmaga;

b) Berekete;

ç) Hyzmatçy tutunmaga;

d) Bol we ümmülmez rysga.

Agaç görmek dine bolan yhlasyň artjakdygyny hem habar berýär.

Eger guran agaç düýşüňe girse, bu umyt eden zadyňdan ters netijäniň çykjakdygyny görkezýär. Ýaňy ösüp barýan agaç bolsa begençden we sapadan alamat.

Eger miwesi bişip ýetişen hurma agajy düýşüňe girse, saňa käbir adamlar goşmaça mal-döwlet geler.

Düýşüňde hoz agajyny görseň, muşakgat we zähmet bilen döwlete ýetersiň.

Eger düýşüňde üzüm agajynyň şahasyny kesseň, bu saňa abraý-mertebe geljekdiginden alamatdyr.

Kedr agajy — baýlygyň buşlukçysy. Ol mundan beýläk mertebäň we abraýyň artjakdygyny hem buşlaýar.

Ady Gurhanda-da geçýän zeýtun agajy tikenli görnüşde düýşüňe girse, erbetlikleriň ýoluňdan sowuljaklygydyr.

Düýşde hurma agajyny görmek, täze bir perzendiň dünýä inmegini buşlap hem biler. Ýöne hurmany kesmek çaga ölümine ýorulýar. Eger hurma bagyny görseň, bu seniň köpe ýolbaşçylyk etjekligiňdir. Eger bu agaç söwdagäriň düýşüne girse, onuň döwletine döwlet goşular.

Düýşde hurmanyň tohumyndan bag bolup ýetişenini görseňiz, perzendiňiziň juda başarjaň bolup ýetişjekdigine ynanyp bilersiňiz.

Käte bolsa düýşde görlen hurma agajy uzyn ömre alamatdyr.

Hurma agajynyň düýşe girmegini aşakdaky görnüşde ýorýanlar hem bar:

a) Haýyrly iş;

b) Öý we ýer;

c) Giň mülk;

d) Mal we perzent;

e) Ylym.

Alma agajy. Düýşüňe giren alma agajy hem haýyrdan nyşandyr. Ol hormatyň artmagyna hem delalat eder.

Şetdaly — baýlygyň alamaty.

Üzüm — süýji gatnaşyklar, köpçülige başarjaň ýolbaşçy bolmak.

Banan — dine we dünýä çuňňur akyl ýetirmek.

Eger düýşüňde zeýtun agajyny alsaň, bu haýryň hut özüdir. Çünki zeýtun mübärek agaç. Ony düýşünde gören adam haýra, berekete, abraýa we dünýäniň nygmatlaryna eýe bolar.

Aslynda, dünýä nygmatlaryny buşlaýan aýratynlyklaryň ýene biri hem, düýşüňde zeýtun agajynyň üstüne çykmakdyr. Oňa suw berseň, işiňde üstünlik gazanjakdygyňa ynanyber.

Eger näsag adam düýşünde mirt agajyny görse, ol ýakyn wagtda keselinden gutular. Käte bolsa bu agajy düýşde görmek garaşýan zadyňdan umydyňy kesmeklige ýorulýar.

Düýşüňde başyňa mirt agajyndan täç geýdirseler, bu ýagdaý ömrüň uzak boljakdygyny buşlaýar. Düýşde şol agajyň ysyny almak hem uzak ömrüň buşlukçysy. Käbir ýorgutçylar mirt agajynyň ebedi dostlukdan, şatlykdan we baýlykdan nyşandygyny hem aýdýarlar.

Aýdyşlaryna görä, limon we pyrtykal agaçlary hem haýyrdan nyşan. Edil şonuň ýaly, düýşdäki agaç tabak hem haýyr buşlaýar.

Agaçdaky gül. Diňe bir adamlar däl, agaçlardaky güller hem dürli-dürlüdir. Agaçdaky gülleri düýşünde diňe mertebeli adamlaryň görüp biljekdigini aýdýarlar. Ýöne ýasemin gülüni görmek erbet niýetli zenan maşgala duşjakdygyňdan habar berýär. Düýşe giren söwüt agajynyň güli hem ýakynyňa ýamanlaryň gelýändiginden alamat.

Armyt. Armydyň berýän habarlary hoş däl. Ol pälazana gabatlaşmaklyga ýorulýar. Eger düýşüňde armyt agajynyň üstüne çykan bolsaň, bu del adam bilen dawalaşjakdygyňdyr.

Agaç gabygy. Düýşe giren agaç gabygy seniň ýagşylykdan gaçmaýan, asylly adamdygyňy görkezýär. Agajyň gabygyny aýyrýan adamy görmek — göbegene lukmana işiň düşjekligidir.

Agaç sakgyjy. Düýşe giren agaç sakgyjy sypaýy we başarjaň adamlaryň durmuşyňa girjekligidir.

Agaç gaýyk. Düýşde agaç gaýygy görmek, ömür ýollarynda gazanyljak baýlykdan nyşan. Nämeden ýasalan bolsa-da, gaýyk — baýlygyň we rysgyň alamaty.

Agaç ýapragy. Düýşde haýsydyr bir agajyň ýapragyny görmek täze lybas geýmekden nyşandyr. Ýöne injir agajynyň ýapragy — gaýgy-gamyň alamaty. Gurhanyň ýapragy, ýagny Gurhanyň sahypasy — halal rysgala ýorulýar.

Agaç ýonujy. Düýşüňde agaç ýonýan ýa-da ony oýup oturan adam ikiýüzli, hilegär adamlara ýolukmagy aňladýar.

Agyz. Düýşde kimdir biriniň agzyny görmek bir işiň başlangyjy we ahyrydyr.

Agyz umydyň açary, güýjüň mekany hökmünde hem ýorulýar.

Düýşde agyzdan çykýan zat — ýagşy-ýaman sözden, agza girýän zat bolsa rysgaldan nyşan.

Nablusy:

— Düýşünde agzynyň ýokdugyny gören adama ýakyn wagtda ölümi habar berilýär — diýipdir.

Ibn Sirin bolsa bu hakda başga zat diýýär:

— Düýşüňde agzyň bir zat bilen baglanandygyny görmek bäş ýagdaýa ýorulýar:

1. Ölüm;

2. Agyr kesel;

3. Gahar;

4. Dymmak;

5. Bilýän zadyň barada dil ýarmazlyk.

Düýşüňde derman içmek ýa-da bir zatlar iýmek, uýýan diniňe ygrarlydygyňdan habar berýär. Ýöne peýdasyz bir zat iýmek bolsa gaýgy-gamdan, alada-ünjüden habardyr.

Eger düýşde agzyňyzyň has uludygyny görseňiz, begeniberiň, bu malyň-mülküň buşlukçysydyr. Tersine, agzyň has kiçelendigini görmek rysgalyň hem azaljakdygyndan habar berýär.

Jaferi-Sadyk hezretleri şeýle diýipdir:

— Düýşde agyz görmek ýedi zada ýorulýar:

1. Ýakyn aralyga syýahat;

2. Ylmyň hazynasy;

3. Umra hajy;

4. Bazar;

5. Ýurt, mesgen;

6. Gapyçy, derwezeban;

7. Wezir.

Eger düýşüňde agzyňdan süýt ýa-da şerbet akýan bolsa, bu seniň zikir okap, tesbi sanajakdygyňdan habar berýär.

Düýşde agzyňdan hoş ys gelýän bolsa, adyňa hoş sözleriň aýdyljakdygyndan alamatdyr. Tersine, agzyň erbet porsaýan bolsa, kimdir biriniň üstüňe heňkirmegine garaşyber.

Näsag adam düýşünde agzynyň uly we owadandygyny görse, ol ýakyn günlerde hassalykdan gutular.

Düýşüňde agzyň ýoklugyny görmek — kimdir biriniň seni ynjytmasyndan nyşan.

Ibn Kesir şeýle diýipdir:

— Düýşüňde agyz görmek, din ylmyna baş goşjaklygyňdyr.

Agzyňdan akýan dury suw — seniň ylym baýlygyňdan başgalaryň hem peýdalanjakdygy.

Agzyň gyrasy. Düýşüňde agzyň gyrasyny görmek haýsydyr bir beladan halas bolmagy alamatlandyrýar.

Agyzdaky ys. Düýşüňizde agzyňyz yslanan bolsa, bu huşda özüňizi öwjekdigiňizden nyşandyr. Özüni öwen adamyň bolsa tanapy çüýrük bolýar.

Düýşüňizde başga biriniň agzyndan gelýän porsy ys burnuňyza ursa, bu erbet gürrüň eşitmekden nyşandyr. Agyzdaky ys jepa we mähnete hem ýorulýar. Ýöne ähli zady Allatagala bilýär, ähli zat onuň emrindedir.

