|

Menem öýlenjek

Menem öýlenjek MENEM ÖÝLENJEK

Otyrdyk üýşüp, dostlarmyz bilen,
Şagalaň guruşyp, aýdym-saz bilen,
Birden, böküp turdy Agajan ýegen,
Diýdi:
rugsat bolsa, men-ä öýlenjek,

-Rugsat Alladandyr, söz berme gury,
Diýdikde,
Gülüşdik dostlaryň bary,
Bir görsek gahar edip, Atajan Nury,
Diýýär:
-nä gülýäňiz menem öýlenjek,

-Dogry aýdýarlar, diýdi.
Kijijek Bäşim,
-Öýlenmäge ýetipdir meniňem ýaşym,
Sallah bolup, galyň siz bäşi:ň
Hak sözümdir dostlar, menem öýlenjek,

Sallahlaryň sany bäş bolup galdy,
Birdenekä, sanymyz dörde öwrüldi,
Babyş Kadyram gülip, ýerinden turdy,
-Rugsat bolsa dostlar, menem öýlenjek,

Geň zat, öýlenýärler gezekme-gezek,
Pikir etdim, indi men bolsam gerek,
Onýança böküp turdy dost, Myrat Pirek,
-Ýagşy niýet dostlar, menem öýlenjek,

Üç bolduk, dymyşdyk, ses gelýär ýerden,
Çydam edip bilmän, turdy-da birden.
-Iki bolup galyberiň, diýdi-de Merdan,
-Nesip etse dostlar, menem öýlenjek,

Indi otyrys….
Ikimiz gülmän,
oglanlar diýişdi:
-Oturma,
Görogly Pälwan,
şonsuzama, sen soňuna galýaň,
Olam diýdi:
— Aý, näme, menem öýlenjek,

Ahyry maňada gezek berdiler,
-Sen öýlenjek dälmi? diýip, sorag berdiler,
Sorag berip meni совсем goýdular,
-Hany aýt, dostum haçan öýlenjek,

-Nämä otyrsyň? tur-a Remezan,
Bir zatlar aýdaý, diňläli senäm,
Ýa-da aýt, sende ýokmydyr sonaň,
-Hägä…
Dostlar, ýogsam öýlenjek,

Agalar, sallah bolmak örän kyn eken,
Onda-da, dostlardan galaýsaň ýeke,
Weşeň-weşeň puluň, kän bolsa eken,
Onda dostlar, bir däl, ikem öýlenjek,
Ýene, rugsat bolsa, üçem öýlenjek,
Dörde, bäşe, alta, ýed-ä ýetirdik,
Birini başarmak kyn şolam ýeterlik.

Remezan MÄMETGURBANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle