«Meňzeş däl sen çagasyna adamyň…»
"Meňzeş däl sen çagasyna adamyň…"

Meňzeş däl sen çagasyna adamyň,
Seniň üçin adam gyrnak — guluňdyr.
Dok bolsaň-da mydam aja meňzeýäň,
Bar guwanjyň harwar-harwar puluňdyr.
Sen hakda köp ýazdym, irdim ýazmadan,
Çünki seniň üýtgewsizdir hasabyň.
Oýlanyp otyrkam, şum habar geldi:
«- Çoganlyda gazylypdyr mazaryň…»
25.06.2024. Goşgular