Aglamak. Düýşüňde aglamak, köplenç, şatlyk-begenje, käte-de gynanja ýorulýar. Eger düýşünde uly ses bilen, ýüz-gözüni persala edip, ýaka ýyrtyp aglaýan bolsa, huşunda hem gözýaş dökmeklige ýorulýar.

Eger düýşüňde Allatagaladan gorkup ýa-da Gurhan diňläp we günäleriňi ýatlap aglaýan bolsaň, bu seniň huşuňda begenjekdigiňi, şatlyga we gowy günlere ýetjekdigiňi buşlaýar. Aglamagyň Beýik Alladan gorkmaklyga ýorulýan ýerleri hem bar. Gözýaş dökülmegi Allahyň rahmetiniň inmegine, suwa mätäç bolanlar üçin bolsa ýagyn-ýagmyra ýorulýar. Çünki gözýaş dökülen ýere rahmet inýändir. Şonuň üçin düýşüňde aglamak hem Ýaradanyň bir nygmaty-sermaýasydyr.

Bu barada Ebu Seýit El-Waiz şeýle diýipdir:

— Düýşüňde tanaýan adamyň ölümine aglamak, huşuňda hem şeýle ýagdaýyň gaýtalanmagyna getirip biler.

Düýşüňde aglamaýan hem bolsaň, gözüňden düwme-düwme ýaş akýandygyny görmek myrada ýetmekden we begenmekden alamatdyr.

Muňa garamazdan, köplenç, aglamaklygy gowulyga, ýagşy zada, şatlyk-begenje ýorýarlar.

Indi Jaferi Sadyga-da gulak asalyň. Ol şeýle diýipdir:

— Düýşüňde ilki aglap, soňra-da gülýändigiňi görmek ajalyň ýakynlaşýandygynyň alamaty. Bu şol düýşüň gowulyga ýorulmagydyr. Çünki dünýä durmuşy mömin üçin bir zyndandyr we mundan halas bolmak diňe begenmäge sebäpdir.

Agyry. Düýşüňde bir ýeriň agyrmagy günäleriňe ökünip, toba edip, Haka dönmeklige ýorulýar.

Eger düýşüňde dişiň agyrsa, janyňy ýakjak söze garaşyber.

Boýun agyrysy — güzeranyň kynlaşjakdygynyň we zeýrenjiň köpeljekdiginiň habarçysy.

Düýşünde egni agyran adam galp-gabahat ýollar bilen elde edýän gazanjyna we bihuda işlerine ýorulýar.

Eger düýşüňde garnyň agyrsa seresap bolmaly, çünki baryňy-ýoguňy erbet işler üçin sarp edip bilersiň.

Düýşüňde göbegiň agyrmagy düýş gören adamyň öz aýalyna gödek darajakdygynyň, göwnüne degjekdiginiň habarçysy.

Düýşüňde ýüregiň agyrmagy — dine bolan ynanjyň gowşakdygyndan nyşan.

Düýşüňde arkaň agyrmagy, erkek doganyň bar bolsa, şonuň başyna bir iş düşjeginden habar berýär. Arkadaky agyry käte güýç, çaga, ene, dostlar ýaly zatlara ýorulýar.

Eger düýşüňde güýçli agyrydan ýaňa biliň bükülen bolsa, ýoksul, ýöne uzyn ömür sürmäge yşaratdyr.

Aýagagyry — Allatagalanyň adyna nalyş edilýän ýerlere barmak. Käbir ýorgutçylar bolsa aýagagyryny mal-döwlete ýorýarlar.

Düýşüňde kelläň agyrsa gynanjaksyň.

Boýun agyry — nämedir bir zada haýran galmak, aljyramak.

Ahyret. Düýşüňde özüňi ahyretde görmek ömrüň uzyn boljakdygynyň buşlugydyr.

Ammar. Düýşüňde ammar görmek wagtlaýyn şan-şöhratyň alamaty. Eger ammarda öňüňden ýumurtga çyksa, bu başgalar tarapyndan goldanyljakdygyňdan habar berýär.

Akmaklyk. Düýşüňde saňa akmak diýip ýüzlenseler, bu gazanjak rysgal-döwletiňe ýorulýar.

Akasiýa. Düýşde görlen akasiýa güli hoş habaryň buşlukçysydyr.

