Meni ýagşylykda ýatlasa biri…
Meni ýagşylykda ýatlasa biri…
Men ýola düşýärin, gidemok ýalňyz,
Meniň bilen asyr barýar ädimläp.
Kükregiňde syrlar gizlän topragym,
Gyzykly gür berýär pikrin jemläp.
Meýmiredip bu gyzykly gürrüňler,
Ýaş juwan kalbymy gurşap alsa-da,
Ýok, hiç wagt dönmen uzak ýollardan,
Saçlam agarýança hemra bolsa-da.
Men ölsem-de, ölmez, ýaşar asyrlar,
Men ölsem-de, ölmez, ýaşar nesiller,
Meni ýagşylykda ýatlasa biri,
Ömrümden razy,
Diri, men diri!
Annasoltan KEKILOWA Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.