Merdana türkmen esgerleriniñ gazanan has beýik ýeñişleri / hronologiýa
Merdana türkmen esgerleriniñ gazanan has beýik ýeñişleri / hronologiýa
Merdana türkmen esgerleriniň
gazanan has beýik ýeňişleri
B.e.ö 530-njy ýyl – Massaget-turanlara garşy göreşde Kuruş (Kir) II-iň ahemeniler goşunynyň Uzboýyň eteginde ýeňlişe sezewar bolmagy; Kuruşyň wepat bolmagy.
B.e.ö. 519-njy ýyl – Dariý I-iň massaget-turanlara garşy Gündogar Hazarýaka sebitlerine tarap guran harby ýörişiniň şowsuzlyga uçramagy.
B.e.ö. 329-njy ýyl – Aleksandr Makedonskiniň sak-massagetlere garşy söweşi.
B.e.ö 328-nji ýyl – Aleksandr Makedonskyniniň serkerdesi Farnuhyň baştutanlygyndaky jeza beriji goşun toparynyň Garagum sähralyklarynda ýaşaýan turanly dahlar tarapyndan ýok edilmegi.
B.e.ö. 200-nji ýyl – Szinýanyň etegindäki söweş; hun türkmenleriň hökümdary Modeniň 20 müň esgerden ybarat atly goşunynyň imperator Gaoszunyň 320 müň adamly goşunyny derbi-dagyn etmegi.
B.e.ö. 99-njy ýyl – Ýanjan söweşi; Hulugu hanyň baştutanlygyndaky hun türkmenleriň 50 müň esgerli goşunynyň Hytaý imperatory U-diniň 170 müň esgerli goşunyndan üstün çykmagy.
B.e.ö 53-nji ýyl – Karrahyň (Harranyň) etegindäki söweş; Süreniň baştutanlygyndaky parflaryň 11 müň atly goşunynyň Mark Krassyň 40 müň adamly rim goşunyny derbi-dagyn etmegi.
B.e. 217-nji ýyly – Nisibiýanyň etegindäki söweş; parflaryň rim goşunyny derbi-dagyn etmegi.
B.e. 451-nji ýyly – Ýewropadaky gunlaryň Atillanyň baştutanlygynda rim imperiýasynyň birleşdirilen güýçlerine garşy Katalun meýdanyndaky söweşi.
B.e. 484-nji ýyly – Abdallaryň (eftalitleriň) Gürgende Firuzyň baştutanlygyndaky sasaniler goşunyny derbi-dagyn etmegi, Firuzyň wepat bolmagy.
551-nji ýyl (gyş) – göktürkmenleriň ilkinji hany Bumynyň Mongoliýada žužanlary ýeňmegi.
B.e. 732-nji ýyly – türkmen hany Sülük Çapyşçoruň Samarkandyň eteginde arap goşunlaryny derbi-dagyn etmegi.
485-nji ýyl – oguz türkmenleriň we ruslaryň birleşen goşunlarynyň Kiýew knýazy Wladimiriň baştutanlygynda Hazarystanyň we Wolgadaky Bulgarystanyň goşunlaryndan üstün çykmagy.
1040-njy ýyl (maý aýynyň 24-i) – Daňdanakan söweşi – Togrul begiň we Çagry begiň ýolbaşçylygynda seljuk türkmenleriň gaznaly Masudyň goşunyny derbi-dagyn etmegi.
1050-nji ýyl – Togrul begiň baştutanlygynda seljuk türkmenleriň Liparid Orbelianiniň baştutanlygyndaky ermeni-gürji goşunyny derbi-dagyn etmegi, gürji patyşasynyň ýesir alynmagy.
1071-nji ýyl – seljuk türkmenleriň soltany Alp Arslanyň wizantiýa imperatory Roman IV Diogeniň goşunlaryny Malazgirdiň eteginde derbi-dagyn etmegi, imperatoryň ýesir alynmagy.
1074-nji ýyl – Soltan Mälik şa Türkmeniň baştutanlygynda seljuk türkmenleriň Samarkandyň golaýynda garahanlaryň goşunyny derbi-dagyn etmegi.
1119-njy ýyl (iýun aýynyň 27-si) – Ilgazynyň baştutanlygynda türkmen goşunlarynyň Kiçi Aziýada haçlylardan üstün çykmagy.
1176-njy ýyl – Mariokefaliniň etegindäki söweş, seljuk türkmenleriň imperator Mihail Komniniň wizantiýa goşunlaryny derbi-dagyn etmegi.
1220-nji ýyl – Jelaleddin Maňburunyň Nusaýyň eteginde, soňra bolsa Kandagaryň sebitinde mongol goşunlaryny derbi-dagyn etmegi.
1221-nji ýyl – Jelaleddin soltanyň Parwanyň etegindäki söweşde mongollaryň 40 müň esgerli goşunyny derbi-dagyn etmegi.
1227-nji ýyl – Jelaleddin soltanyň Reý şäheriniň golaýynda mongollardan üstün çykmagy.
1260-njy ýyl – Mamlýuk türkmenleriň Müsürdäki soltany Beýbarsyň Ýakyn Gündogarda mongol goşunlaryny derbi-dagyn etmegi.
1297-nji ýyl – Hindistanda Deli soltanlygynyň türkmen hökümdary Alaýeddin Halajyň mongollaryň 100 müň esgerden ybarat goşunyny ýok etmegi.
1299-njy ýyl – Soltan Alaýeddin Halajyň mongollaryň 200 müň adamlyk goşunyny derbi-dagyn etmegi.
1453-nji ýyl (maý aýynyň 29-y) – Soltan Mehmet II-nji Fatyhyň ýolbaşçylygynda osmanly türkmenleriň Wizantiýany derbi-dagyn etmegi, Wizantiýanyň paýtagty Konstantinopolyň synmagy we adynyň üýtgedilmegi.
1510-njy ýyl – sefewi türkmenleriň Ysmaýyl şanyň baştutanlygyndaky goşunynyň Şeýbany hanyň baştutanlygyndaky özbek goşunlaryny derbi-dagyn etmegi.
1526-njy ýyl (awgust aýynyň 30-y) – Ýewropanyň birleşdirilen güýçleriniň Mohaça düzlüginde soltan Süleýman Kanunynyň baştutanlygyndaky osmanly türkmenleriň goşunlaryndan ýeňilmegi.
1555-nji ýyl – Baýram han Türkmeniň goşunlarynyň Hindistanda Penjabyň häkimi Isgenderiň goşunyndan üstün çykmagy.
1739-njy ýyl (fewral aýynyň 24-i) – türkmen şasy Nedirguly afşaryň Hindistanda Beýik Mogollaryň goşunlaryny derbi-dagyn etmegi.
1740-nji ýyl – Hywa goşunlarynyň Nedirguly şa afşaryň goşunyndan ýeňilmegi, Hywanyň synmagy.
1819-njy ýyl – Hywa hany Muhammet Rahymyň Yzgant jülgesinde Myrat Serdaryň we Aimbegiň ýolbaşçylygyndaky türkmenler tarapyndan derbi-dagyn edilmegi.
1854-nji ýyl – saryk türkmenleriň Çemenebitde eýran goşunlaryny ýeňmegi.
1855-nji ýyl (mart aýynyň 12-si) – Hywa hany Muhammet Eminiň Gowşut hanyň baştutanlygyndaky sarahsly tekelere garşy ýörişde ýeňlişe sezewar bolmagy we ölmegi.
1858-nji ýyl (fewral aýy) – Japarguly hanyň baştutanlygynda eýran goşunynyň Garrygalanyň eteginde tekeleriň, gökleňleriň we ýomutlaryň birleşen güýçlerinden ýeňilmegi.
1861-nji ýyl – Hemze Mürze Eşmet Döwleniň baştutanlygynda eýran goşunynyň Merwiň eteginde doly derbi-dagyn edilmegi.
1879-njy ýyl (awgust aýynyň 28-i) – general Lomakiniň baştutanlygynda rus goşunlarynyň Gökdepede Nurberdi hanyň baştutanlygyndaky ahal türkmenlerinden basylmagy.
1916-njy ýyl (maý aýy) – tekeleriň 600 esgerden ybarat atly goşuny Birinji jahan urşunda rus-german frontunda Lowiçiň eteginde general Pflanseriň 7 müň esgerden ybarat awstriýa goşunyny derbi-dagyn etmegi.
Osman ÖDE.
Taryhy makalalar