|

Metamorfoza

Metamorfoza METAMORFOZA

Metamorfoza

Şahyr Nowruz Gurbanmyradowa

Pelegiň çarhyny pul aýlap gelýär,
Ykbal iki başym tel eýläp gelýär.
Kyýamat bolmaz-la, emma çar ýandan,
Nuhuň tupany-ha golaýlap gelýär.

Bu dünýäniň dindary az, dini kän.
Ýagşylygyň ýoly ýalňyz, hili kän.
Ölseň — dirilmek hak! Emma jahanda
Janyň sogrup barýarlar hut dirikäň!

Padanyň eýesi gaýyň bolupdyr,
Ýeke-täk hossarym — gamym bolupdyr.
Men haýran pelegiň şeýtan oýnuna:
Elim ýuka, ýüzüm galyň bolupdyr.

Derdem gelsin, ýöne ýyllap ýatmasyn,
Pany dünýä ömrüm pullap ýatmasyn.
Enkerman¹ bolmak kyn! Nowruzym ýöne
Daşymyzy nadan gallap ýatmasyn.

Şahyrlaryň mesjididir — meýhana,
Ograşlara oýnaş bolmuş meýzana².
Hudaýy agtardym, Hudaýy gözläp,
Gulluk edip ýörsem näme şeýtana.

Dürs ýol saýlap, tutdum tersin dünýäde,
Goýup syrdan doly şerhim³ dünýäde.
Adam bolup dogulanlar, Nowruzym,
Ýagşyzada bolawersin dünýäde!

* * *

Iň ajaýyp şygrym ýazylman galar,
Sebäp, iň gowy gyz duşanok häli,
Sebäp indi duşanda-da giç bolar.

Iň ajaýyp syrym ýaýylman galar,
Sebäp dostlarym-a ýuka ýürekli,
Sebäp, duşmanlarym juda birehim.
__________________________
1. Kärhanasyna diňe özünden akylly işgärleri toplan baý.
2. Muza
3. Gizlin many
Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle