|

Mugallyma kesgitleme

Mugallyma kesgitleme MUGALLYMA KESGITLEME

Bilim dünýäsinde gül açmak üçin,
Bagban zerur ähli ynsana derek.
Dünýäñ ak-garasyn görkezmek üçin,
Durmuşa düşünýän mugallym gerek.

Mugallym diýilýän her bir ynsana,
Gadagandyr gije ukyn ýatlamak.
Onuñ öz ömründe bir aladasy:
Adamlaryñ düşünjesin saplamak.

Ol göýä bir şemdir, garañky tüme,
Oñarsa kiçijek ýagtylyk saçýar.
Ereýänçä üşänleri gyzdyrýar,
Hem gijäñ görünmez syrlaryn açýar.

Oña ýene-de bir zerurlyk gerek,
Eden işleriniñ miwesi boljak.
Ýer ýüzüne ýene bir bag ekmeli,
Özi guran soñra dowamy boljak.

Şony ýetişdirmek ýeke maksady,
Şoñ üçin aýaklar tiken basýandyr.
Mugallym-bu täsin, syrly zemine,
Kesgitleme berjek ýeke ynsandyr.

Oña ynam bilen barýan ýollaryñ,
Bilim Güneşinden ýaña ählisi ýagty.
Seniñ saplanmadyk gury ömrüñe,
Özüni köýdürip getirer bagty.

Mugallym-bu dünýäñ syrly kitaby,
Onda jemli barlyklaryñ beýany.

Isa HOJAMERDANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle