|

Meret möjek / hekaýa

Meret möjek / hekaýa MERET MÖJEK

Ol döwürlerde her obada diýen ýaly awçylar jemgyýetiniň ýörite rugsatnamaly agzalary bolardy. Olara aýagulag hökmünde «Planeta» motosikli, ýarag hökmünde­de goşanil tüpeň berlerdi. Mahal­mahal obanyň uzak Garagumdaky dowar sürülerine möjek daran halatynda awçylaryň işi başyndan agdyk bolýardy. Hepdeläp, on günläp çopan goşlarynda galyp, sürüleri möjeklerden gorardylar. Gabat gelen tilki­şagallaryňam olardan sypjak gümanasy ýok. Möjegiňem, tilki­şagalyňam öldürilendiginiň tutarygy olaryň derisi, onuňam hersiniň öz bahasy bar. Üstesine, sürüsini paýhynlatman aman sypan çopanlaryň hem käteler her aýda özlerine berilýän çorbalyk malyny awçylaryň motoryna basyp goýberäýmesem bardy. Bu çopanlaryň awçynyň hyzmatyndan hoşallygynyň alamatydy.
Durdy çopanyň Meret möjek lakamy bilen tanalýan obadaşyny sowuk­sala garşylamagynyň aňyrsynda welin gysgançlyk ýokdy. Şonuň üçinem ol çaý başynda ondan­mundan gürrüň açyp, obanyň habaryny alan bolsa­da, öz matlabyny açyk pyşgyrmandy. Ahyram ol awçy bilen duşuşyga gepbaşy bolan gürrüňe dolanyp, onuň taryna kakyp gördi:
— Degmedige ýylan­içýanam degmezmiş, inim, şol möjegiň bize­hä azary ýetenok. Beýleki sürülere möjek darapdyr diýibem­ä eşitmedim. Bu giň sähranyň möjek­şagalyny awlap tükedip bolmaz ahyryn. «Çöl börüsiz bolmaz» diýipdirler. Üstesine­de, häzir olaryň çagalaýan döwri, ejize ganym bolmak nämä gerek?!
Kesbinden günemasyny dolap ýören kişi bütinleý başga hörpden gopdy:
— Durdy aga, menem Meret möjek lakamymy güne ýatyp almadym. Çöregim awçylykdan bolsa dagy nädeýin. Başlygam: «Şu gezek awuň oňuna bolsa, menem sylagyňy ýetirerin, Durdy çopanam çorbalygyny gysganmaz» diýensoň, gaty çynym bilen geldim.
Meret möjegiň gaýtmyşym etmejegine gözi ýeten Durdy aga gürrüňi mundan artyk süýndürmek islemedi:
— Onuň ýaly niýetiňe düwen bolsaň, ýagdaýyňa seret, inim, hana, Aly­ nyň ala meýdany!
Awçy baş çopanyň gürrüňine kän bir intipis etmän hoşlaşmak bilen boldy. Salym geçmänkä çopan goşunyň depesinde motoryň toň­toňy ýaňlanyp ugrady. Hä diýmänem, aýagulagynyň üstünde ykjamlanan awçy maňlaýyny günbatara tutup, alaňlaryň arasynda gözden ýitip gitdi.

* * *

Közi öçüp, küli depe bolup duran ojakdan çykaran gömme nanyny saçaga goýan çoluk häliden bäri içini hümledip ýören sowalyny orta atdy:
— Durdy daýy, näme üçin siziň möjegi atdyrmajakdan, tutdurmajakdan bolup gürrüň edeniňize düşünmedim. Özi ýyrtyjy bolar­da, oňa dözümsizlik etmek nämä gerek?
Durdy aga ýagly asma çorbany saçaga goýuşdyryp ýören ýegeniniň bu sowalyna jogap bermäge howlukmady. Ujy tommakly çopan taýagyny elýeterinde goýup, gapdala çekildi­de, üst­başyny kakyşdyrdy. Onýança çoluk soragly nazaryny daýysyna çiňňerdip, baş çopanyň eline suw akydyp başlady. Daýy­ýegeniň hijisindenem ses çykanokdy. Çoluk öz sowalynyň jogabyny eşitmäge hernäçe döwtalabam bolsa, dilini dişläp diýen ýaly ýuwdunjyraýardy. Durdy aga bolsa çöl durmuşyndan çörek gözleýän ýegeniniň bu gyzyklan­ masyndan özüçe kanagatlanma tapyp, iki agyz söz bilen ol sowalyň jogabyny düşündirip bilmejekdigi hakynda pikir öwürýärdi. Basym bu dymyşlyga aňyr­ dan has­haslap gelen Ýolbars hem goşuldy. Uzynly gün süriniň daşynda selk­selkläp, halys bolan janawar gelşine merthananyň agzynda süýndi­de, ýogyn garysynyň üstüne goçak kellesini goýup, gözüni süzdi. Onuň it dur­ muşynda kada öwrülen bu hereketine eýýäm saçagyň başyna egrelişen daýy-ýegen hiç bir ähmiýet bermän, nahar bilen başagaýdylar. Biri horpuldadyp, beýlekisi şirpildedip ýagly çorbany şol eňterip oturyşyna, tabagyň düýbi görünýänçä haýdansoňlar, el süpürilip töwir galdyryldy. Çoluk topbak bolup duran süňk­saňklary boşan tabaga atyşdyryp, haltadan it höregi diýip gara undan bişiren çöreginden ep­eslisini bölüp aldy­da, tabaga dograşdyryp ýerinden turdy. Özüne ýal taýýarlanýanyna düş­düş bolan Ýolbars hem sesini çykarman onuň yzyna düşdi.
Gara taňkanyň gök çaýy süňňüni ýumşadansoň, Durdy aga gapdaljygynda düýrlengi duran ýorgan­dü­ şegini goltugynyň aşagyna çekip, aýagyny uzatdy. Bu onuň: «Hany, indi bir gulaklaryň posuny açaly» diýdigidi. Daýysynyň: «Aýtdyrman edýänlerden bol» diýýänine özüni seýisläp ýören çoluk atylyp baryp, ojar töňňeleriniň şahasyndan asylgy duran «WEF» radiosynyň nurbadyny towlap goýberdi. «Hersi döwüň gözi ýaly» diýdirýän petreşip duran ýyldyzly asmanyň astynda ýaşaýyşly menziliň ýeke­täk nyşany ýaly garalyp oturan çopan goşunda dutaryň ýakymly owazy ýaňlanyp baş­ lady. Bagşynyň şirinden­şirin kakuwlary, beýniňden girip bagryňdan çykýan aşak­ýokary inişler bary­ýogy ikije ynsanyň lal­jim bolup oturan giň oýunyň içini baharyň läle­reýhanly günlerine öwren dek jadylapdy. Her wagt­her wagt oýy ýaňlandyryp «woffuldaýan» Yolbarsam, häli­şindi aňňyrmasa­da, hynçgyryp­hynçgyryp ýürege düşýän eşek görgülem, hat­da töwerek­daşdaky tilki­şagallardyr alajagözenlerem oýuň depesini gaplap alan bu mahmal owaza çirk ýetirmek islemeýän ýaly, ses­üýn çykaranokdy. Owaz welin barha süýjäp giden dünýäni demine dartyp barýan ýalydy.
Durdy aga: «Dutaryň sapyna bilbil gonduran diýilýän şu bolsa gerek» diýip içini hümledip, käsesini ýerde goý­ man yzly­yzyna çaý owurtlaýardy. Gara taňkanyň düýbüni käsesine syrkan baş çopan maňlaýyna inen burçak­burçak derini çalyp, beýle ýanyna ýanbaşla­ dy. Mukam gutardy. Bu pursada irikgä bolup garaşyp duran dek it üýrdi, eşek aňňyrdy, uzaklarda bir ýerde bolsa mö­ jek uwlady. Töwerek­daşyň bir zenzele tapanyna howsala düşen çoluk:
— Ýolbars, aýlan, aýlan — diýip, daýysynyň näme diýerine garaşdy.
Durdy aga ýegeniniň it­eşegiň sesine agyr­ýeňil bolmasa­da, möjegiň sesinden elheder alanyna düşündi.
— Sen, ýegen, möjegiň ol uwwuldysyndan gorkma, ol sürä daramakçy bolýan möjegiň sesi däl, ol çagalaryny tükelleýär, olary hinine çagyrýar. Haýwanam bolsa, ene­dä — diýip, ýegeniniň aljyraňňy görünýän ýüzüne seredip, onuň jogapsyz galan sowalynyň daşyna döndi. — Bu dünýäde bihasap zat ýok, ýegen. Adamyňam, haýwanyňam, guş­gumrynyňam, dal­ daragtyňam, ot­çöpüňem öz ýaşaýyş kadasy bar. Biziň bu dünýämizde ola­ ryň ählisem ýaşamaly. Ýöne ylalaşyp ýaşamaly. Ana, mesele şonda. Adam adam bilenem, haýwanlar bilenem, tebigat bilenem ylalaşyp ýaşamaly. Möjek düşbi jandar. Ol aňsat­aňsat gara lukmasy üçin öz çagalan ýeriniň çägindäki süriniň malyna göz gyzdyrmaz. Bu giň sährada möjek üçin aw gyt däl. Ýöne onuň bu ylalaşygy şertlidir — sen hem oňa azar bermeli dälsiň. Azar berdigiň welin, başyňy gowga urdugyňdyr. Süriniň yzynda süýrenip ýören ýekeje kel toklyňy arkasyna atyp gidäýmez, ýyldyrym dek süýnüp gelşine süriniň bir çetinden girip, uçdantutma diýen ýaly damagyny çalyp geçip gider. Bu onuň aw edişi däl, bu möjegiň ar alşy. Şonuň üçin oňa garadangaýtmaz diýilýär. Ilçilikde­de möjek ýaly garadangaýtmaz adamlara «Ýüregi suwluja» diýläýmesi bardyr. Bu gepiň aňyrsynda möjek bilen baglanyşykly bir hakykat bar bilseň. Möjegiň ýüreginiň üstünde suwluja bir perde bar. Şol hem ony garadangaýtmaz, batyrgaý edýärmiş diýip könekiler gürrüň ederdiler.

* * *

Meret möjegiň Durdy çopanyň goşundan çykyp gaýdanyna eýýäm ikinji gündi. Düýn ol uzyn gününi sü­ riniň agyp­dönýän sonarlyklarynda geçirdi. Yz çalyp tapan zady bolmady. Bu gün ol gözleginiň örüsini giňeldip, motoryny sazagyň düýbüne süsdürdi­de pyýadalap ugrady. Ýap­ýaňyja­da ýüzüňi sypap geçýän salkynja säher şemaly kem­kemden howur alyp baş­ lady. Awçynyň çaky bilen möjek şu jelegaýlarda bolmalydy. Çaty­çerkezem, sözendir sazagam ak alaňlyklara garanda bu ýerde birneme gürräkdi, tilkidir towşanam, şagaldyr alaka­da köpräk duş gelýärdi. Gyrymsy ot­çöp­ leriň arasyndan ýylan ýaly towlanyp gidýän ýodajyklar dürli haýwanlaryň aýak yzlaryndan ýaňa torç bolup ýatyrdy. Her ýerde­her ýerde garalyp oturan pür­pudakdan galan garry ojarlar mal sallabermeli ýogyn şahalaryny gap­ dala ýaýyp, birhili, içgysgynç görnüş döredýärdi. Meret möjek pişik basyş edip, hernäçe aýlansa­da yz alyp bilmedi. Ol ýapydan­ýapa dyrmaşyp, şol gidip oturşyna Günüň eýýäm süýr depä çykyp barýanynam duýmady. Awçy bu barada asla pikirem edenokdy. Öz awunyň şu jelegaýlarda mesgen tutan­ dygyna bolan ynam ony goltugyndan gop berilýän dek öňe iterýärdi.
Bolsa­da, awçy üşükliligi ony aldamandy. Uly bolmadyk iki ýapynyň sepleşiginde öý ýaly bolup oturan çerkeziň guma ýapyrylyp ýatan gür şahalarynyň aşagynda adam sümer ýaly sümelge çalaja garalyp görünýärdi. Meret möjek awuny ele salan ýaly uludan dem alyp, bagyrtlap ýatan ak çägesine ýanbaşlady. Aralyk ep­esli bardy, üstesine­de, ol açyklykdy. Bu ýagdaý onuň möjegiň hinine ýakyn barmak baradaky pikirini duw­dagyn etdi. Beýle gömelteý hereket «Möjek aga, men geldim» diýmek boljakdy.
Ýöne öz kastyna çykylanyny mö­jek janawar bireýýäm duýupdy. Awçy bu ýerden entek iki ýapy aňyrdaka ol adam ysyny alyp çuslanypdy, indi­hä ol Meret möjegiň kirzi ädiginiň içinde derden ýaňa öl­myžžyk bolan dola­ gynyň ysynam duýup durdy. Edil şu pursatda awçynyň öňünde bir maksat, möjegiň öňünde welin iki maksat bardy: ol hem çagalaryny halas etmelidi, hem özüni. Goramak hem goranmak üçin göreş oňa tebigatdan berlen ýetdik paý bolup, möjek kanunynyň üýtgewsiz endigine öwrülen kada bolup galypdy. Şonuň üçinem ol ga­ raşylmadyk göçüm edip, awçyny bu ýerden daşlaşdyrmalydy. Pursat arara wagt ýokdy.
Meret möjek tüpeňine ok sürüp, indi nyşanany çenäp ugranda garaşyl­ madyk ýerden atylyp çykan çal möjek birbada göni awçynyň üstüne eňen ýaly etdi­de, aralykdaky meýdany ok­ kesdirme geçip, tüweleý dek ýapynyň aňysyna özüni atdy. Şol wagtam howur alyp başlan günortanyň ümsümliginde tüpeň sesi töweregi ýaňlandyryp gitdi. Beýle zada garaşmadyk awçy goşa niliň iki gözüni boşadybam ýetişmedi. Şeýle­de bolsa, tozan turzup ýapydan aşan möjegiň sumat bolan tarapyna howlukdy.
Ýapydan aşak inen ýerindäki ot­ çöpleriň üstüniň ganjaryp duranyny gören awçy okunyň boş geçmedigini bildi. Möjegiň bu garaşylmadyk hereketinden awçy ýene­de bir ýagdaýa göz ýetirdi. Durdy çopanyň aýdyşy ýaly möjek, hakykatdan hem, çagalan bolmaly. Muny hiniň agzynyň möjek çagalarynyň aýagyzlaryndan ýaňa torç edilendigi­de aýdyp durdy. Awçy möjegiň hereketini öz içinden okap otyrdy. Ol çagalaryny halas etmek üçin garadangaýtmaz hereket edipdir. Indem, awçyny hininiň töwereginden daşlaşdyrjak bolup jan edýärdi. Diý­ mek, möjek çagalary hininde bolmaly. Awçy töwerek­daşyna synçylyk bilen nazar aýlap, golaý­goltumyndaky barlygy gözüne siňdirip, yz çalyp ugrady. Ýaraly möjegiň halys tapdan düşüp ýykylaýmasa, ikinji gezek aňsat­aňsat atuwa gelmejekdigi awça­da aýandy. Ony günortanyň tüp yssysynda ýada­ dyp almakdan özge ýol galmandy.
Kem­kemden tapdan düşüp barýan ýaraly möjek bilen surnugyp halys bolan awçynyň gaçha­kowlugy uzak dowam etdi. Ýöne möjek awçyny hernäçe uzaga kowandyryn öýtse­de, hininiň töwereginden kän bir uzaklaşdyryp bilenokdi. Onda­da enelik borjy hakynda pikir öwürmäge aňy çatmaýan janawar, öljek­ýitjek, çagalaryny goramak endi­ gine tabynlyk bilen, ýapy yzyna ýapy aşyp, şol gaçyp gidip otyrdy. Mahal­ mahal durup, okuň sypjyrdyp geçen çep buduny sazaga oýkap, ýene­de selkildäp ugraýardy. Hernäçe uzaga süýnse­de, bu ýagdaýň soňky noka­ dynyň goýuljak pursadynyň indi daşda däldigi möjege­de, awça­da aýandy.
Öňdäki goldan geçen ýerde ýaraly möjegiň eden ikinji göçümi awçyny haýran etdi. Oýuň orta gürpünde çaklaňja ýapa syrtyny dirän çal möjek awçynyň gelýän ugruna dikanlap çommalyp otyrdy. Beýle ýagdaýa asla garaşmadyk awçy gola inen ýerinde doňňara daşa döndi duruberdi. Sähel salymlyk awçyny aljyradan bu görnüş, guýlan heýkel ýaly merdemsi oturan gymyldy­hereketsiz möjegiň goşa niliň didiwanyna mündürilmegi bilen tamamlanaýmaly ýalydy. Emma beýle bolmady. Merde merdanalyk görkezmek ýazylmadyk möjek kanunynda­da, awçy ähtinde­de üýtgewsizdi. Şu ýagdaý hem Meret möjegi mäşäni gysmakdan saklady. Bu möjek göçümi barada ol köp gürrüň eşidipdi, ýöne özüniň oňa şaýat boljakdygy hakynda welin pikir etmändi. Möjegiň bu bolşy ony adaty bolmadyk gudratly bir wakanyň içine düşen ýaly ýagdaýa saldy. Aňynda nähilidir bir mu­ kaddeslige boýun synýan ýaly «Mert durmaly» diýen pikir iki ýana at çapdy. Ol öz hereketine özi jogap bermeýän ýaly hala düşüp, tüpeňi ýerde goýdy, kemerine gysdyrylgy pyçagam gapdala taşlady. Üstki eşigini çykaryp, aýalynyň yhlas edip bejeren «wesherdini» çep eline orap, bilindäki iki gulaç örme ýüpi onuň üstünden aýlady.
Awçy Hudaýy çagyryp möjege tarap ýöredi. Iki tarapam ahmallygy elden bermegiň ajala deňdigini duýup duran hem bolsa, möjekden gymyldy hereket ýokdy. Onuň çommalyp otury­ şy: «Alybilýän bolsaň, al meni» diýýäne çalym edýärdi. Aralyk barha ýygrylýardy. Dişini syrtardyp hyňranyp duran möjek birden herekete gelip, agzyny açyp, awçynyň üstüne böküşine onuň öňe tutan çep eline agyz urdy. Awçam ahmallygy elden bererli däldi, çep elini galyň sargynyň içinden sogrup alşyna, iki eli bilen möjegiň päki ýaly dyrnak­ ly penjelerinden gorandy. Göz açyp ýumasy salymyň içinde goýun güýlüş edip ýetişen awçy, möjegiň dört aýa­ gynam biri­biriniň içinden geçirip güý­ lüp taşlady. Möjegiň agyz uran galyň sargysyny bolsa onuň äňini ýazdyraýmasaň sogrup aljak gümanaň ýokdy.

* * *

Meret möjek awuny öňüne basyp çopan goşuna gelende iňrik garalypdy. Durdy aga mallary ýaňyja agyla dolap, indi çaý­suw aladasy bilen merthana gelipdi. Awçy bir eli bilen gany gatap galan çep dulugyny tutaklap gelşine, beýleki eli bilen güýlüngi möjegi mert­ hananyň işigine taşlady. Çoluk ýigit möjegi görüp, gaýra­gaýra tesdi. Aňyrdan hasanaklap gelen Ýolbars nämäniň nämedi­ gine göz ýetirip, jansyz çyňsady­da, aňyrrak­aňyrrak çekildi. Awçy üst­başyny kakyşdyryp, hoş habar getiren dek:
— Durdy aga, ine, möjegiňiz, atsaňyzan, assaňyzam, ol indi siziňki. Maňa başlygyň sag bolsunam, siziň çorbalygyňyzam gerek däl — diýip, bir owurt suw berilmegini sorady.
Ýaşuly entek elinden goýup ýetişmedik çopan taýagyny egnine atyp, möjegiň depesinden seredip durşuna, birbada sesini çykarmady. Awçynyň eline sarap agzyna tutduran sargysy entegem möjegiň agzyndady. Ol jynssyz iňleýärdi, gorky­ürki duýulmaýan gözleri welin ýanyp durdy. Çep budunyň ok ýalan ýarasynyň üstünde irili­maýdaly siňekler wyzzyldaşýardy.
Awçy teşneligini gandyryp, ýene­ de özi gep urdy:
— Aýdyşyňyz ýaly, çagalan eken, bir okum gyltyz geçensoň, öldürmäge dözmedim.
— Eýse, ony biz öldürelimi, inim?! — diýip, baş çopan morta sorag ber­ di­de, sözüniň üstüni ýetirdi — Biziň­ä onuň bilen paýlaşyp bilmän duran zadymyz ýok, bize azary ýetmedi, bizem azar bermedik. Sen ony näme etseňen ygtyýar özüňde, awçy.
— Men ony etjegimi etdim, Durdy aga. Indi gezek siziňki — diýip, awçy ýene­de öz diýenine tutdy. Baş çopan kesgitli gürledi: — Ýok, inim, gerek diýseň näçe çorbalyk sorasaňam berjek, ýöne ça­ galan möjegi öldürib­ä biljek däl. Onuň günäsi­sogaby seniň başyňa, inim.
— Eýle bolsa, şu möjegiň ölümi maňa­da gerek däl — diýip, awçy gol boýy pyçagyny çykaryp hyňranyp ýatan möjegiň gulak­guýrugyny kesdi­de, aýagynyň ýüpüni çözüp goýberdi. Hasyrdap ýerinden galan möjek töweregindäkilere bir laý göz gezdirip, şol demde­de ýom­ýok boldy.
Awçynyň oýlanman eden hereketinden serpmeden gaýdana dönen baş çopan özüni lampa aşak goýberdi:
— Edeniň bar bolsun, awçy, heý, indi sen bu eden etmişiň yzyndan ýetip biljekmi?
— Näme edipdirin, Durdy aga, gerek bolsa, ony ýene­de ele salyp ýa­da atybam bolar.
— Sen ony indi ele salyp atýançaň, onuň nämeler gaýyrjagyny bir bilýärmiň?!
— Azar berse, ýene­de men bar — diýip, awçy soňuny saýman eden işine birjik­de ökünç etmän motoryna tarap ýöneldi.
Giň sähranyň depesinde ýene­de motor sesi ýaňlanyp başlady. Hä diýmänem, ol garaňkylygyň içinde gözden ýitip gitdi.

* * *

Şol günden bäri Durdy aganyň gözüne uky gelenokdy. Çolugynam, Ýolbarsyňam biynjalyklygy baş çopanyň­kydan kem däldi. Oýuň töwereginde gykylyk­galmagal köpeliberdigi, üçüsi üç ýerden howsala düşüp başlaýardy­ lar. Iki gün bäri­hä golaý­goltumdaky tilki­şagallaryň gykylygynyň üstüne möjek uwwuldysam goşulypdy. Durdy aga bu ýagdaýy özüçe ýorup: «Ol bize duýduryş berýär» diýip içini hümleder­ di. Baş çopan mamlady. Irde­giçde onuň gulak­guýrukdan kesat bolma­ gynyň aryny almaga geljegi ikuçsuzdy. Ýöne, haçan? Ine, şu welin belli däldi. Ol oba habar edip, Meret möjegi ugrat­ maklaryny haýyş edipdi. Içinden bolsa: «Ol awçynyň gelerine garaşýar» diýip pikir öwrüpdi.
Awçynyň kän garaşdyrman goşda peýda bolmagy, birazajygam bolsa, baş çopanyň howsalasyny basdy. Bolsa­da, ýüregi bir zatlar syzýan ýa­ ly, öňki rahatlygyny tapanokdy. Ençe
ýyllap bir toklusyny möjege aldyrman çopançylyk eden adam möjek daramak howpundan basylyp, çaý içip otyrdy. Ýegeniniň sowal üstüne sowal ýagdyryp awçynyň ýürek­bagryna düşmesem, Meret möjegiň gürrüňle­ rem çopany asla gyzyklandyranokdy. Ol durşuna gulaga öwrülip, töwerek­ daşdaky goh­galmagala üns berýärdi. Ýolbarsyň her «woffuldysyndan» oýuň içiniň rahatlygyny çenläp, käte bir çaý owurtlaýardy. Gijäniň bir wagtyna çen­ li dowam eden bu içgysgynç ýagdaý ahyr ony ýadadan bolardy. Ukusy tut­ masa­da, gyşaranyny kem görmän, ýassyga kellesini goýdy. Awçy bilen çoluk ýigidem baş çopanyň irkiljek bolýanyny duýup, hersi öz ýerinde gyşardy.
Durdy aganyň çaky dogry çykdy. Ar almak üşügi ganyna guýlan möjek awçynyň peýda bolanyny duýup, pursat araýardy. On dördi gijäniň aýynyň giden meýdana çaýan süýt reňki alaň­ laryň aklygy bilen sazlaşyp gözýetim­ de ümüş­tamyş görnüş döredýärdi. Günbatardan gündogara tarap göç edip barýan gara bulut sähel salymyň içinde bu aksowult görnüşi demine dartyp, töweregi düýpsüz garaňkylyga öwürdi. Allowarralardan peýda bolan şemal ümsümlige gaplanyp oturan alaňlaryň depesinde çalaja tozan turzup, çopan goşuna ýagyş ysyny getirip geçip gitdi. Köp garaşdyrman, iri­iri ýagyş damjalary ýere gaçyp başlady. Ol barha güýjedi.
Baş çopan ýorganyny başyna çekenem bolsa, entek uklamandy. Töweregiň garaňkylyga dulanyp, ýagyş ýagyp başlamagy ony ýene­de ynjalykdan gaçyrdy. Birden Ýolbars üýrdi. Onuň dem alşyna çenli belet bo­ lan Durdy aga köpegiň «woffuldysyn­ dan» bir howsalanyň bardygyny aňdy. Dartgynly pursat uzak garaşdyrmady. Ýolbarsyň sesi barha batly çykyp, birdenem üzülip­üzülip gidýärdi. Şol barmana oýdaky gykylyk­galmagal al­asmana göterildi. Durdy aga eline ildi­ rip ýetişen çopan taýagyny depesinde bulaýlap, gykuwlap agyla tarap okduryldy. Beýle ýagdaýa düşüp görmedik çoluk ýigit sesiniň ýetdiginden zol­zol: «Ýolbars, bas!» diýip gaýtalaýardy. Awçy tüpeňine ok sürüp agylyň işigine gelende, eýýäm boljak iş bolupdy. Gözedürtme garaňkylygyň içinde kimiň nirede, nämäniň nämedigini seljerer ýaly däldi. Asman gara buluda bürelip, ýagyş barha güýjeýärdi.
Daňyň ujy çyzylyp başlanda bulutlar syrylyp, dünýä täzelenen dek boldy. Agylyň içine gözüň gyýyp sereder ýaly däldi. Möjek Ýolbars bilen tutluşan ýerinden çaty­çerkezden germew edilen agylyň içine özüni urup, beýlesinden çykyp gidipdir. Mallaryň gana bulaşyp ýatany haýsy, ýerde ýatany haýsy, garaz, möjek möjekligini edipdi.
Mallary tükelleşip ýören awçy bolan işe hernäçe hyrçyny dişlese­de, indi giçdi. Şu wagt ol öz ýalňyşynyň ýüzüne basyljagyny mertlik bilen çekmäge taýýardy. Şonuň üçinem ýüzüni aşak salyp, sesini çykarman mallaryň maslygyny daşaýardy. Soňky gezek agylyň işigine gelende, baş çopan bilen nazary kaklyşan awçy:
— Eden ýalňyşymy şu gün ýerine salmasam, meniňem Meret möjek bolmadygym — diýip, hüňürdedi­de, tüpeňini egninden asyp, oýdan çykyp gitdi.

* * *

Awçy gelşine şol gözüne siňdiren bellije oýuna özüni atdy. Agzy çalaja garalyp duran hiniň töwereginde agşamky ýagyşdan soň yz çalar ýaly däldi. Gahary depesine uran awçy: «Ar almagyň nähili bolýanyny indi men görkezeýin» diýip, häli­şindi pyşyrdaýardy. Bu wagt ol «Gahar — duşman» diýen parasat hakynda­da, möjegiň indiki göçümi hakynda­da asla oýlananokdy. Kellede diňe bir pikir at çapýardy, ol çagalaryny ele salyp bilse, möjegiň gitjek ýeri ýok diýip pikir öwürýärdi. Awçy bütin durky bilen şu pikire berlip, paýhasa ýer goýmadyk gaharyň guluna dönüpdi. Şonuň üçinem, ol basymrak möjek çagalaryny halta dykmaga howlugýardy. Munuň üçin onuň ýanynda halta­da bar, möjegiň hinem, ine, aýagynyň aşagynda. Heý­de, gulaksyz­guýruksyz gurduň Meret möjek bilen oýny deň gelermi?! Ýok, ýok, indi göçüm awçynyňky. Şonuň üçinem, ol hökman öňürtilemeli. Awçy şu oýlar bilen başagaý bolup, möjek hinine kellesini sokdy. Şol wagtam hiniň agzynda çal möjek peýda boldy. Ol dişlerini syrtardyp, agzyndan sülekeý akdyryp, hine özüni urmaga häzirlenýärdi…

Akmyrat ABDYLLAÝEW. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle