Müň derdiň dermany
Müň derdiň dermany
 Ir zamanda täze söwda başlan ýigit obadaşlary bilen hoşlaşyp, ýola düşjek wagty bir hekimden maslahat sorapdyr: 
 —Atam, del ýurtlara baranymda, däri-derman gözläp ýörmez ýaly, näme etmeli? 
 Kerweni ugratmaga çykan lukman hem ýol ýakasyndan taýak atym aňyrda gögerip, gülläp hem monjuklap oturan ösümligi görkezip: 
 —Hol, gülläp oturan ösümligi görýäňmi? 
 —diýipdir. 
 —Hawa, görýän atam, ol ýüzärlik. 
 —Görýän bolsaň indiki düşläňde, şondan bir desse ýyg-da, ýüküň gapdalyna daň, ýolda gurar. Soň ony boş çuwala ýa-da horjuna sal. Kelläň agyrsa, ýadawlyk duýsaň şony tüsseledip, howasyndan dem al. Ýat ýurduň suwy, iýmiti ýaraman, içiň bozulsa bir monjugynyň içindäki garaja dänäni al-da, çeýnäp ýuwdup goýber, dert golaýyňa gelmez. Mundan başgada, ýüzärligiň tüssesi gözden-dilden, al-arwahdan hem gorar. Söwdaňda hem şowlulyk getirer. 
 Sebäbi ýüzärligiň her ýapragynda, güldür monjugynda bir perişde adamzada garaşyp otyr, şu ösümligi ulanan adamy ähli beladan goramak üçin — diýipdir. 
 Ýigit hekime hoşallyk bildirip: 
 — «Ýüzärlik ýüz belany sowar» diýenleri mundan gelip çykd-ow — diýipdir.
 Oguljemal ÇARYÝEWA, 
 Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri 		 	  Halk döredijiligi we rowaýatlar
