|

Mişel Obamanyñ ýatlamalar kitaby

Mişel Obamanyñ ýatlamalar kitaby

ABŞ-nyň ozal­ky Pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma­nyň aýa­ly Mi­şel Oba­ma­nyň “Eme­le ge­liş” (Becoming) at­ly ki­ta­by 13-nji noýabr­da 1,4 mil­li­on ti­raž bi­len sa­tu­wa çykaryl­dy. Mi­şel Oba­ma­nyň bu ki­ta­byn­da Ak ta­myň syýasy dur­mu­şyn­dan, şeý­le hem şah­sy dur­mu­şy­nyň mö­hüm pursatlaryndan söh­bet açyl­ýar. Mi­şel Oba­ma ki­tap­da özü­niň ça­ga­lyk ýylla­ryn­dan baş­lap, ge­çen be­ýik­li-pes­li dur­muş ýo­ly barada gi­ňiş­le­ýin gür­rüň be­rip, oky­jy­la­ry öz dün­ýä­si­ne imrin­dir­ýär.

– Me­niň dur­muş ýo­lu­myň oky­jy­la­ry ruh­lan­dyr­jak­dy­gy­na hem-de öz öň­de go­ýan mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de güýç berjek­di­gi­ne umyt ed­ýä­rin – di­ýip, Mi­şel Oba­ma gür­rüň ber­di. Me­mu­ar­lar eý­ýäm, birnäçe di­llere ter­ji­me edil­di. Mişe­liň ýat­la­mal­ar ki­ta­by “Pen­gu­in Ran­dom Hou­se” neşirýaty tara­pyn­dan ne­şir edil­di. Ka­gyz gör­nü­şi 32 dol­lar, öýjük­li gör­nü­şi 15 dol­lar­ bolan bu ki­tap, bir wag­tyň özün­de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa, Awst­ra­li­ýa, Tä­ze Ze­lan­di­ýa, Hin­dis­tan ýa­ly ýurtlar­da sa­tu­wa çyk­aryldy. Hü­nä­ri bo­ýun­ça hu­kuk­çy bo­lan 54 ýaş­ly Mi­şel Oba­ma 2009-2017-nji ýyl­lar­da ýanýolda­şy Ba­rak Oba­manyň ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti bolan döwründe ýur­duň bi­rin­ji le­di­si bo­lup­dy.

# ZamanTurkmenistan

Edebiýat täzelikleri

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle