|

Men saňa garaşýan

Men saňa garaşýan MEN SAŇA GARAŞÝAN

Saňa gudrat deýin garaşýan mydam!
Islän ýerňe gitmäge-de taýyn men.
Deň paýym alaryn şatlykdan-gamdan,
«Söýgi ýoň däl» diýselerem, kaýyl men.

Ýüregi daş ýaly gatan kişileň
Ünsem beremok men diýen-aýdanna.
Umytlary inçelendir kirişden,
Hyjuwlarnyň bolsa ýüzi gaýdandyr.

Dünýe dardyr duýgusy kör ynsana,
Kyndyr oňa durmuş çarhyn aýlamak.
Bagtyýarlyk — bir-birege günsaýyn
Artýan ynam hem-de söýgi paýlamak.

Terjime eden Orazmyrat Myradow Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle