Men Gazadaky çaga
Men Gazadaky çaga MEN GAZADAKY ÇAGA

Men ejemiñ ýanan bagry,
kakamyñ biçäreligi.
Men ýyldyzy gülle, Aýy mähnet bomba ýaly
görüp, gün dogaryna garaşýan güldüm.
Serimdäki ganyñ göwräme akyp
ganatlaryma jan bolup asmanda perişde boldum.
Men günleriñ geçişini barmagy bilen sanap,
san öwrenen, gijäniñ näçeräk
dowam edendigini, wagtyñ tapawudyny guýudaky
Ýusup kimin öwrendim.
Maña gün şöhlesi kepen, gije ajalym boldy.
Men Gazada bimahal ulalan çagadym.
Gören hüýt-gara tüssäm we ahyrynda gara ýer
Dünýäni görmezden ahyret köçelerinde men.
Saçymyñ tarynyñ ýolunmagyna dözmedik kyýamatlyk doganlarymyñ, ejelerimiñ gara bagry men.
Gazada hossarsyz galan çaga men.
Öñler kebelekleriñ yzyndan ylgan bolsam,
Indi bomba gyýçaklaryndan gaçýaryn.
Men düýşümde azat uçdum, häzir her gije para-para bolup doñup galan weýran gara ýeriñ aşagynda.
Men Gazada dünýäniñ ynsaby.
H.K Goşgular