Meniň ýaşymy sorama…
Meniň ýaşymy sorama…
…Ählisi ýadymda galdy—
Nahaljykdym men bir sere.
Bu gün—gol ýaýradan bag men,
Köküm urdum ene ýere.
Ösüp, has örňejek bolýan,
Darkaş gurup durmuş bile.
Ýanymy bermejek bolýan,
Jöwza, sowga, ýagşa, ýele.
Büküldim käte, bükülsem,
Öz şahamyň agramyna.
Ýollarda büdräp ýykylsam,
Topragy basdym bagryma.
Biraz gijiräk gülledim,
Dogrusy, az-kem eglendim.
Ýyllar—bu meniň gülbendim,
Göterip ýörün egnimde.
Ýaş barada sorag berme,
Meniňkidir olaň bary.
Çyksa-çyksyn çekgelerme,
Goý, bu gün ykbalyň şory.
Ine, indi baş çalardy,
Gowy gatadym, goýaldym.
…Meni uzak durar ýaly,
Bu heňňam duzlap goýandyr..
Annamuhammet KIRŞENOW. Goşgular