|

Möjek bilen Durna

Möjek bilen Durna MÖJEK BILEN DURNA

Möjek bilen Durna

Hemmeler bilýär muny: açgöz bolýar Möjekler,
Ajyganda hut olar süňküň çeýnäp iýjekler.
Şol sebäpli bir güni ýuwdup bilmän süňküni,
Olardan bir görgüli ýatdy gaçryp eňkini.
Dem almasy kynlaşdy, ajal barha gyssady.
Indi onuň çekýäni agyr-agyr gussady.
Mawy kölüň boýunda peýda boldy bir durna.
Urnup ýatan çal möjek diýdi: «Ýetişdi hernä»
Düşündirdi üm bilen: — Gel, Durna jan ýanyma,
Dem almam agyrlaşýar, rehm etgin janyma.
Möjegiň bu halyna Durna näme dözdümi?
Süňki çykaryp taşlap: — Töle — diýdi — muzdumy.
Möjek atdy haýbaty, diýdi: — Eý akly çaşan.
Edilen ýagşylygy bilmän, hetdinden aşan.
Meniň kimdigim hakda ýagşyja bir pikir et.
Men kelläňi agzymdan sypdyranma şükür et.
Akylyňa aýlan-da, gulak asypjyk egep,
Basymrajyk şu ýerden garaňy saýla, şepe.
El bulaýan bolmasaň hut ajala-ölüme,
Gaýdyp aklyň ýitirip, düşäýmegin elime.

Iwan KRYLOW.

Terjime eden Gurban ÇÖLIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle