Meniñ monologym
Meniñ monologym

Egnim gymmatbaha lybaslam bolsa,
Adamlañ öñünde durun ýalañaç.
Ýigrimi ýyl hiç maksatsyz ýaşadym,
Maña çalym etdi miwesiz agaç.
Garaşmak her näçe agyram bolsa,
Nämädir garaşyp ýadadym ýördüm.
Garaşdym irginsiz, çünki garaşman
Ýaşadykça hasam agraldy derdim.
Adamlardan öwrenmegiñ deregne,
Şol garaşdym ýördüm, aşan dek añkam.
Sähel artyk bilsem, agraldy ýüküm,
Ujypsyz bildim-de, ýaşadym añsat.
Bu gün adamlaryñ öñünde dyza
Çöküp, men olardan ötünç soraýan.
Hem-de olar üçin galan ömrümde
Aýdym aýtmaklyga rugsat soraýan.
Men aýdym aýtmaly gowudan-gowy,
Erbet aýtmaga ýok meniñ hakym.
Adamlar erbet zat hödür etmändi,
Meniñ gowy zady gereklän çagym.
…Bogazymy arçap, düşýärin ýola,
Uly ýoluñ başy bol sen ýigrim bir!
Dilimiñ senasy — mährem adamlar
Ýolda ýetirerler meniñ ýugrummy.
Bäşim ÖDEKOW.
«Ýaş kommunist» gazeti, 1967 ý. Goşgular