|

Mert atalaň ömri bize görelde

Mert atalaň ömri bize görelde MERT ATALAÑ ÖMRI BIZE GÖRELDE

Watan üçin bolan ähli söweşlerde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligine.

Goý, ötenler bilsin, biziň özlerin
Mahal-mahal ýatlap duranlygmyzy.
Goý, bilsinler olaň baky ruhuna
Beýik ýadygärlik gurandygmyzy.

Goý, ruhlarna aýan bolsun, olaryň
Hatyrasyn saklap ýörendigimiz.
Olaň arzuw eden olaň garaşan
Garaşsyz günlerin görendigimiz.

Olar bize Aýdan aýdyň menzili
Tapmak üçin ýollar gözleşipdirler.
Saraldyp-solduryp gyzyl meňzini,
Erkin durmuş üçin göreşipdirler.

Olar hak iş üçin Hakyň ýolunda,
Hakykat ugrunda beripdirler jan.
Bu uly Watanyň sagy-solunda
Söweşip, ýurt üçin boldular gurban.

Bu sary sähranyň mele çägesin
Gyzyl ganyn saçyp, saklapdyr olar.
Söýseler-de aýal-ebtat, çagasyn,
Ýurt diýipdir olar bar zatdan ozal.
Mert atalaň ömri bize görelde.

Egilmän bir Hakdan özgäň öňünde,
Ýaşapdyrlar namartlaman, kiçelmän,
Dogry durup gelýän gülläň öňünde.
Döş gerip, Watana boldular galkan,
Gala ýykylsa-da, olar sarsmandyr.

Olaň baky jaýy – şu ata Watan,
Olaň ruhy jaýy – beýik Asmandyr.
Olaň jany bu gün şu belent ýurduň
Depesinde uçup ýören owazdyr.

Goý, olara mydam eşdilip dursun
ruhlarna okaýan aýat-dogamyz.
Bilipdirler Watan-ýurt goragynda
Ärlerçe durmagyň ýalňyz şertdigin.

Mert söweşip, ters söweşip ýow bilen
Hem görkezip nusgasyny mertligiň,
Şu beýik günlere binýat bolanlaň,
Ok öňüni döşi bilen ýapanlaň
Bu gün ýene ruhlary şat bolandyr

Şu giň sähraň çar künjünde ýatanlaň.
Goý, bilsinler ötenlermiz her demde
Özlerini ýatlap durandygmyzy.
Goý, bilsinler biziň olaň arzuwlan
Garaşsyz Döwletin gurandygmyzy.

Atamyrat ATABAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle