|

Men-menlik hekaýaty

Men-menlik hekaýaty

MEN-MENLIK HEKAÝATY

Demir men-menlige ýan berip, bir gün,
Onuň gözün ýumup öwünşin görüň!

“Men deý gaýym, men deý berk zat barmyka…”
(Näme diýjek beýle alasarmyga?!.)

Diýdi: “Hiç zat edip bilmez maňa Pos,
Bilýänsiňiz, güýçlüdirin ondan has!”

Ýadaman-ýaltanman öwündi Demir.
(Wagt duýdurman ötýär hem ötýär ömür…)

Demir köp gygyrdy: “Men bir üýtgeşik!”
Posam ony etdi deleme-deşik.

…Sadalygyň ýakymy bar, erki bar,
Men-menligiň meýneti bar, merki bar.

Azymberdi KAKAÝEW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle