Möwlana Jelaleddin Rumynyñ hikmetleri
Möwlana Jelaleddin Rumynyñ hikmetleri
Toprakdan geldik, topraga-da bararys. Möhümi dünýäde hapalanmazlykdyr, köňlüňi päk tutup, oňa kir ýokurmazlykdyr.
***
Haka ýetmek isleseň, ynsan köňüllerini gazanmaga çalyş, munuň üçin köşklerde mermer bolma, bir toprak bol, bagryňda güller ýetişsin.
***
Ýagşylyk yzla, dogrulyk yzla, gözellik yzla, emma aýp yzlama.
***
Söwdasy, sermaýasy, mal-dünýäsi köp adamyň synagy hem agyr bolar.
***
Ynsanlary kitap kimin aňlaň. Daş-sahabyna garap aldanmaň, içini okap çykansoň, ony anyk tanarsyňyz.
***
Halyny taýak bilen urup kakmak hala azar bermek üçin däl, eýsem ony päklemek üçindir. Alla saňa kynçylyk berse, seni synag edip täzelär, çaň-gubaryňy aýyrar. Gynanma…
***
Akylym her gün toba eder. Nebsim her gün tobamy bozar. Ikisiniň arasynda galan biçäre men. Ýöne, Rebbim, Seniň dergähiň bar…
***
Kap dagy ýaly uly bolsaň-da, bir kepene sygar derejede kiçidirsiň. Unutma, her zadyň hasaby bar, karzyňy üzeniňden soň, üzülersiň…
***
Gül diýeniň näme seniň? Üç-dört tiken, biraz ýaprak,
Nedir seniň söýen dünýäň? Üç-dört nepes, soňra toprak…
***
Içiňi daşyňa görä köpräk päkle, abat kyl, çünki daşyňy halk (mahluk) görýär, içiňi Alla (halyk) görýär.
***
Jahyl kişi gözläp durup, gülüň gözelligini görmez, tikenlerine ymtylar.
***
Adalat nedir? Güli suwarmakdyr.
Zulum nedir? Tikenlerini suwarmakdyr.
***
Rebbiňe garap: «Meniň agyr derdim bar» diýme, derdiňe garap: «Meniň beýik Rebbim bar» diý.
***
Gülüň gözelligi – aslynyň päkligindendir, ynsanyň gözelligi kalbynyň päkligindendir.
***
Yşky birsyhly saýraýan bilbilden däl-de, sessiz-sedasyz jan berýän perwanadan sora.
***
Ýüregiň terbiýelemekden owal diliňi terbiýele. Çünki söz ýürege dilden çykyp barýar.
***
Her bir närse görnüşi ýaly däldir, bu gün saňa ömür beren suw erte seni gark edibem biler.
***
Käte günäsizligimize perişdeler höwes edýärler, käte jahyllygymyzdan ýaňa şeýtan gaçara ýer tapmaýar…
Taýýarlan: Nury SEÝIDOW. Sözler
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.