Munda Magtymguly şygyr ýazypdyr
Munda Magtymguly şygyr ýazypdyr
Funtowo* ýerinden ajaýyp ýer ýok,
Nämä degmez doglup, önüp-öseniñ.
Munda Magtymguly şygyr ýazypdyr
Hem ýüregi urýar Hojanepesiñ.
Munda Abdyrahym Nyýazy — türkmen,
Şygryýetiñ tagzymçysy hem alym:
Bize ilki gezek sowgat beripdi,
Beýik Magtymgulyñ şygyr diwanyn.
Tagandurdy diýen täjir bu ýere
Hywa taýdan kerwen çekip gelipdir.
Haly, ýüpek getirip bu illere
Bu illerden alkyş baryn alypdyr.
Buýsanýan, dostlarym, men bu toprakda
Şöhratly bir halka bolanma goñşy.
Menem aýdym ýazýan şol millet hakda
Türkmeni wasp edip ýazýaryn goşgy.
Ykbaldan razy men, ýüregim joşýar,
Dostlugy çalyşman başga zat bilen.
Bu ýerdäki türkmenleriñ şa ýoly
Bizi birleşdirýär Aşgabat bilen.
________________________________
* Funtowo — Astrahanda türkmenleriñ kowçum bolup ýaşaýan ýeri.
Wladimir ÝEROWEÝEW,
(Russiýa, Astrahan).
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. Goşgular