Meniñ aslyýetim
Meniñ aslyýetim

Meñ atamda zehin ýokdy üýtgeşik,
Ýöne öz kärini ýürekden söýdi.
Gaş bilen diwalañ goşuny goşup,
Kümüşdir gyzylyñ nikasyn gyýdy.
Ussahanasynda ㅡ sungat öýünde,
Meniñ eziz atam edensoñ yhlas,
Gerçekleñ gözüne gözel göründi
Türkmeniñ edaly gözelleri has.
Gupbalary şazadalañ täji deý
Gözelleriñ mertebesin göterdi.
Şahyr diñe gözelligi wasp etse,
Atam gözelligiñ üstün ýetirdi.
Atamyñ sarpasyn saklady millet,
Olam il sarpasyn saklady geldi.
Bir elinde haýyr, birinde sungat,
Şeýdip oç Şatlygyñ şahyry boldy.
Meñ kakamda zehin ýokdy üýtgeşik,
Hünär däl, borjuny ýürekden söýdi.
Duşman geleninde ençe ýurt aşyp,
Ol öz takdyryny mizana goýdy.
Atamyñ Şatlykdan başlanan ýoly,
Ony gazap bedewine atardy.
Oñ ýeñişli başlan gazaply ýoly
Baryp Mauthauzende gutardy.
Hemme bilýär bendilikde dert uly,
Ol şol ýerde bir ýylyny ötürdi.
Bendilikde oñ görkezen mertligi
Türkmen gerçegine şöhrat getirdi.
Kakam saglyk bilen gowuşdy bize,
Bar hesreti bilen öýüne geldi.
Bir elinde haýyr, birinde naýza,
Ol şeýdip hesretiñ şahyry boldy.
Men olardan daşa zyñylan daş däl ㅡ
Süññümde ganlaryn göterip geldim.
Men bu gün Şatlygyñ ýurdundan başlap,
Gözellik ýurdunyñ şahyry boldum.
Günäkäri men däl beýle wakanyñ,
Özümi şu wakañ şaýady öýdýän.
Hesretin wasp edýän diri kakamyñ,
Ýok atamyñ Şatlygyny wasp edýän.
Gurbannazar EZIZOW Goşgular