Akasiýa agajynyň aşagynda oturmak — maksadyňa ýetmek. Ondan bir şahany ýolup almak bolsa, başyna baran işiň asyl çözgüdiniň hemişe gatnaýan ýeriňde däl-de, pikir etmedik başga bir ýeriňdedigini görkezýär.

Akyl taýdan näsaglaryň hassahanasy. Düýşüňe giren akyl taýdan näsaglaryň hassahanasy mekdebe ýorulýar. Çünki mekdep çagalaryň üýşen ýeridir.

Düýşe giren beýle hassahana durmuşdaky bulaşyklyklary, manysyzlyklary we eliňdäki malyň başga birine gitmegini hem alamatlandyryp bilýär.

Ýoksul adam düýşünde akyl taýdan näsaglaryň hassahanasyny görse, baýlyga gowşar.

Akylly adam. Düýşüňde akylly adamy görmek, hiç kimiň seni aldap bilmejekdiginden habar berýär.

Düýşüňde eden akylly hereketiň huşuňda göwün diýen durmuşyňda ýaşamaga yşaratdyr.

Düýşde akylyň ynsan keşbine girip gözüňe görünmegi haýyrly günlerden we işlerden alamat. Kirmanynyň sözlerine görä, ynsan keşbine girip, düýşde gözümize görnen akyl bize ägirt uly mertebäniň garaşýandygyny hem habar berýär.

Jaferi Sadyk hezretleri bolsa akylyň dört görnüşde ýorulýandygyny aýdýar:

1. Döwlet;

2. Bagt;

3. Ata-ene;

4. Abraý.

Agsamak. Düýşüňde agsasaň ýa-da agsaýan ýaly görünseň, hileden, şerden, Allatagalanyň nygmatlaryna wepasyzlykdan, özüňde bar zatlary ilden gizlemekden alamatdyr.

Düýşüňde ysmaz keseline ýolugan bolsaň, gahar bilen müňkürligiň alamatydyr. Ýagny bir zada gaharlanmaklyga ýa-da müňkür bolmaklyga ýorulýar.

Asgyrmak. Düýşüňde asgyrmak — şübhe edilýän zadyň aýdyňlyga çykmasydyr.

Eger kesel adam düýşünde asgyrsa, bu oňa ölümiň ýakynlaşyp gelýändigini görkezýär.

Käbir ýorgutçylar düýşde asgyrmagy keselden gutulmak we uzyn ömürden alamat hasaplaýarlar. Şeýle hem düýşüňde asgyrýandygyňy görmek, Allatagalanyň rahmetiniň üstüňe injekdiginden nyşan hökmünde ýorulýar.

Eger düýşüňde yzygiderli asgyrsaň, bu seniň günäleriň geçiljekdiginden habar berýär. Düýşde asgyrmagyň kynçylyklardan halas bolmaklyga, garyplykdan gutulmaklyga ýorulýan ýerleri hem bar.

Agşam. Düýşüňde agşamlygy, zeminiň garaňkyraýandygyny görmek, säheri görmegiň tersi hökmünde ýorulýar.

Aktýor. Düýşüňe giren aktýor kimdir biriniň seni aldaýandygyny aňladýar. Onuň bilen söhbet edip dost bolsaň, kimdir biriniň hile bilen senden syr syzdyrjak bolmagyndan alamatdyr.

Alagarga. Düýşüňde alagarga görmek ulumsy, husyt, sözünde durmaýan ýalançy adam bilen iş salyşjakdygyňdan habar berýär.

Eger düýşüňde garga awlasaň, garyplyga we rysgalyň darlygyna ýorulýar.

Ekine ýa-da agaja gonan garga — gowulyga ýorulmaýar.

Jabirul Magruby şeýle diýipdir:

— Eger düýşüňde garga bilen gürleşseň, nätanyş adamlardan hoş habara garaşyber.

Eger düýşüňde garga etini iýseň, nähilidir bir ogurlyk zat eliňe düşer.

Düýşüňde garga özüni timarlaýan bolsa, ýakyn günlerde howanyň sowamagyna garaşyber.

Indi Nablusy hezretlerine gulak asalyň:

— Düýşüňde Käbäniň üstünde garganyň uçup ýörendigini görmek, dogruçyl we päk zenan maşgalanyň erbet adama durmuşa çykjaklygydyr.

Garganyň dünýä inişini düýşde görmek gowy habar eşitjekdigiňe ýorulýar.

Düýşüňde garga öwrülmek — günäkär çagadan nyşan.

