Men saňa düşünýän
Men saňa düşünýän

Ne häzir, görýäň sen öten-geçeni,
Ne häzir, sen yssy-sowugy duýýaň.
Hyýal ganatynda göterýär seni,
Uçaýsam,
Uçaýsam,
Uçaýsam diýýäň!
Kalp içre bir gizlin şatlygy buşlap,
Öz-özüň ýylgyrýaň,
Öz-özüň gülýäň.
Elwan dodaklarňy çalaja dişläp,
Gepläýjek,
Gepläýjek,
Gepläýjek bolýaň!
Köçäniň ugrunda gabat gelenler
Syrly nazar bilen geçýär duşuňdan.
Syn edip ýigitler, gyzlar, gelinler,
Kemlik tapjak bolýar akyl-huşuňdan!
Maňa örän tanyş ahwal-bolşuň seň,
Bu meniň başymdan geçipdi ozal.
Şonuň üçin saňa galmaýaryn geň,
Men saňa düşünýän, düşünýän, gözel!
Tirkeş Sadykow. Goşgular