Mugallym gyza
Mugallym gyza
MUGALLYM GYZA
Bagyşlaň, men sizi söýdüm mugallym,
Siz näme pikirler etseňiz ediň.
Men sizi diňleýän uly üns bilen
Baş üstüne, sizem dersiňiz geçiň.
Men sorag bereýin, siz jogap beriň
Ýa söýýän diýeýin, siz bolsa dymyň.
Gowusy törüme uz bolup geliň
Menem dersiňize gelmäýin mugallym.
Geleşige eger razy bolsaňyz
Ejem sawçy barýar, sözün alsaňyz
Aljyratman, sözüm, gelnim bolsaňyz
Goraryn hemmeden sizi mugallym.
Beýle çiňňerilip bakmaryn size
Kyn-kyn sowallary tapmaryn size
Köpçülikde gözüm gyrpmaryn size
Meň bilen durmuş toý tutsaň mugallym.
Meň bilen maşgala gursaňyz eger,
Meniň diplomymda, bäşlikler bolar.
Bägül ORAZMUHAMMEDOWA.
Goşgular