|

Merhum dostumyñ gelnine

Merhum dostumyñ gelnine MERHUM DOSTUMYŇ GELNINE

Merhum dostumyñ gelnine

Ykbalyňa meňzeş däldi garaşmak,
Seniň ýaryň uruşda-da ölmändi.
Gidipdi iş bilen, gelerin diýip,
Ýöne soň ýylgyryp öýe gelmändi.

Ony getirdiler tabyda salyp,
Tabydy dolduran seniň dünýäňdi.
Ondan bäri ençe ýyllar geçse-de,
Ýüregiň paralap, agyň diňmändi.

Söz ýok, döz gelşiňe eýmenç ykbalyň
Saňa peşgeş beren ezýetlerine.
Özüňize nesip etmedik ak bagt
Nesip etsin eziz perzentleriňe.

Ýaryňdan ýadygär galan perzentleň,
Atasy hem özüň, özüň enesem.
Polat ýaly gaýalara deňärdim,
Eger seni bir zat bilen deňesem.

1980 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle