|

Men seni ýigrenýän

Men seni ýigrenýän MEN SENI ÝIGRENÝÄN

Men seni ýigrenýän söýenim üçin
Şelaýyn gözlerñe bolup bendiwan.
Tutuş ömrüm boýy saña garaşyp biwepalygyñy etmän hiç güman
Geçiren günlerme
ýatman geçiren
gijelerme haýp
men seni ýigrenýän, söýgime aýyp

Men seni ýigrenýän bolşuñ deý bolman
Illere üýtgeşik görneniñ ùçin.
Sende gördüm ynan
Meger kyrk ýüzi
Bolup bilýämişin namyssyz kişiñ

Hem özüme jepa berýän dyngysyz seni söýüp, seni tananym üçin.
Bir gezek berilýän ömri kül etdim
Niräniñ bir arsyz haramy ùçin….

Men seni ýigrenýän…..

Zöhre ÖWEZOWA.

18.10.2020 ý. Stambul. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle