Mu­sa­lau­wyň ba­şdan ge­çi­ren­le­ri

Mu­sa­lau­wyň ba­şdan ge­çi­ren­le­ri

bragim KERIMOW,
gumuk ýazyjysy

(Tejribeli awçynyň hekaýatlary)

Koýsuwyň kenarynda

Gadyrly okyjym, seniň häzir eşitjek ähli zatlaryňy tanyş awçym maňa gürrüň berdi, menem onuň adyndan ýazýaryn.

Güýz güni. Gün batyp barýardy. Men öz dostum Adyl bilen dag tokaýlygynda aw awlaýardyk. Ýöräp-ýöräp halys bolanymyzdan soň, ýadawlykdan ýaňa sütünimiz süýnüpdi.

Şowsuzlyk zerarly janymyz ýanyp duransoň, dynç almak üçin haýsydyr bir depäniň ýanynda düşledik. Biziň öňümizde ýüz metr çemesi aralykda joşgunly derýa Koýsu akyp ýatyrdy.

Koýsuwyň asuda akýan wagty örän seýrek bolýar, ýöne ol hut şu gün diýseň parahat akyp ýatyrdy. Gaty çynymy aýdýaryn, eger dykgat bilen esewan edäýmeseň, ol indi akmaýandyr, onuň suwy doňup galandyr öýdüp pikir etmegiňem ahmal.

Biziň duran kenarymyz pes boýly gür gyrymsy agaçlar bilen gurşalandy. Şol ýerde ondan-mundan gürrüň edip otyrdyk, birdenkä… näme bolandyr öýdýärsiň? Gyrymsy agaçlaryň arasyndan çykan aýy derýanyň kenaryndaky kiçeňräk meýdança geldi. Men tüpeňimi garbap aldym-da, gulagyny gaýtardym we ony nyşana aldym. Adyl zordan meni saklap ýetişdi.

— Sen näme etjek bolýaň? Olaryň ikidigini göreňokmy!

— O nähili?

Adyl jogaba derek eli bilen aýynyň çykan ýerini görkezdi. Hakykatdanam, uly aýynyň arkasynda kiçijik aýyjyk gizlenen eken. Daşyndan göräýmäge ol üç-dört aýlykdan uly däldi. Tüýjagazy gür we gysga — edil gäwmiş çagajygy ýaly. Ol şeýle bir kiçijik hem akmajyk welin, hiç hili howpy-da duýanok, howlukman ikibaka ýöräp, dünýädäki ähli zatlara haýran galýan dek daş-töweregine garanjaklaýardy. Biz oňa haýran galmak bilen seredip durkak ikinji aýyjygam peýda boldy. Ol birinji aýyjykdan ep-esli ulurakdy, ondan bir ýaş uly bolsa gerek. Diýmek, ene aýy öz çagalary bilen çykan ekeni.

Uly aýyjyk kiçijigiň ýanyna baryp duran badyna, eneleri daş-töweregine göz aýlady-da, howany, ýeri ysgady, soňra yzyna öwrüldi, meniň yzyma düş diýýän dek kiçijigine baş atdy-da, derýa tarap ýöneldi.

Biz ümsümlik bilen ýerimizden gozganman otyrdyk.

Men indi ýaragymy ele almadym. Koýsuwa, ilki bilen, ene aýy girdi. Ol biraz ýüzensoň, körpeleriň öz yzyna düşüp gelýänini bilmek üçin öwrülip, yzyna garady. Edil şo pille olar entek kenardadylar — itekleşýärdiler, togalanýardylar. Ynha, birdenem olaryň ulusy kiçisini öňe tarap itekläp başlady. Ol bolsa suwa giresi gelmän, aýaklaryny ýere diräp, garşylyk görkezýärdi. Hatda gaçyp gitmäge-de synanyşýardy, ýöne uly aýyjyk hüşgärligi elden berenokdy, häzir bolup durdy we onuň ýoluny kesýärdi, ol bolsa lapykeçlik bilen saklanýardy.

Ene aýy gaharyna birhili ses edip, närazylygyny bildirdi. Aýyjyklaryň kiçisi gaçyp gidere ýeriniň ýokdugyna düşündi, her zat-da bolsa derýa girmeli boljak. Ol suwa girensoň, biraz wagt suwda şapyrdap oýnady — diýmek, o diýen gowy ýüzüp bilmeýän bolmaly. Onuň yzy bilen aýyjyklaryň ulusy derýa girdi. Ahyry olar ýüzüp baryşlaryna kenardan birneme arany açdylar.

Biraz salymdan soň ene aýy ýene yzyna garady we körpe balasynyň has beter yza galýandygyny gördi. Ol nägilelik bilen hyňrandy-da, oňa baş atyp yşarat etdi. Emma körpeje enesiniň yşaratyna o diýen üns bermedi. Oň enesiniň yzyndan ýetmäge howlukmaýandygy mese-mälim görnüp durdy. Emma uly aýyjyk enesiniň islegine oňat düşündi öýdýän. Ol mana düşünmeýän kiçi doganyny temegi bilen öňe itip goýberdi, emma bu hereketiniň netijesiniň azdygyna göz ýetirensoň, penjesi bilen oň böwrüne şapladyp goýberdi. Körpeje birneme çaltrak ýüzüp başlady we biraz salymdan enesiniň ýanyna golaýlady. Ýöne az wagtdan ol ýene yza galyp başlady. Ene aýy ýene-de gaňrylyp yzyna seretdi. Bu sapar körpeje, hatda enesine tarap seretmedem. Ol edil ýazyklydygyny duýýan dek ýüzüni suwa basdy.

Aýyjyklaryň ekabyry özünden biraz öňde ýüzüp barýan doganynyň böwrüne ýene-de penjesi bilen bir sapar urup goýberdi. Urgy gaty agyryly bolan bolmaga çemeli ol naýynjar çyňsady, ýöne has çalt ýüzmäge başlady.

Biz ahyry ene aýynyň her sapar yzyna gaňrylanda, yşaraty kiçi çagasyna däl-de, ulusyna edýändigine düşündik, ol hut şoňa ýüzlenýär eken.

Aýy maşgalasy garşydaky kenara ýüzüp ýetýänçä ene aýy ýedi gezek yzyna gaňryldy, körpeje görgülini hem ýedi gezek iteklediler, şonça gezegem böwrüne urdular.

Ýöne iň güýçli urgy ol janawara biraz gijräk garaşýar eken. Kenara ilkinji bolup çykan, elbetde, ene aýydy. Oň yzyndan bolsa zordan körpe aýyjyk çykdy. Ol, göýä, özüni o diýen gowy alyp barmandygyna düşünýän ýaly, haýaljak ýöräp enesiniň ýanyna bardy-da, boýnegijilik bilen başyny aşak salyp durdy. Enesi şobada artky aýaklarynyň üstüne galdy-da, ony şeýle bir şapladyp goýberdi welin, ol çyňsap başlady.

Ynha, ahyrsoňunda, aýyjyklaryň ulusy hem peýda boldy. Bu tomaşadan soň biz birneme aýak üstüne galdyk, howpy bütinleý unudyp, gepleşip başladyk. Gury şahalar aýaklarymyzyň astynda şatyrdaýardy, aýylaryň enesi bu taýda kimdir biriniň bardygyny şobada duýdy.

Ol sakga durdy-da, ysyrgandy, daş-töweregine garanjaklady. Biziň bardygymyzy bilensoň aladalandy, körpejäni gyssap başlady, soňra uly çagasyny öz öňüne geçirdi we gaharlanyp, häli-şindi yzyna gaňrylyp, olary gyrymsy agaçlaryň gür jeňňelligine saldy-da, özi hem olar bilen şol ýerde gizlendi.

Bu hadysany görüp, tolgunan Adyl şeýle diýdi:

— çaga mähriban diýilýäni, gör, nähili eziz eken!

— Hawa, elbetde — diýip, menem ylalaşdym.

Duşuşyk

Musalau:

— Walla, bilemok-da nähili aýtjagymy, nätsemkäm, eger bolşy ýaly gürrüň bersem, öwünýändir öýdüp pikir edersiň. Bu, hakykatdanam, şeýle bolupdy, muňa goşar ýalam ýa-da aýrar ýalam hiç zat ýok. Aslynda, urmak-ýençmek, öldürmek niýetim ýokdy ahyryn.

— Bolýa, aýdyber, belkem, men ynanaryn — diýip, men ýylgyrdym.

Musalau howlukman gürrüňe başlady.

Daglaryň täsin endigi bar: bulutlar pese düşen badyna, olar şo demde gark bolmak isleýän dek başyny buluda salýarlar.

Ynha, meniň gürrüňini berjek bolýan şol günümem hut şeýle boldy. Eger men şol gün şeýle bir goýy ümürli bolup, iki ädimden aňyrda hiç bir zat görnenokdy diýsem, ýene-de biraz öwünmegi gowy görýärsiň diýip pikir edersiň, ýöne, hakykatdanam, şol günki howa guwanar ýaly däldi.

Men Galadagyň daşyndan aýlanýan inçejik ýodadan barýardym. Sen bilýäňmi, oň eňňitleriniň uçutlydygyny, ýadyňa düşýän bolsa, aşakda-da Koýsu akyp ýatyr. Ýöne şol dagyň ne sebäpden şeýle adynyň bardygyny sen bilýän däl bolsaň gerek. Şol ýerdäki berkitmäni partizanlar gurupdyrlar we on sekizinji ýylda şu dagdan aklaryň üstüne ok ýagdyrypdyrlar. Ine, şondan bäri oňa şeýle at goýupdyrlar.

Gepiň gysgasy, men ýodajykdan gidip barýan, egnimde tüpeň, bilimde hatar, elimde-de taýak. Ýöräp barşyma, nämedir bir zat hakda oýlanýaryn. Birdenkä gaýanyň aňyrsyndan äpet, gyzylymtyl-goňur aýy peýda boldy. Walla, ýalan sözläýmesem ýagşy, ýöne ikimiziň aramyz aňry gitse on ädimden gowrakdyr.

Nätsemkäm diýip oýlanýan. Atsammykam! Ýöne meniň ýaragym birdenkä-de, eger men ony birinji okda ýykyp bilmesem, nähili bolarka? Özüň bilýäň, ýaraly aýy yzyňdan kowup ýeter — soňam atsyz-sorsuz ýitip gidersiň. Bagtyma, onuň maňa birbada gözi düşmedi. Demimi alman diýen ýaly ýuwaşlyk bilen ýodajykdan çykdym-da, ýatdym. Aýy ýanyma geldi-de, meni ysgaşdyryp başlady. Sen bilýänsiň-le, olar hemişe-de şeýdýärler.

— Hawa, hawa — diýip, men baş atdym. — Dowam ediber.

— Şeýlelikde, ol meniň saçymy, gulaklarymy, ýeňsämi, şol ysgaşdyryp dur, deýýus. Indi men özümem diridigime ýa-da ölüdigime düşünemok, demim tutuldy. Hudaýa şükür, ol meniň ýanymdan aýryldy-da, tüpeňi ysgap başlady. Ol meniň gapdalymda ýatyrdy. Men bir gözümi çalaja açdym we haýran galmakdan ýaňa tas gygyrypdym. Aýy iki öň aýagy bilen tüpeňe ýapyşdy. Näme bolarka diýip oýlandym? Ol tüpeňi penjelerine aldy-da, bat bilen aşaklygyna zyňyp goýberdi. Men diňe zyňlan tüpeňi däl-de, onuň Koýsuwa pagşyldap düşeninem eşitdim.

Eger şu wagta deňeç gatybir gorky duýmadyk bolsamam — dogrymy aýtsam, mende haýsydyr bir zat hakda oýlanmaga ne güýç, ne-de wagt bolupdy: näme bolsa şol bolsun diýen karara gelipdim. Indi bolsa ýaragsyz galamsoň, meni, hakykatdanam, çynlakaý gorky gaplap aldy. Ýogsa näme, meniň ýagdaýymda — ýaragsyz halymda. Asla goragsyz, elimde goranar ýaly hiç bir närse ýok. Dogrusy, tüpeň maňa geregem bolmazdy, ýöne eliňde ýaragyň bolsa ýüregiň suwluja bolýa-da.

Soňra ýyrtyjy erjellik bilen meniň hatarymy ysgap başlady, ony bilimden ýolup almaga synanyşdy, ýöne, näme üçindir, ol bu işini goýbolsun etdi. Meniň nähili bolanymy bir göz öňüne getirýäňmi. Men-ä şeýle pikir edýän — haýsy zatdan däriniň ysy gelýän bolsa, olam şony halamaýan bolmaly, şonuň üçinem ol şo zatlary zyňasy gelendir.

Ol aslyna ýetmän, edil ýene nämä ýapyşsamkam diýip oýlanýan dek gezmeledi-de, gaýtadan meniň daşyma geçdi, indi has çynlakaý. Ol geldi-de, penjeleri bilen meni ynjalyksyzlandyryp başlady, soňra iki gapdalymdan tutup galdyryp başlady. Ýüregim ýaryldy. Men heläk bolaryn öýtdüm. Ol näme etmekçikä, küýünde näme barka? Nejis meni ýere taşlap goýberdi-de, uçudyň gyrasyna tarap süýräp başlady. Edil şeýle: mendenem däriniň ysy gelýär ahyryn. Ol indi mendenem dynmak isleýärdi. Meni uçudyň gyrasyndan itip goýbermek onuň üçin kyn işdir öýdýäňizmi? Bu onuň çep elinden gelýär ahyry!

Men şol wagt muňa çydap bilmän, bar güýjüm bilen oň garnyna depdim. Ol şo pille art aýaklarynyň üstünde durdy. Elbetde, saklanyp bilmänem birki gezek togalanyp, aýylganç arlap Koýsuwa gaçdy.

— Ynha, meniň başymdan geçiren hadysam — diýip, Musalau uludan dem alyp goýberdi.

Daragtyň çür başyndaky sülgün

Şol ýyllar entek meniň awçylykda ilkinji ädimlerimdi. Kada bolşy ýaly, awa kakam bilen giderdik. Belkem, siz eşidensiňiz: biziň maşgalamyzyň erkek göbeklileriniň ählisi ölemen awçydy — kakamam, atamam, garry atamam. Şol aw möwsüminde, köplenç, sülgünleri awlardyk, olar gür gamyşlyklaryň aralarynda, tokaýyň özünde-de näçe diýseň bardy. Awa başlamazymyzyň öňüsyrasynda kakam on iki sany gapan gurdy.

Tokaýa giren badymyza, kakam maňa gapanlaryň biriniň gizlenip goýlan ýerini görkezdi-de, ony barlap gelmegi tabşyrdy. Men görkezilen ýere baryp hiç zat tapmadym, ne sülgün, ne-de gapanyň özi bar. Kakamy çagyrdym. Ol ylgap gelşine meň aljyraňňy halymy görüp, gaty ses bilen gülmäge başlady, üstesine-de, keýp edip ellerini owkalaşdyrdy. Men bolsa hiç bir zada düşünmän seredip durun. Bu ýerde güler ýaly näme barka diýip oýlanýan.

Kakam gülüp durşuna, barmagyny asmana tarap çommaldyp — ýokaryk seret — diýdi.

Men başymy galdyryp seredemde, göni meň ýokarymda, pyntyk agaçlarynyň iň beýik çogdumynda kiçijik gapany we oňa düşen ullakan sülgüni gördüm. Men gaty haýran galyp, munuň nädip beýle bolýandygyny düşündirmegi kakamdan haýyş etdim.

Kakam awdan bir gün öň pyntyk agajynyň has ýogyn şahasyny egreldip, onuň iň ýokarsynda gapany berkidipdir-de, şaha gönelip ýokaryk galmaz ýaly ony basyp saklamak üçin üstüne agyr daş goýan eken. Haçan-da, sülgün gapana düşende ondan boşanjak bolup, daşy süýşüren eken, şaha bolsa gapan hem sülgün bilen bilelikde ýokaryk göterilipdir.

— Biz tilki ýa başga bir ýyrtyjy awumyzy iýmez ýaly hemişe şeýdýäris — diýip, kakam gözlerini hilegärlik bilen süzüp düşündirdi.

Aýynyň süreniniň ýanynda

— Musalau, ýene-de bir zatlar hakda gürrüň bersene! Bolýarmy?

— Bolýa, diňläň onda!

Bu waka öten ýylyň güýzünde bolupdy. Şol gün näme sebäpdendigini özümem bilemok, ýöne Adyl bilen awa gitmän galdym. Onuň ýeke özi ýola düşdi we gidip barýarka şeýle diýdi: «Men şu gün Galadagda gezelenç etsem diýýärin».

Agşamara men awyň şowly bolandygyny ýa-da bolmandygyny, tokaýda nähili gyzykly zatlary görendigini, nähili awy atyp alandygyny bilmek üçin Adylyň öýüne degip geçdim, ýöne ol öýde ýok eken. Soňra meniň başga-da käbir işlerim bardy, gijagşam bolsa özüňizem düşünýänsiňiz-le, bilesiň gelip içiň byjyklap duran hem bolsa, adamlary ukudan oýaryp bilmersiň ahyryn.

Irden daň atmanka, şapak dogmanka biziň öýümize Adylyň aýaly Alipat kürsäp girdi. Çalt ýöremekden ýaňa onuň demi demine ýetenokdy, gözleri ýaşlydy.

— Size ne döw çaldy? — diýip soraýaryn.

— Wah, bagtym ýatdy! Adyl awdan dolanyp gelmedi.

— Näme üçin düýn aýtmadyňyz?

— Häli geler, şindi geler, ynha gapyny kakar öýdüp oturdym-da. Uzak gije çirim etmän çykdym. Şeýdibem ertire çenli oturdym. Näme etsemkäm?

Men ony biraz köşeşdirmek üçin:

— Belki, gije Battalyň garawulhanasynda galandyr — diýdim, özüm bolsa «Näme bolduka?» diýip oýlandym.

Men bäş-alty adamy ýygnadym, adamlaryň kimsi ýaragly, kimsi eli ýönekeý taýakly, ýitigimiziň gözlegine çykdyk. Galadag tarapa ýöneldik. Ilki bilen, Battalyň ýanyna bardyk. Adyl gije onuň öýünde bolmandyr.

— Ýöne men ony düýn irden obadan gelen badyna gördüm. Şol gün onuň awy şowly boldy öýdýän. Günortandan soň bir gezek tüpeň sesini eşitdim — diýip, Battal jogap gaýtardy. Men:

— Soňra ol tüpeň atmadymy? — diýip soradym.

— Ýok, eşitmedim. Näme boldy? Näme, bir bela gopdumy? — diýip, Battal howsala düşdi.

— Tüpeň sesi haýsy tarapdan eşidildi? — diýip, men çintgemegimi dowam etdim. — Üns bermediňmi?

— Elbetde, Galadagyň çep ganatyndan.

Gadyrly diňleýjilerim, Galadagyň ganatynyň bardygyny geň görmäň. Biz awçylar dagyň iki tarapyndaky çykytlara onuň ganatlary diýýäris. Eger onuň öňünden seretseň, olar has-da ganatlary ýatladýar.

Ine şeýle, biz Galadagyň çep ganatyna tarap ýöneldik. Düýn Adylyň şu ýerde bolandygyna biziň ynamymyz bardy. Ýöne ol näme üçin öýüne dolanmadyka ýa-da Battalyňka barmadyka? Ol awa gyzygyp Günüň ýaşanynam duýan däldir we gijäni tokaýda geçirmegi makul bilendir, diýeli, bu gülkünç däl, sebäbi indi tomus pasly däl ahbetin. Eger birdenkä… Ýeke tüpeň sesiniň çykmagy seresap bolmagy talap edýär, başga bir tarapdan bolsa, biz awçylarda häli-şindi bolýan hadysa, bir ok bilen towşany ýa-da tilkini ursaň, tüpeňi ikinji gezek atmak geregem bolanok. Agşam düşýär.

Eger tokaýda haýsydyr bir ses eşidilse, onuň haýsy tarapdan gelýändigini hiç bir kes tokaýyň sakçysy Battaldan gowy bilmeýär. Şu ýerde oňa bil baglasaň bolar. Ol her bir haýwany sesinden tanaýar, haýsy agajy kesýändiklerinem sesinden bilýär, inçe agajymy ýa ýogyn agajy kesýärlermi, ýa-da gury çybykmy sesinden kesgitleýär. Mundan başga-da, ol kimiň çapýanyny, şol işi etmäge rugsatnamasy barmy ýa-da ogry ýaly tokaýa ogrynça giripdirmi, ýalňyşman aýdar. Assyrynlyk bilen çapýanlar paltany haýallyk bilen galdyrýarlar, ýöne ony agajyň sütünine bat bilen urýarlar we her gezekki urgudan soň diňşirgenýärler… Meniň gadyrdanlarym, munuň özi giden bir ylymdyr.

Biz Galadagyň çep ganatynda eýläk-beýläk aýlandyk. Şeýdip esli salym gezmeledik. Şonda-da göz astyna alan zadymyz bolmady. Ahyry Battal aýynyň sürenini tapdy. Itleri goýberip, olara yz çalmagy buýurdyk, tüpeň atdyk, gygyrdyk — süren boş eken. Biziň başlan işimiziň netijesi bolmady, ýöne biz süreniň golaýynda ep-esli salym dikilgazyk bolup durduk. Biziň birimiz düýbünden duýdansyz ýerden süreniň öňünden, ondan kyrk-elli ädim aralykda peşeň tapdy. Soňra biz ýakylan oduň külüniň üstünden bardyk, ýöne bu hiç zady aňlatmaýardy, ony asla Adylyň ýakmadyk bolmagam mümkindi. Ynha, peşeň welin üns bereniňe degýärdi… Onuň san belgisi Adylyň okunyň belgisine gabat gelýär — ýigrimi sekizinji. Ýöne welin, jahanda tüpeňini şu belgili oklar bilen oklaýan ýokdur öýdýäňizmi. Her näme-de bolsa, şol pursat hemmämiz peşeň Adylyň okunyň peşeňidir diýip pikir etdik. Başga hiç bir zat tapman, bu ýerden gitmäge hyýallandyk. Sürenden birneme aňyrrakda pes boýly, şahalak pyntyk agajy bardy. Şonuň deňinden geçip barýarkak, birnäçe şahasynyň döwlendigini gördüm we ýanymdan ýöräp gelýän Battala aýtdym. Ol eli bilen çybyklary ikiýana serpdi welin, men assaja seslendim: ol ýerde nili aşak ýagdaýda tüpeň ýatyrdy. Battal ony garbap aldy. Bu tüpeňiň Adylyňkydygyna men asla şübhelenmedim, ol maňa gaty tanyşdy. Ine, şu ýerde biz, hakykatdanam, gorkduk we aljyraňňy halda birek-birege bakdyk. Mundan soň näme etjegimizi bilmän, çogdumlaryň ýanynda dyz epdik, itleri bolsa öňe goýberdik. Dymşyp otyrys hemmämiz bir zady — Adylyň heläk bolandygy hakda edýän pikirimizi boýun almaga gorkýardyk. Birdenkä meniň itim üýrüp başlady. Men onuň sesini şobada tanadym. Bir-iki minut geçensoň, dilini sallap, Battalyň iti geldi, biraz çyňsap durdy-da, gelen yzyna tarap ýüwürdi. Meniň itim bolsa üznüksiz üýrýärdi. Itleriň gylygy şeýle. Eger bir oljanyň üstünden barsalar üýrüp başlaýarlar, eger olar iki bolsalar, biri garawullamak üçin şol ýerde galýar-da, beýlekisi hojaýynynyň ýanyna ýumlugýar.

Biz şobada itleriň ýanyna ýelk ýasadyk. Meniň itim haýsydyr bir çukuryň ýanynda aýlanyp ýörşüne dynman üýrýärdi. Ýakynyna bardyk… gury şahalaryň ýapraklarynyň aşagyndan göni bize tarap iki sany janly göz garap durdy. Olar gyrpyldaýardy. Bu Adyldy, ýöne nähili görnüşde, eý, Hudaýym! Ony çukurdan çykardyk — onuň özi ne gepläp, ne-de hereket edip bilýärdi — garawulhana gelenimizden soň, ony Battalyň iki tigirli arabasyna mündürip oba äkitdik.

***

Şol gün onuň awy şowuna bolmandyr. Ol biziň ony tapan ýerimizdäki süreniň üstünden barýança, tokaýyň içinde kän selpäpdir. Ol şol biziň ony tapan ýerimizdäki aýynyň sürenine giren pillesi üstünden baran eken. Adyl şobada ony atjak bolupdyr, ýöne şowuna bolmandyr, ýetişmändir. Her niçik-de bolsa, Adyl mert kişilere mahsus bolşy ýaly ol ýerden gitmändir-de, çaýşyk aýakly ýene-de yzyna çykmazmyka diýip garaşypdyr. Garaşyp näçe ýatsa-da, bary biderek bolupdyr. Garaşmakdan ýaňa halys bolansoň, ol çak bilen süreniň agzyny nyşana alyp, çen bilen atyp goýberipdir. Tüpeň sesi çykan badyna, gazaba münen hojaýyn süreninden çykypdyr. Adyl ýene bir ýola atmakçy bolupdyr, ýöne gijä galypdyr. Aýy gelip ýetipdir-de ony gabyrdadyp basypdyr…

Soňra näme bolandygyny Adyl ýatlap bilenok. Ol huşuny ýitiripdir. Galan zatlar düşnükli. Aýy ony ölendir öýdüp, çola ýere eltip, olaryň, adatça, öli jandary gizleýşi ýaly edip, çukurda bukupdyr. Öten ýylky gury şahalardyr ýapraklar bilen üstüni basyrypdyr. Aýylaryň öz awyny üýtgäp başlansoň, iýýändiklerini siz bilýän bolsaňyz gerek.

Aýy ýalňyşypdyr. Adyl diri eken. Ol irden özüne gelipdir we köpügören awçy bolandygy üçin hemme zada düşünipdir. Aýy ony mazalyja basyp, her tarapyndan üç gapyrgasyny döwüpdir. Gygyrar ýaly, ylaýta-da, hereket eder ýaly güýç ýok. Ol tä biz, has dogrusy, itlerimiz ony tapýança, şol bolşuna ýatypdyr.

Ýöne meniň üçin diňe bir zat düşnüksiz bolmagynda galýar — Adylyň iti nirä ýitirim bolduka? Ol huşunyň ýiteňkirlän wagty «onuň üýrýän sesini eşidipdim» diýdi. Ýöne soňra oňa näme bolany näbelli. Aýynyň ony öldürip, başga bir ýerde gömüp goýan bolmagy mümkin.

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle