Menandryñ pähimlerinden
Menandryñ pähimlerinden

Minnetdarlyk öz wagtynda ýakymly.
***
Dostlara hyzmat etmek üçin asyllylyk gerek.
***
Wepaly dosty bolan ylahy bagty getirendir.
***
Tañry hemme zady dymyp berjaý edýär.
***
Tañrylaryñ söýenleri juwan ýaşda ölýärler.
***
Jedelde köplenç hakykat däl-de dilewarlyk we gödeklik üstün çykýar.
***
Birek-birege söýgi perzentler bilen berkidilýär.
***
Häkimlik sözlere hakykatyñ möhrüni basýar.
***
Duşmançylykda dost duşmandan birjik-de tapawutlanmaýar.
Terjime eden Sylapberdi MUHAMOW. Sözler