Men geçmişe alyp gitjek başymy…
Men geçmişe alyp gitjek başymy…
"Goýber geçmiş, geljegime gideýin…"
Azat Nurgeldiýew.
Goýber!
Kakyp durma, el-aýagyma,
Goýber!
Böwet bolma meniñ ýoluma.
Ümdüzine tutan umga deý mundan
Başbozar täleýiñ syýyndan tutup,
Nazaryñ kaklyşan jelegaýlary
hatybizar kylyp,
Gaçaýyn senden!
Gideýin, barybir ümürli erte,
Su:njak bolup dursa näbelli ykbal.
Kim bilip dur,
Öñümdäki öwrümde,
Ýeñinde pyçagny gizlän bir betpäl
Böwrümden sokjakmy,
Arkamdan urjak…
Ýogsa-da, eý geljek-näbelli geljek,
Erte ykbalyma,
Çagalaryma,
Munda durar ýaly näm berip biljek?
Internetmi,
Uçýan awtoulagmy?
Lazerli ýaragmy,
Robot urşumy?
Ýa-da kesek atyp del saýýaralyñ
ketegine,
Soñam ýow yglan edip
Meni ugratmakmy ultra jeñlere?
Aýtsana pyglyñy,
Jahyl hyrşyñy?!..
Ýol bentlemäñ hajaty ýok, barybir
Gitmäñ alajyny taparyn senden.
Garañky geçmişiñ çañly gatyna
Sumat bolup gidenimi gowy görýän
Señ näbelli wadalarña garaşyp
Germesatan halda şeýdip durandan…
Iýip robotlaryñ metal şarpygyn
(Beýnimizem gün geldikçe çürüşip)
Ölüm howply ýokanç dertleñ wirusyn
Içime siñdirip duraryn öýtme.
Syraryn şöhratly düýnleñ serpigin!
Soñlandyryp ençe-ençe eýýamy
Täze eýýamlaryñ gapysyn açan
Ata-babalarmyñ ýaşan döwrüne
Giderin!
Meñburnyñ, Alparslanlaryñ
Goramaga çadyrynyñ daşyny!
Goýber, geljek,
Sende hiç zat göremok.
Men geçmişe alyp gitjek başymy!
Has TÜRKMEN. Goşgular