Men geldim!..
Men geldim!..

Men geldim!..
Bu nedir?
Oýunmy?
Hile?
Çatrykda.
Somsaýak.
Göz bolup ile
Seni görmek ücin garaşyp durun…
A sen bu gezegem gijigip geldiñ.
Geñ…
Gijä galsañam kesewä dönen
Solgun duýgularma
Ölen ýüregme
Nem syzdyryp
Ýene hyruç berişiñ.
Heniz girmesem-de ýyly gujagña
Mylakatyñ bilen ganat gerişiñ…
Men geldim!..
Bu nedir?
Huşmy?
Hyýalmy?
Duşuşyk.
Ynamsyz ýylgyryş.
Stol…
Gara çaý.
Şokolad.
Hem birje bägül…
Çytraşsañ-da ýüzden añşyrtmazlyga.
Ruhuñ lerzan-dowul
Ýürekde tebil…
Şonda-da ret eden bolduk gomalyp
Ynamy,
yhlasy,
mähiri,
yşky.
Ýöne biz bilmedik teşne kalplaryñ
Öñden tanyş ýaly barha emenip
Bir-birine mäkäm badaşanyny.
Besdir!..
Men-ä indi ýele berjek däl,
Öñ ýele sowrulan gyzyldan gymmat
wagtymy…
Sen dözseñ, onda… biljek däl
Bu beýewan çölde azaşanymy…
Sen geldiñ!..
Sözleşdik.
Ýürek ýeñledi…
Sen gitdiñ!..
Geljegñem
Gelmejegiñem,
Bilmesem-de,
Bilmek islemesem-de
"Gel" diýip däl, saña
"Bil" diýip, läläm
Düýnki çaýlaşylan ýerimi saklap
Señ gelen ugruña gözümi dikip
Garaşýän hälem…
Surat: Salwador Dali. Goşgular