Meňzeşlik
Meňzeşlik
«Sene-menesiz söýgi uzaga gitmez»
OWIDIÝ.
Gelniň ýüzi ýaly ýakymly asman,
Kir-kimir ýok, misli mawy saýawan,
Gudratly dünýäniň täsin keşbini
Müň mertebe başym egip synlaýan.
Janym, seredip gör: dünýäň göwni hoş,
Asman ikimize şeýle bir meňzeş.
Toprak adamlaryň, rysgy, guwanjy,
Gülden bezeg berýär dünýäň nagşyna.
Baglar ýapraklaryn suwa düşürýär
Şaglap inýän baharyň ak ýagşyna.
Adamlaň gül ýazdan göwni juda hoş,
Synlap gör: ikimiz bahara meňzeş.
Birden dowul tapýar umman gudurap,
Bulutlar çakyşýar, ýyldyrym çakýar,
jala gelýär suw-sil edip dünýäni,
Birdenem lowurdap tylla Gün çykýar.
Topragyň asmandan göwni juda hoş,
Dogrusy, ikimiz ak ýagşa meňzeş.
Käte asman ýaly giň biz, parahat,
Buýsanç, tekepbirlik berilen bize.
Käte bolsa gopýar şeýle hakykat:
Gök gürläp, ýyldyrym çakýar öýmüzde.
Şonda-da göwnümiz bir-birekden hoş,
Gögüň gümmürdisi, ýagýaň jöwenek
Hmeem ýyldyrymyň parran çakyşy
Ikimize şeýle,
Şeýle bir meňzeş.
Näzik ANNATYÝEWA. Goşgular