|

Men kim?!

Men kim?! ILMÄT GURBANOW

▶ Men kim?!

Men-kim?!
Men-gadymy Köneürgençli,
Gaýduwsyz ruhumyň gazabyn syzýan.
Ýene-de goşgyma atanak çekip,
Setir-setir sözlem üstüni çyzýan.
Täzeden girişýän näçenji gezek,
Ahyry janlanýar hakydam, ýadym;
Sessiz sykylyklap awuly peýkam,
Ýüregim paralap, tüwdürýär badym.
Töwerege ýaýran,
Göge göterlen,
Tozan içre güýzüň güni batmyş, eý!
Kyýamat gopdymy?
Bazar meýdany,
Bugaryp al gana ýuwlup ýatmyş eý!
Ot bilen demire öwrüldi durmuş,
Gulaklara eşdilenok nalalar.
Özün zyňjak bolýar arabalardan,
Garry-gurty, gelin-gyzlar, balalar…
Ýene wagşy sesler güýçlenýär barha,
Görýän,
Ýaram maňa berse-de hupbat.
Iň buýsançly minaranyň üstünde,
Aşak hallan atýar altyndan gupba.
Kerwensaraý lowlap ýanýar aňyrda,
Içi-daşy nagyşlanan zer bile;
Binalary kitaphanaň, metjidiň,
Ýegsan bolup ýatyr gara ýer bile.
Görýän,
Köpden bäri päki degmedik,
Saçlaryn galgadyp nowjuwan nöker;
Gylyjyn bulaýlap üzeňňä galýar,
«Kim aýdypdyr, türkmen, dyzyna çöker,
diýip» bogaz ýyrtyp,
Öňe at salýar,
Undup seren läşleriniň sanyny;
Demir donun boýap gyrmyzy gana,
Gözün açyp gurban berýär janyny.
Özgelerem soramazdan şepagat,
Merdem çykyp awusyndan, derdinden;
Söweş içre yza dönmän öldüler,
Olar ölüp, mana jeza berdiler.
Söweş meýdanyny taşlan esger dek,
Ruhum yza berip, agarýar reňkim.
Olaň mertligini beýan etmegi,
Ýene-de başaryp bilmedim,
Men-kim?! Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи