|

Miso-sup (hekaýa)

Miso-sup (hekaýa)

Men bir ýerde uzak eglenemok, öz işleýän ýerimi diýseň köp çalşýan. Meň hünärim mebel dizaýneri, mebel ýasaýan kärhanalaryň ofislarynda özümi ökde hünärmen saýyp, müşderileriň gözlerini gapýan. Geçiňde otyryň, häzir biziň dizaýnerimiz siziň arzuw edýän mebelňizin keşbini ýasar we bu hyzmat üçin sizden epeslije pul gaňyrmagy unutmaz. Ine men näme bilen meşgullanýan, mebel ýasaýaň sehlaryň abraýyny galdyrýan we müşderileri artykmaç pul çykarmaga mežbur edýän. Şol bir bada bir kärhanada bir ýyldan uzak eglenemok. Ine şu gün hem täze bir kärhana işe başladym. Olaryň köne dizaýneri daşary ýurda bir ýerlerik işlemäge gidipdir öýdýän? Interneda bildiriş berip meni tapdylar, men bolsa täze baran kärhanamda birinji iş günim hökman çaý içişlik we nahar iýişlik gurnaýardym. Şu gün bolsa şol birinji iş günim, sagat eýýäm alta ýakyndy, ofisda menden başga 4 sany adam bardy, olaryň ikisi aýal maşgalady we ikisi erkek adamdy. Men şähermiziň garbanyş hanalaryndan bir giden zat buýrupdym, ýöne bu gezek azajyk üýtgeşiklik isläp, neme üçindir Ýapon nygmatlaryny dadyp göresim geldi. Näme üçindir diýip güman eder ýaly hem däl. Iki sany aýal maşgala diýýänim rus dilli gyzlar bolup çykdy. Şeýle gyzlara bolsa üýtgeşik bir zatlar hödür edesim geldi, mebel dizaýneri işgäriň aýlygy muňa ýol berýärdi. Suşi diýilýän nygmatlaryň ýany bilen, men ýapon çorbalaryny hem buýrupdym, şeýle çorbalaryň biri Miso-sup bolup çykdy. Ol çorbany men ýöne ýere agzamok, ol çorba meň hekaýamda wajyp bir rol oýnaýar. Biz otaglaryň birinde 5 bolup garbanyp başladyk we men adaty soraglara jogap berýärdim. Soraglaryň birinde Merdan atly oglan mende seň näçe ýaşyňda dost diýip sorady. Merdanyň özi menden 10-15 ýaş uly oglana meňzeýärdi. Men Merdana doglan ýylyňy aýtdym we ony geň galdyrdym. Sen menden ýaş ekenin diýdi Merdan. Men öň gözünde oň deň duşy ýalak bolup görünýärdim. Merdanyň ýaşy bolsa 40-dan geçene meňzeýärdi. Näçe näçe diýip biziň gürrňmize ýaş gyzlaryň biri goşuldy we meň doglan ýylymy sorady. Men doglan ýylymy aýtdym. Gyz meň ýüzüme geňirgenip seretdide şeýle diýdi: -Seň özüň uly oglan, ýöne ýüzüň menden ýaş görünýär. Şol bir otagyň içinde, menden 10 ýaş uly adam maňa öz deň duşydyr öýdýär we şol bir bada menden 10 ýaş kiçi gyz maňa özinden hem bir iki ýaş kiçidir öýdýär. Eýsem nädip beýle bolup bilýär? Men bolsa beýle hadysa bir eýýäm öwrenşdim, ýöne neme üçin şeýle bolýanyna düşünemokdym. Men özüme 25 ýaşly oglan diýsem hem ynanyljakdy we şol bir bada 45 ýaşly oglan diýsem hem ynanyljakdy. Her bir adam mende öz deň duşyny görýärdi. Beýle täsin mümkinçiligiň mende nirden peýda bolanyny men bir eýýäm unudypdym, ýöne şu gün miso-sup maňa ähli zady ýatladypdy. Mundan 15 ýyl ozal, men Ýapon ýazyjysy Rýu Murakamyň Miso-sup eserini okap görüpdim. Şol eserde Frenk atly bir syrly gahryman bardy, ol adam gipnozdan başy çykýardy we şol bir bada manýakdy. Ol adam ýaponýaň tokiýo şäherini syýahata gelipdi we adam baryny öldürüpdi. Kitabyň awtornyň aýtmagyna görä, Frenkiň sypaty diýseň geňdi we ol özine näçe ýaş berse, şol ýaşlada meňzeýärdi. Ol men 25 ýaşymda diýsede we 45 ýaşymda diýsede, daş töwerekdäki adamlar hiç hili şübhesiz oňa ynanjakdylar. Ençeme ýyllardan soň, diňe şu gün men Miso sup atly çorbany iýip duran wagtym nirden şeýle täsin ukyba eýe bolanym ýadyma düşdi. Meň özim şol Frenk atly gahryman ýaly syrly adam bolasym gelýärdi, ýöne öz islegimi bir mahallar unudypdym, ýöne meň islegimi Hudaý unutmadyk bolmaly, we maňa şeýle täsin ukyby beren bolmaly?

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle