|

Mişel de Monten

Mişel de Monten Mi­şel Eý­kem de Mon­ten

Ede­bi­ýat äle­min­de il­kin­ji bo­lup, özü­niň es­se­le­ri bi­len mü­di­mi orun alan meş­hur fran­suz fi­lo­so­fy, döwlet iş­gä­ri we ýa­zy­jy­sy Mi­şel Eý­kem de Mon­ten 1533-nji ýy­lyň 28-nji few­ra­lyn­da Bor­do şäherinde at­ly-ab­raý­ly, bar­jam­ly maş­ga­la­da dün­ýä in­ýär. Onuň kaka­sy Pi­ýer Eý­kem şä­her hä­ki­mi we­zi­pe­sin­de iş­le­ýän­di­gi­ne garamaz­dan, og­lu­ny lä­lik­si­ret­män, ki­çi­gö­wün­li edip ös­dür­ýär. Ýö­ne ol ýaş Mi­şe­liň bi­lim-ter­bi­ýe al­ma­gy üçin elin­den ge­le­ni gaý­gyr­ma­ýar. Ýaş­ly­gyn­da er­kin bi­lim al­ma­gy Mon­te­niň gel­jek­de pes­päl, adamkär­çi­lik­li, ab­ra­ýy gö­te­ri­nip bil­ýän adam bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Mon­ten mek­dep ýyl­la­ryn­da­ky berk ny­zam­dan, edilýän ta­lap­lar­dan uzak­laş­mak üçin ede­bi­ýat, ta­ryh bi­len ýakyndan gy­zyk­la­nyp ug­ra­ýar we dö­re­di­ji­li­gi­ne şy­gyr hem-de ýol ýaz­gy­la­ry­ny ýaz­mak bi­len baş­laýar.
Ol zäh­met ýo­lu­na 1554-nji ýyl­da Bor­do parlamentin­de baş­la­ýar. Bu ýer­de iş­läp ýör­kä La Bot bi­len ta­nyş­ýar we bu ta­nyş­lyk wag­tyň geç­me­gi bi­len ýa­kyn dost­lu­ga öw­rül­ýär. Ýa­zy­jy 1565-nji ýyl­da öý­len­ýär we al­ty ça­ga­sy bol­ýar. Em­ma olar­dan di­ňe bi­ri onuň nes­li­ni do­wam etdir­ýär. 1568-nji ýyl­da ka­ka­sy Piýer Eý­ke­miň ara­dan çyk­ma­gy bilen, ýe­ke özi maş­ga­la ke­şi­gi­ni çek­me­li bo­lan Mon­ten öz is­le­gi bilen döw­let işin­den aý­ry­lyp, lükge­li­gi bi­len es­se­le­ri ýaz­ma­ga be­ril­ýär. Onuň bu ese­ri­ni ýazmagy­nyň esa­sy mak­sa­dy dünýä meş­hur bol­mak ýa-da gazanç et­mek däl-de, ada­myň iç­ki me­ni­ni ýü­ze çy­kar­mak bo­lup­dyr.
Mon­ten 1580-nji ýyl­da Ýew­ro­pa sy­ýa­ha­ty­na baş­la­ýar. Bu syýahatynyň do­wa­myn­da gö­ren-eşi­den­le­ri­ni ýaz­ga ge­çir­ýär. Bu ýaz­gy­lar 1774-nji ýyl­da “Sy­ýa­hat gün­de­li­gi” ady bi­len ne­şir edil­ýär. Ýa­zy­jy Rim­de ge­zip ýör­kä, Bor­do şä­he­ri­niň hä­ki­mi we­zi­pe­si­ne belleni­len­di­gi ha­kyn­da ha­bar al­ýar we dog­duk şä­he­ri­ne do­la­nyp ge­lip işe baş­la­ýar. Ýö­ne ol bu ýer­de uzak wagt iş­läp bil­me­je­gi­ni bil­ýär we meý­le­tin­lik bi­len wezipesinden ýüz öwürýär. “Adamyň baş mak­sa­dy adam bol­ma­gy öw­ren­mek­dir” di­ýen pi­ki­ri öňe sü­ren ýa­zy­jy 1592-nji ýy­lyň 13-nji sent­ýab­ryn­da ara­dan çykýar. Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle