Moskwadan görýärler
Moskwadan görýärler

(Baý döwletleriñ töhmetleri)
Gün dogsa äleme düşýär ýagtysy —
Baý döwletler Moskwadan görýärler;
Ýagtydan paý alsa belendi-pesi —
Paýlanany Moskwadan görýärler.
Zulum edip, milletleri basýarlar,
Urýarlar, sögýärler, dardan asýarlar,
Işçileriñ ýüzläp başyn kesýärler —
Iş taşlansa, Moskwadan görýärler.
Milleti gyrýarlar tüpeñ, top atyp,
Ýetim, ýesir edip, mal ýaly satyp,
Garşylyk görkezse biri baş tutup, —
«Bozgaklygy» Moskwadan görýärler.
Mazlumlar nalasy asmana ýetýär,
Içleri ot alyp, tutaşyp gidýär,
Moskow öz işinde, size näme edýär? —
Mazlum zaryn Moskwadan görýärler.
Ýurtbasarlar gabyrlaryn gazýarlar,
Ýarag bilen millet baryn ezýärler,
Keýpleri üçin milýon jana dözýärler, —
Ýene baryn Moskwadan görýärler.
Azatlyk gününiñ dañy atypdyr,
Aga-baýarlygyñ döwri ötüpdir,
Mazlum iller baý bogazyn tutupdyr, —
Bogulýan Moskwadan görýärler.
Maýadarlar günbe-günden gynanýar,
Möhleti azalýar, janlary ýanýar,
Çabalanýar, çar tarapdan synanýar, —
Jan ajygyn Moskwadan görýärler.
Ýanwar, 1929 ý.
_________________
Goşgy gysgaldylyp alyndy. Goşgular