Meniň problemam ýok
Meniň problemam ýok

Men özüme syn edýärin:
meniň problemam ýok.
Daş görnüşim allanäme,
hatda käbir gyzlara
geňsi görner çal saçlarym;
gözäýnegim bir eýjejik ýasalan,
a bedenmiň gyzgyny otuz ýedi ylaýyk,
köýnegim ütüklengi,
aýakgabym gysanok.
Meniň problemam ýok.
Ellerim gandally däl,
dilim entek susdurlanok,
hemem häzirlikçe türmä,
dar kapasa gabalamok,
işimdenem kowulamok,
zyndandaky garyndaşlaň käbirin
görjek diýsem käte diýenoklar ýok,
ygtyýar berýärler käbir ýurtlarda
zyýarata barjak diýsem,
ölenlermiň mazaryna.
Meniň problemam ýok.
Dostumyň başyndan şah çyksa ýaryp,
aňk bolup, agzymy açamok haýran.
Men onuň görnetin guýrugyn eşik
aşagynda bukuşyna guwanýan,
hem halaýan ümsüm penjelerini.
Emma onuň birden bogmagam ahmal,
öldürmegem ahmal meni,
emma men bagyşlaryn,
sebäbi ol dostum meniň jana-jan;
agyrdyp, ynjydyp biler her haçan.
Meniň problemam ýok.
Indi TW diktorynyň ýylgyrşy
edil öňki ýaly hassa edenok,
öwrenişdim haki geýen kişileň
saklaýşyna gije-gündiz
maňa meňzeşleri köçe-haýatda.
Şu sebäpden şahsy dokumentlerim
ýanyma almagy saklaýan ýatda,
suwa düşenimde howuzda hatda.
Meniň problemam ýok.
Emma düýn hyýallarym mündi gijeki otla,
tapmadym men olara sagbol diýmegiň ugrun.
Soň ol otlyň agdarlanyn eşitdim,
ot bitmeýän derede
(diňe sürüjisi galypdyr gurgun).
Alkyş aýtdym ýaradana tükenmez,
hemem şükür etdim, çünki
garabasmalarym kiçi,
ýöne umyt edýän olar uly arzuw bolar bir gün.
Meniň problemam ýok.
Men özüme bakýan dikan,
doglanymdan şu güne çen.
Emma göwnüm çökse ýatlaýan hökman
ölümden soň ömür barny;
ömür baryn ölümden soň,
meniň problemam ýok.
Emma men soraýan, Taňrym,
ölümden öň ömür barmy? Goşgular