Meniñ jaýlanyşym
Meniñ jaýlanyşym
Gapymyzdan çykarlarmy tabydy?
Üçünji etaždan düşirler niçik?
Tabyt lifte sygmaz, basgançak hem dar,
ol ýerden tabytly bilmezler geçip.
Belki howlymyza Gün nury düşer,
kepderiler gökde urarlar perwaz.
Ähtima, gar ýagar, çagalar şonda
şatlanyp howlyny eder alaýaz.
Belki, ýagyş ýagar, asfalt öl bolar.
Zibil ýaşşikleri durar bir çetde.
Tabydymy salyp ýük maşynyna
äkiderler bu belli zat, elbetde.
Ýüzi açyk bolýar merhum adamyñ.
Meniñ hem ýüzümi goýarlar açyp.
Gowy bordy mañlaýyma degäýse,
kepderi çüñkünden bir zatjyk gaçyp.
Gowulykmyş munuñ ýaly hadysa.
Orkestr bolarmy, bolmazmy ýa-da…
Zyýany ýok öli jaýlanýan pursat
bir ýerden çagalar tapylar bada.
Bakyp galar kuhnýamyzyñ aýnasy.
Öl eşigi bular mähriban balkon.
Hoş galyñ, howlynyñ uly-kiçisi,
gitmeli boldum men mazara bakan.
Bu howluda örän oñat ýaşadym,
bu howluda boldum örän bagtyýar.
Sizem oñat ýaşañ, bagtyýar boluñ,
her kimiñ öz ýaşamaly wagty bar.
1963.
* * *
— Ýanyma gelip dur — diýdi.
— Sen meni güldür — diýdi.
— Güldür, meni söý — diýdi.
— Otly köýnek geý — diýdi.
Baryp durdum.
Güldürdim.
Ony söýdüm.
Ýalyn geýdim.
1963
* * *
Birinji maý güni ýetip gelende,
üstlerinden ähli ploşadlaryñ
dünýä meşhur Gyzyl ploşad geçýär.
Baýdakly geçýär ol, baýdaksyz geçýär,
aýdymly geçýär ol, aýdymsyz geçýär
üstlerinden ähli ploşadlaryñ.
Birinji maý güni ýetip gelende,
dünýäniñ umydy — Gyzyl ploşad.
Birinji maý güni ýetip gelende,
döwýär türmeleri Gyzyl ploşad.
Azatlygy gazamada salýarlar,
döwýär gazamady Gyzyl ploşad.
Birinji maý güni ýetip gelende,
Gyzyl ploşada öwrülýär dünýä,
öwrülýär birçaklar beýik Leniniñ
göwsünde söz sözlän ploşadyna.
1963.
* * *
Men — kommunist.
Hyjuwyndan ybarat on iki synam.
Görmek, bilmek, pikirlenmek hyjuwy,
nur bolup dünýäde gezmek hyjuwy,
ýyldyzdan-ýyldyza hiññildik oklap
älem boşlugyna barmak hyjuwy,
derläp, polat eretmeklik hyjuwy
bardyr bedenimiñ her öýjüginde.
Men — kommunist.
1963.
Nazym HIKMET.
Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. Goşgular