Meniñ andym
Meniñ andym

Gaýdyp indi barman seniň ýanyňa,
Indi barman seň ýanyňa hiç haçan.
Köpgatly jaýdaky seniň galaňy,
Täze gulp dakylan täze gapyňy
Başgalar açar,
Başgalar ýapar.
Goý, indi ýatmasa ýatmasyn gyzyň,
Otursa otursyn, çeksin suratyn.
Bu gün başga ýana diýip ugradym,
Ýene-de aýlanyp gapyňy tapdym,
Kakdym,
Gapyňy açdyň-da,
Kalbyňy ýapdyň.
Juwan bolan bolsam, ýene gelerdim,
Belki men gitmezdim ine, şu ýerden.
Ýöne garrapdyryn indi, ezizim,
Gatnap, gatnap seň ýüregňe düşerden,
Aňym kütelipdir,
Ýa akylly men
Bu zatlara düşerden.
Kişiň dünýäsine düşünmek çetin,
Birhili ýaşaýar ömrüni her kim.
Islegimiň garşysyna gitmäge
Mundan öň mydama ýeterdi erkim.
Aýtmasamam saňa,
Duýýadym mydam
Diňe seniň bilen özümi erkin.
Merdi gören bolsam eger ömrümde,
Olar meniň duşan aýallarymdyr!
Eger ýene bir gün kakylsa gapyň,
Men däldirin,
Meniň hyýallarymdyr…
Orazguly ANNAÝEW. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.