Men seni söýmän bilmerin / goşgular
Men seni söýmän bilmerin / goşgular
 Men seni söýmän bilmerin, 
 Men söýmesem, özge söýer. 
 Söýýänim diýmän bilmerin, 
 Men diýmesem, özge diýer.
 Joralañdan uzdugyñy, 
 Lälezarly ýazdygyñy, 
 Bagty açjak gyzdygyñy, 
 Men duýmasam, özge duýar.
 Bol alypsyñ görk paýyñy, 
 Ussat — eýlänler laýyñy, 
 Synlap heýkel-roýuñy, 
 Men doýmasam, özge doýar.
 Özüñ barkañ, gaýry gyzyñ, 
 Söýmerin — çekmerin näzin, 
 Ýañagyñda posa yzyn, 
 Men goýmasam, özge goýar.
 Kabul eýläp aşyk yşkyn, 
 Gel, eýele köñlüm köşgün, 
 Seniñ bilen toý eşigin, 
 Men geýmesem, özge geýer.
• AÝLY GIJE
 Aýly gije 
 jümle-jahan ýap-ýagty, 
 çümen deý süýde. 
 Aýly gije 
 bolsa-da ýatar wagty, 
 karar ýok öýde.
 Aýly gije 
 belki-de, senem ýatman, 
 bikarar — ýalñyz.
 Aýly gije 
 barsam ili oýatman, 
 habarym al, gyz!
 Aýly gije 
 söýýändigim aýdaýyn, 
 ýaýdanyp ýörmän.
 Aýly gije 
 ýa şat bolup gaýdaýyn, 
 ýa çekip arman…
• UNAŞ
 Eje, burçlap unaş bişrip bersene, 
 Bir agsajyk dümew duşdy görsene!
 Köneje içmegi egnime atyp, 
 Unaşdan doýaýyn, men dere batyp.
 Hümmüldeşip çaý içeris yzyndan, 
 Sen gürrüñ gozgarsyñ goñşyñ gyzyndan.
 Hemem eşidersiñ ogluñ syrlaryn, 
 Öýlenmäge belki şu gün yrlaryn.
• AGALY GYZ / degişme
 A gyz, eýmenmän duramok, 
 Bir agañ bar ady Hasar. 
 Nebsiñ agyranokmy maña, 
 Tutsa, gollarymy keser. 
 Onsoñ nädip gujaklaryn?!
 A gyz, eýmenmän duramok, 
 Bir agañ bar ady Sanjar. 
 Nebsiñ agyranokmy maña, 
 Gola salsa, kemsiz ýenjer. 
 Telbe bolsam nätjek, ýarym?!
 A gyz, eýmenmän duramok, 
 Bir agañ bar ady Söwer. 
 Nebsiñ agyranokmy maña, 
 Bilse, aýagymy döwer. 
 Nädip yşkyñda ylgaryn?!
 A gyz, eýmenmän duramok, 
 Bir agañ bar ady Çary. 
 Nebsiñ agyranokmy maña, 
 Gözüm oýar — alar ary. 
 Soñ seni niçik synlaryn?!
 A gyz, eýmenmän duramok, 
 Bir agañ bar ady Penji. 
 Nebsiñ agyranokmy maña, 
 Öldir, gelmen ikilenji. 
 Neneñsi ýeter kararyñ?!
 Aramyzy añaýsalar, 
 Aýap goýmaz agalaryñ. 
 Duýdurmanjyk çyksañ welin, 
 Hiç çäresi ýok olaryñ. 
 Her gün ýoluña gararyn!
• ÝAGYŞLY GÜN
 Ýagyş ýagýar, 
 Ýagyş ýagýar, 
 Saýawansyz gidip barýañ. 
 Üç-dört ädim öñ ýanymda 
 Üst-başyñ öl edip barýañ.
 Maşyn saklanýar deñiñde: 
 Gyzyl dişli kilçik ýigit. 
 Gapdalynda magnitofon, 
 Elinde bir gysym çigit:
 — Gel, basymjak mün maşyna, 
 Eräýmegiñ mümkin a gyz! 
 Berýärsiñ nagt jogabyny, 
 — Gaýga galma, däl men kagyz!
 Seniñ bilen häli-şindi 
 Sataşýarys ýolda-yzda. 
 Hem tanyş, 
 hem nätanyş biz, 
 Sen tüýs söýäýmeli gyz-da!
 Hiç bahana tapylanok 
 Tanyşmaga iki agyz. 
 Ýagyş ýagýar… 
 Ynha sebäp! 
 Maña näme diýrkäñ a gyz?!
 Islämok men gökje gülli 
 Köýnegiñi zaýalanyñ. 
 Öýñüze çen ugradaýyn, 
 Gel astyna saýawanyñ!
• MAGŞUK GYZYÑ OÝLARY
 Daş-töwerek özüñ deý 
 Söýgä suwsan oglandy. 
 Ýöne welin neçüýndir 
 Sende göwnüm eglendi.
 Synlaryn öýdüp, keşbiñ 
 Agtardym ýoldan-yzdan. 
 Salamlaşsañ, sözleşseñ, 
 Gabandym özge gyzdan.
 Senem meni halaýañ, 
 Seretseñ, süññüm syzýar. 
 Ýüregim dep deý urup, 
 Ýañagym laplap gyzýar.
 Meni Zöhrä dönderdiñ, 
 Bolsana Tahyr oglan! 
 …»Duşuşyga gel agşam!» 
 Diýdiñ teýahyr oglan.
 Beýle utanjañ bolup 
 Dörediñkäñ sen nirden? 
 Söýýäniñi aýtmaga 
 Gaýratyñ çatdy zordan.
 Ynha indi ikimiz 
 Duşuşýarys gün yrman. 
 Aramyzda ýygralyk — 
 Garaçomak dur, arman!
 Ýygralygy ýeñmäge 
 Ahyr gaýrat tapdyñ sen: 
 Şu gün ýañagymdan däl, 
 Ýüregimden öpdüñ sen!
• MEN SENI SÖÝÝÄNIM ÜÇIN…
 Men seni söýýänim üçin, 
 Sen şeýle görmegeý, şeýle owadan. 
 Men seni söýýänim üçin, 
 Hiç gaýgy-gussa ýok, dünýäñ abadan.
 Men seni söýýänim üçin, 
 Şadyýan sen, degişýärsiñ-gülýärsiñ, 
 Ýöräñde aýagyñ degenok ýere, 
 Şat guş kimin, uçjak-uçjak bolýarsyñ.
 Men seni söýýänim üçin, 
 Özgeler söýüp bilenok. 
 Emma welin aramyzy bozmagy 
 Olar özlerine aýyp bilenok.
 Men seni söýýänim üçin, 
 Duýýarsyñ durmuşyñ süýji lezzetin. 
 Wah, ýöne peýläp ýör ajy aýralyk, 
 Ýeñdäki gama deý, gizläp ezýetin.
 Şonuñ üçin senden etjek haýyşym: 
 Ýalan gepe gitme, giñ tut göwrümi. 
 Göripler al gana boýadar ýogsa 
 Aýralyga 
 Söýgimiziñ böwrüni!
• ÝARYM DEGIŞME
 Müneçjimler diýýärler: «Bar ýyldyzy her kimiñ, 
 Bar eneden doglanda mañlaýna ýazlan takdyr». 
 Ateistler diýýärler: «Eýesi bol erkiñiñ, 
 Takdyra ten berýänler baryp ýatan akmakdyr!»
 Müneçjimleñ diýýäni dogry bolsa eger-de, 
 Meniñ mañlaýma seni ýazan bolmaly takdyr. 
 Şonuñ üçin ugruñda selpäp, galjak däl derde, 
 Iru-giç boljak zat üçin jan çekýänler akmakdyr!
 Ateistleñ diýýäni dogry bolaýsa birden, 
 Takdyra ten berdirip, ät goýar meni pelek. 
 Beýle ýitgiñ agramyn çekip bilmez bu gerden, 
 Şonuñ üçin ugruñda bolaýyn men ot-elek!
• GAR
 Daña deñiç ýagdy, 
 Ýagdy torgaýlap, 
 Ertir tursak, daş-töwerek galyñ gar, 
 Eger çaga bolsañ, 
 Dostlaryñ bolsa, 
 Gar oklaşyp oýnamagyñ hezli bar!
 …Öýñüziñ deñinden geçip barýarkam 
 Gören ekenjñ 
 Eliñde tokga gar, 
 Ýañaklaryñ nar, 
 Meni garawullap duran ekeniñ.
 Tawus deý pasyrdap golaý geldiñ-de, 
 Aýlap saldyñ goluñdaky garyñy. 
 Öýüñize girdiñ näzli güldüñ-de, 
 Meniñ üçin mundan uly bagt barmy?!
 Gadymy gözeller halan ýigidin 
 Gyzyl alma bilen urýar ekeni. 
 Bu gowy däp ýitip gitmänine şat 
 Meniñ bagtym açjak ak gar ekeni!
• GÖWÜNLIK
 Hany öñki şadyýan 
 Ýylgyryşyñ ýüzüñde? 
 Reññiñem solgun, uýam, 
 Gussa bar-la gözüñde?
 Gezerdiñiz bir jübüt — 
 Sen hem-de ýylma ýigit. 
 «Men bir çakylan çigit…» 
 Diýýäñ, günä özüñde!
 Tanap tutmasañ taýyñ, 
 Biwepalyk bor paýyñ. 
 Içindesiñ gam laýyñ, 
 Çykmak çetin — dyzyñdan.
 Diýýäñ: «Näme etse bor?» 
 Köşeş, özüñ tutsa bor! 
 Wagt ýaraña ussa bor, 
 Geçmiş galar yzyñda.
 Umyt et, geljek ýagty, 
 Şa tapar yşkyñ tagty. 
 Açylmazmy heý bagty 
 Uýam sen deý gyzyñ-da!
• TEKLIP
 Ikimiz şeýlebir mynasyp jübüt, 
 Toý tutaly, «Bagtly boluñ!» diýsinler. 
 «Ýigit — çynar boýly, syratly ýigit, 
 Gelin — baýdak kimin gelin!» diýsinler.
 Agzybir ýaşarys göz gider ýaly, 
 Ellerim «gyzyldyr», görersiñ häli. 
 Bilýän senem çeper, dokarsyñ haly, 
 «Tüweleme, görüñ elin!» diýsinler.
 Durmuşda kyn günem bolar elbetde, 
 Deñje çekişeris, geleris hötde. 
 Sawçy ýollamakçy geljek sähetde, 
 Yr ejeñ-kakañy, «Geliñ!» diýsinler
 «Aşy ajygana beriñ! — diýleni — 
 Gyzy aşygyna beriñ! — diýleni — 
 Biz üçin ýeterlik söýen-söýleni, 
 Toý tutuñ, derkar däl galyñ!» diýsinler.
• GÜÝZ SÖÝGÜSI
 Güýz. 
 Çigrekli howa. 
 Şäheriñ çeti. 
 Gözýetimde Gün gizlenjek-gizlenjek. 
 Sary saman örten baýryñ üstünde 
 Otyrys biz, ikimize bir penjek.
 Aýdyma hiñlenýäñ gyz göwni hakda, 
 Ýakymly sesiñ bar, men gulak asýan. 
 Sary saman örten baýryñ üstünde 
 Otyrys biz, ikimize bir asman.
 Mähribanlyk bae zat gülala-güllük, 
 Bizden daşda ýowuz aýralyk-gaýgy. 
 Sary saman örten baýryñ üstünde 
 Otyrys biz, ikimize bir söýgi.
• IKIMIZ
 Men seniñ demiñden, 
 Gyzgyn demiñden, 
 Men seniñ lebiñden 
 Gyzgyn lebiñden 
 Şeýlebir, 
 Şeýlebir heýjana geldim. 
 Gujagyña girip, 
 Gülli-çemenli 
 Erem baglygyna giren deý boldum.
 Beýle pursat müdimlik dursady, 
 Biz göýä lezzetden baglanan çemen. 
 Bu dünýäde ýeke aýal bar eken, 
 O-da sen!
Hemra ŞIROW. Goşgular
