Mersiýe
Mersiýe
Bir asmany bela inip nahandan
Ýuwutdy ol düri — gymmat bahany.
Dirilikde zerur ol bize jandan
Oguz öwladynyñ ruhy-rowany.
Eger-çe Nuh ýaşyn berdi owaly
Täki bermiş bu gün bady-hazany.
Ki bizge ança ýyl durganyň uly
Bela sançgan ermiş tiri-kazany.
Ony ret eýlemek emri-mahaly
Mähw olmaz diýdi onuň ýazgany.
Birew ret kylmaga bolsa mejaly
Kim ol merdud hem iliň azgany.
Ýaşyň üç müňden aşyp törtge mindi
Bu ýaşda çekmediň renji-yzany.
Oguz öwladyndan aýryldyň indi
Ki bizlerge goýup matam-kazany.
Seni asmany ajdarha ýuwutdy
Sen ol Ýunus, girip tutduň mekany.
Jemalyňdan jahan köňlün sowutdy
Men oldum Andalyp waspyñ ýazgany.
Andalybyň Oguznama poemasynyň 12-nji bölümi. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.