|

Mendim şol

Mendim şol MENDIM ŞOL

Bolanlary ahmyr bilen ýatlaman,
Gül ýaşlygy ýalňyzlyga bendilän
Mendim şol.
Sallançagynda ýatlamaň —
Ejesi ýok duýgularny hüwdilän.

Ýetim ýelleň şuwwuldysna ses goşup,
Gamgyn atda hyýallarny çapdyran
Mendim şol.
Gözelliklerden hoşlaşyp,
Bar nazarny bir gözele bakdyran.

Özün mydam gurban edýän şem deýin,
Iň soňunda gymmatyny sarp eden
Mendim şol.
Geçmişdäkiler kem deýin,
Ýetmedigni sorap ýören erteden… Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle