«Men seniň şahyryň, halkym…»
"Men seniň şahyryň, halkym…"

Men seniň şahyryň, halkym.
Ýalan söz geçginli wagty,
Ýalan sözlemekden gorkup,
Gürlemän gysdym dişimi.
Niçe ýyldyr gyra çykyp,
Maýda bähbidime bakman,
Etdim etmeli işimi.
Men seniň şahyryň, halkym.
Derdiňe ýaranjak bolup,
Döwrüm bilen boldum men jet.
Diýdim: “Men ýalan sözlesem,
Ol çyna berimsiz bolup,
Il-gün ynanaýsa nätjek?»
Bir zada ýetip dur gözüm:
Bary-ýogy oýnam sözden
Ýasalypdy bar aždarha.
Men seniň şahyryň, halkym,
Şoňa ynanýaryn, daşym
Çolaryp barsa-da barha…�
Orazgylyç ÇARYÝEW. Goşgular