Käte düýşüňde garga görmegiň eklenç üçin kynçylyklara sezewar bolmaga ýorulýan ýerleri hem bar.

Garga sürüsi — köp gürleýän, ýaňra adamlaryň topary bilen işleşmek.

Garganyň aýaklary bilen ýeri dyrmalap durmasy — soň ökünje goýjak işe baş goşmak.

Ala mata. Düýşüňde ala mata görmek — dünýä bezeglerine meýil etmeklige ýorulýar.

Alamat. Düýşüňde nähilidir bir alamat görseň, ýokary wezipä çekiljekligiňden habardyr.

Alamat barada Jabirul Magruby şeýle diýýär:

— Düýşde gowy alamat görmek — iki dünýäň abat boljaklygydyr.

Aldamak. Düýşüňde kimdir birini aldasaň, gowulygyň alamaty däldir. Çünki hadyslarda: «Ýalançy adam bizden däldir» diýilýär. Şonuň üçin hem düýşünde adam aldanlar huşunda juda seresap bolmalydyrlar.

Aly. Allanyň ýeňilmez arslany, öwlüýäleriň soltany hezreti Alyny düýşüňde görmek belent hormatdan, ýokary wezipeden, çäksiz ylymdan, keremdir jomartlykdan, haýyr-yhsandan alamatdyr. Şeýle düýş seniň ähli erbetliklerden, garaňkylyklardan halas boljakdygyňy buşlaýar.

Eger hezreti Aly düýşüňde ýylgyryp duran bolsa, bu çäksiz güýjüň we dine ygrarlylygyň alamatydyr.

Düýşüňde Alynyň duran ýeri hemişe bereketli bolar.

Alym. Ibn Kesir hezretleri şeýle diýipdir:

— Düýşünde özüniň alym bolandygyny gören adam mertebesiniň beýgelmesine garaşybersin.

Jaferi Sadyk hezretleri bolsa düýşüňde alym görmegi dört ýagdaý bilen bagly ýorýar:

1. Gadyr-gymmat;

2. Il-günüň hormatlamagy;

3. Ýokary wezipe;

4. Adalat.

Düýşüňde bir alymyň elini öpseň, onuň ylmyndan ömrüňe haýyr-bereket geler.

Eger düýşüňde alym saňa bir zat berse, şu dünýäde we ahyretde ýalkanarsyň.

Aly Ymran süresi. Gurhanyň Aly Ymran süresini düýşüňde görmek rysgala, berekete ýorulýar.

Eger Gurhandan islendik bir süre düýşüňe girse, bu haýryň we ylma ýakyn bolmagyň alamatydyr. Çünki Gurhan — Allanyň kitaby, Hakyň kelamy. Allanyň kelamyny okamak, elbetde, haýryň hut özüdir.

Hadyslarda: «Kim Rebbi bilen gürleşmegi söýýän bolsa Gurhan okasyn!» diýilýär. Şol sebäpden hem bir adamyň Aly Ymran süresini düýşünde görmegi ýa-da okamagy onuň köpçülikden saýlanýan, günäden päkize adamdygyny görkezýär.

Kirmany hezretlerine gulak goýalyň:

— Bu süräni düýşünde gören ýa-da okan adam yslama baglydyr. Ol musulman bolup aradan çykar we musulman hökmünde jaýlanar.

Altyn. Her birimiziň altynyň bu dünýäniň iň gymmatly nygmatlarynyň biridigini bilýäris. Dünýä bolsa synagdyr. Şonuň üçin hem düýşüňe giren altyn huşuňda karza çümjekdigiňi we meseläň köpeljekdigini alamatlandyrýar.

Ýöne düýşüňde altyn bilezik daksaň, saňa niredendir bir ýerden uly miras galar.

Düýşüňde altyn külkesini görmek baýlygyň biraz egsiljekdiginden habar berýär. Altynyň külkä öwrülişini görmek bolsa, bir ýakymsyzlyga ýorulýar.

Düýşüňde kimdir biri saňa uly altyn bölegini berse, döwlet işlerinde ýokary wezipelere çekiljeksiň.

Jaferi Sadyk şeýle diýipdir:

— Düýşüňde altyn bilezik görmek bäş zada ýorulýar:

1. Köpçülige ýolbaşçylyk etmek;

2. Hikmet-paýhaslylyk;

3. Günä we hile;

4. Gaýgy-gussa;

5. Perzent we dogan.

Ibn Sirin bolsa şeýle diýipdir:

— Düýşüňde eliňde bäş sany altyn saklaýan bolsaň, halkyň hakydasynda galjak işleri etjekdigiňdir. Eliňde bir altyn bar bolsa, ondan kaşaň öýüň boljakdyr.

Eger düýşümizde iki elimiz hem birden altyna öwrülse, iş meselesinde kynçylyk çekip bileris.

Düýşde altyn reňkli ýüpek bilen dokalan lybaslary geýen adam Allatagala ýakyndyr. Şeýle düýş şol adamyň edýän yhlaslarynyň ýerine düşjekdigini hem görkezýär.

Gözleriň altyna öwrülmesi — kör bolmaga ýorulýar.

Altyn gursakça geýmek — döwlet işlerinde ýokary wezipelere çekilmek.

Altyn gazyp alýan adam. Düýşüňe giren altyn gazyjy huşuňda käbir mal-mülküňi zaýaçylyga çykarjakdygyňdan, isrip etjekdigiňden habar berýär. Käte-de şeýle düýş çyn bilen ýalanyň arasynda janserek bolmaklyga ýorulýar. Şeýle düýşler sungata berlen adamlara hem mahsusdyr.

Altyn bölekleri. Düýşüňde altyndyr kümüş böleklerini görseň, peýdaly ylma, sadyk dosta we haýyrly perzende delalatdyr.

Düýşüňde bir bölek altyny ýaşyryn ýerde gizlemek, syr bilen bagly bir ýorgutdyr.

Eger düýşüňde aradan çykan adam saňa altyn bölegini berse, ýakyn günlerde zulumdan, nähaklykdan halas bolarsyň.

Aga. Düýşüňde agaňy — ataň doganyny görmek onuň özüni görmek bilen deňdir. Beýle düýş haýyrdan nyşandyr.

Admiral. Düýşüňe giren admiral deňiz syýahatyna sary ýola düşjekdigiňden habar berýär. Eger egninde admiral lybasly adam görseň hem, syýahata garaşyber.

Açar. Bilnişi ýaly, açar gapylary açýar. Şonuň üçin hem düýşüňde açar görmek, Allatagalanyň keremine, sahawatyna ýorulýar. Käbir ýorgutçylar düýşde açar görmegi ylym dünýäsiniň gapysyny açmak bilen hem baglanyşdyrýarlar.

Kirmany şeýle diýipdir:

— Düýşüňde açar bilen bir gapyny açmak — haýra, ýapmak — şere alamatdyr.

Jaferi Sadyk hezretleri bolsa açar bilen bagly şeýle diýýär:

— Açar kyn işleriň düwnüniň açylmagynyň, gam-gussadan halas bolmagyň, myrada ýetmegiň, güýjüň, doga-dilegiň gudratynyň yşaratydyr.

Düýşüňde eliňde jennet gapysynyň açarynyň bardygyny görmek ylymdan, gowy işler bilen serpaýlanmakdan alamat.

Eliňdäki bir topar açar — abraýly ýolbaşçylygyň nyşany.

Düýşüňde açar bilen gulp açmak duşmanlaryňdan rüstem geljekdigiňi görkezýär.

Ymam Nablusy düýşüňde açar görmegi aşakdaky ýagdaýlar bilen baglanyşdyrýar:

1. Rysgal;

2. Kömek, goldaw;

3. Ylym;

4. Perzent;

5. Mal;

6. Üstünlik;

7. Dilegiň kabul bolmagy;

8. Haj parzy;

9. Ýolbaşçylyk etmek.

Düýşüňde eliňde dişsiz açar bar bolsa, seresap bolgun, ýakyn günlerde bilip ýa bilmän ýetime zulum etmegiň ahmal.

Eliňde Käbäniň açarynyň bardygyny görmek — belent mertebeli adamlaryň biri bilen tanşyp, onuň bilen dost bolmak.

Açar hazyna tapmaga hem ýorulýar. Ýöne islendik gapy açar bilen açylýar. Eger gören açaryň demirden ýasalan bolsa, güýçli biri bilen iş salşarsyň we siziň işleriňiz ugruna bolar.

Käte bolsa açar görmek perzent, içaly, syýahat, hyzmat, eger zenan bolsa ýanýoldaş bilen bagly ýorulýar.

Eger düýşüňde eliňde agaç açar bar bolsa, kimdir biriniň saňa amanat zat goýjakdygynyň yşaratydyr.

Jabirul Magruby şeýle diýipdir:

— Düýşüňde eliň açarly görmek tämiz suw bilen täret almaga, ybadat etmäge ýorulýar. Eliňden açaryň gaçsa, namaz meselesinde ýaltalyk etjeksiň.

Ananas. Düýşüňde ananas görseň, hormatdan we hoş habardan nyşandyr. Şeýle hem ananas syýahata ýorulýar.

Anisa güli. Täze güllän anisa agajy şatlykdan nyşan. Onuň miwesini iýmek bolsa, gaýgy-gama ýorulýar.

Anbar güli. Anbar güli — baýlygyň alamaty. Şeýle hem onuň düýşe girmegi şöhratly adamlar bilen dost bolmakdan nyşandyr.

Käte anbar güli owadan we baý zenana ýorulýar. Eger şeýle düýşi sallah ýigit görse, şol zenan maşgala bilen durmuş gurar.

Düýşüňe heniz şahasyndan ýolunmadyk anbar güli girse, ony hem ysgasaň, mertebeli adamlaryň seni öwjekdiginden nyşandyr.

Anbar gülüni ýolmak — gowy görýän adamyňdan jyda düşmek.

Ant içmek. Düýşüňde ant içmek wepasyz dostlar sebäpli ezýet çekmäge ýorulýar.

Anka guşy. Kimde-kim düýşünde anka guşuny görse, ol il içinde gadyr goýulýan, uly abraýly adamdyr.

Anka guşy bilen gürleşmek — ýagşy niýetden, bol baýlykdan we belent mertebeden alamat.

Ibn Sirin şeýle diýipdir:

— Düýşüňde uly guş görmek beýik hormatdyr. Onuň bilen gürleşmek — mertebäň artmagy, eliňde onuň ölmegi bolsa gaýgy-gussadyr.

Indi Ebu Saidul Wagza gulak asalyň:

— Düýşüňde meşhur guşlary görmek perzende, şatlyga, olaryň depäňe gonuşyny görmek — mertebä ýorulýar.

Bu barada Ymam Nablusy hem aýdyp geçipdir:

— Düýşüňde anka guşuny görmek mertebeli adamlar bilen iş salyşmakdyr. Onuň bilen gürleşmek — döwlet baştutany tarapyndan sylag-hormata mynasyp bolmak.

Anka guşunyň täsin habarlara we uzak ýola syýahat etmäge sebäp bolýandygyny aýdýanlar hem bar.

Eger düýşde anka guşy saňa nämedir bir zat düşündirýän bolsa, Allatagalanyň seni perişdeleriň üsti bilen ýalkajakdygynyň alamatydyr.

Awtoulag. Düýşüňde görlen awtoulag güzeran meselesinde oýlanyşykly hereket etmelidigini görkezýär.

Ulaga münmek — ýokary wezipä göterilmek. Ondan düşmek — wezipäň peselmegi.

Düýşüňde ulaga münmegi haýyrly perzende ýorýanlar hem bar. Şeýle hem bu ýagdaý döwlet ýolbaşçylary tarapyndan arzylanmaga ýorulýar.

Arafat. Düýşüňde Arafat dagyna çykmak belent mertebä eýe boljakdygyňdan nyşandyr. Çünki ilkinji ynsan Adam ata hut Arafat dagynda Allatagala ýalbarypdyr we onuň dilegi hasyl bolupdyr.

Mundan başga-da düýşüňde Arafat dagynda Haka sygynmagyň haýry haj parzyny berjaý etmek bilen deň görülýär. Çünki islendik zyýaratçy Arafat dagyna barmasa, onuň zyýaraty kabul bolmaz.

Beýle düýş eden tobalaryň ýerine düşüp, saňa nämälim ahwallaryň üstüniň açyljakdygyny buşlaýar.

Ary. Düýşüňde ary görmek haýyrdan we salamatdan nyşandyr. Çünki ary peýdaly jandar, ol adamlara şypa eçilýär. Şeýle hem ary görmek mertebeli adama ýakyn bolmakdan alamatdyr.

Eger düýşüňde ary çaksa, halal gazanjyň artmagyna garaşyber.

Eger bir topar ary görseň, ýokary wezipelere geçjeksiň.

(Dowamy bar).

Türk dilinden terjime eden Zergül YLÝASOWA,
  • Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýaşaýjysy
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle